Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:56
Söz manysyn añar bolsañ..

NEÝSAN ÝAGYŞMY ÝA BALYK?!

Kimýa näme zat

Dogrudan-da, kimýa o:tmy ýa ot? Aşakdaky setirlerden çen tutsak, ol oda däl-de, ota meňzeýär.

Mar (ýylan) og­lun­dan gor­kar köl gur­ba­ga­sy,
Kim­ýa­ny ta­nar­myş çö­lüň la­ga­sy (pyşbaga),
Der­ýa­lar­da dog­lan düw­len (týulen) ça­ga­sy,
So­wuk su­wy süýt or­nu­na içer­miş...


Geliň, ilki kimýa oty hakynda gürrüň açmankak, köne ýazgylardaky: «Abu Neýsan
kimin dür bolup damsam»
diýýän setirleri yzarlalyň. Niçikmi, bahar aýlary belli-belli ýagyşlar
1. — Nowruz ýagşy
2.Neýsan ýagşy,
Keýik garamygy
asmandan seçelenýär.
Neýsan ýagşy — bahar aýy Neýsan balygynyň rysgaly üçin iri damjalaryny juda gysganyp sepeleýän ýagyş. Ýöne damjalaryny gysgansa-da, onuň düşen ýeri täsinlige öwrülýär. Arap ertekileriniň
soňunda agzynda dür saklap duran balygyň şekilini görensiňiz. Şol balyk Neýsan balygy. Ol agzyna düşen damjany ýuwudýar-da, derýanyň düýbüne çümýär. Soňam şol damjalar düre öwrülýär. Ertekilerdäki derýanyň düýbünden lagyl-göwher alynýar diýilmegem, şol Neýsan balygyň agzyndaky dürler bolmaly. Neýsan ýagşy suwa düşende düre öwrülýän bolsa, gury ýere düşende nähili täsinlikler döreýärkä?!
Neýsan ýagşy gury ýere düşende, kimýa atly ot gögerýär. Ol otam ýeke-täk tanaýan çölüň lagasy — pyşbaga. Şonuň üçinem ol
dünýäde iň uzak ýaşaýan haýwan.
Ýene bir täsinlik, eger kimýa otuny bilmezlikden taýa garaşylýan baýtal iýäýse, ol owadanlygy deňi-taýy bolmadyk taýy dünýä
berýär. Ony ene goýun iýse, ol üýtgeşik — sury baganaly guzyny yzyna tirkeýär.

Taýýarlan: © Merdan ABAÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet
institutynyň mugallymy.
Bölümler: "Jahanda näler görüner" | Görülen: 67 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Merdan Abaýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Antiwirus • 12:31, 16.03.2023
Sagbol ýetireniňe
avatar

Старая форма входа
Total users: 203