Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:52
Şirinjemal Geldiýewa
28-nji iýunda ýazyjy Şirinjemal Geldiýewa aradan çykdy. Merhuma iman baýlygyny dileýäris.

• Ýazyjy hakynda

Şirinjemal Geldiýewa Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynyň Rawnina şäherçesinde 1936-njy ýylyň 29-njy dekabrynda eneden bolýar. Ol orta mekdebi tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde (filologiýa fakulteti) ýokary bilim alýar. Ol ilki 1960-1962-nji ýyllarda «Edebiyat we sungat» gazetinde edebi işgär bolup İşleýär. Soň aspirantura okuwa girýär we ony tamamlap, 1967-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesini alýar. Ol 1991-nji ýylda filologiýa ylymlarynyň doktory diýen alymlyk derejesine mynasyp bolýar. Ş.Geldiýewa ylmy kitaplaryň hem birnäçesiniň awtorydyr. Ş.Geldiýewa döredijilik işine hekaýa ýazmak bilen başlaýar. Ilkinji hekaýasy 1959-njy ýylda «Başagaýlyk» talyp ýyllarynda çap edildi. Soň onuň hekaýalary «Bahar buşlukçysy», «Ýodadan ýola», «Maýsa» ýaly ýaşlaryň ýygyndylarynda çap edildi. Soň ilkinji powesti 1975-nji ýylda «Leyli» ady bilen özbaşdak kitap görnüşinde neşir edilýär. Soňra onuň powestler hekaýalar ýygyndylary: «Laçyn» (1978), «Dirilik» (1981), «Ulugyz» we (1983), «Yhlas» (1987), «Bosagada» (1990), «Synag» (1995) atlary bilen yzly-yzyna neşir edilýär. Ş.Geldiýewanyň eserleri gyrgyz, özbek, täjik, hakas dillerinde çap edilýär.

Çeşmesi:http://kitapcy.ru/news/dync_alys_isi/2023-06-27-27512
Прикрепления: Картинка 1
Bölümler: Taryhy Şahslar | Görülen: 408 | Mowzugy paýlaşan: Parahat6499 | Teg: Şirinjemal Geldiýewa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Kyyas • 16:21, 30.06.2023
Iman baýlygyny berdin, yzy ýarasyn.
avatar
0
2 Medicall • 20:31, 30.06.2023
Imany hemrasy, jaýy jennet bolsun!
avatar
0
3 Мango • 03:26, 01.07.2023
hemmämiz Ondan gelip Oňa barýarys.
Allah rahmet etsin.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202