Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

06:43
Sözler
SÖZLER

Men küle gaçan çöregini myhmana hödürlemekden utanan gelni garasöýmezlikde aýyplan adamy samsyklykda ýazgarýaryn.

* * *

Süýdüň gaýmagyny dadan pişik, sygryň ot bilen oňňut edýändigine ynanmady...

* * *

Ner ýüküniň üstüne öz gaňňasynyň
atylanyny gören eşek: «Indi-hä, maýrylaýsaň gerek» diýip, hynçgyran bolupdyr.

* * *

Bilbil bilen bir bagda ýaşaýan garga özüne atylan kesegi bilbili kowmak üçin atylandyr öýtdi.

* * *

Egri ösen agajy miwesinden tanap bilýän bagbana, aperin.

* * *

Obadan oljasy oňan şagal gapanyň hininiň agzynda gurulaýmagynyň mümkindigini unutdy.

* * *

Şiriň agyr ýatanyny eşiden tilki gurduň saglygyny soramaga howlukdy..

* * *

Yzçyny aldandyryn öýden tilki, awçynyň üstünden bardy.

* * *

Biri: «Onuň gür saçy bar» diýdi, göribiň biri bolsa:
«Saçy gür däl, kellesi kiçi»
diýip güldi.

* * *

Ak kebelegiň ganatlaryndaky gara tegmili görüp, siňek: «Wah, görgüli, garaljak bolup garalybam bilmändirdä» diýip wyzzyldapdyr.

* * *

Öz artykmaçlygyňy äşgär etmek üçin köp zat geregem däldir welin, ony gizlemek üçin är gaýraty gerek.

* * *
Sygyr sygyrlygyny etmese öňüne
ot dökeni däl-de, süýdüne suw goşany süserdi.

* * *
Ol gören ýerine burnuny sokdy. Indem, gül bilen narpyzyň ysyny tapawutlandyryp bilmän ýör.

* * *

Suwuň astyna ot ýakdylar — gaýnady. Oduň astyna suw guýdular — söndi.

* * *

* * *
Jyzlanyň ömri gysga bolsa-da, ol
ýazda ýaşaýandygy üçin ömründen razy bolmaga çemeli.

* * *
Ejesi uran çaganyň: «Eje» diýip aglamasy durmuşyň iň gowy filosofiýasyny özünde jemleýär.

* *.*
Leýlisaç dik össe beýle owadan bolmasa-da bolmazdy.

Men garynjany basmaga dözemok, ýöne basan däldirin diýip arkaýyn aýdybam biljek däl.

© Çary KULYÝEW
Filalogiýa ylymlarynyñ kandidaty.
Görülen: 64 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Çary Kulyýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Pero • 09:50, 13.04.2023
Like like like = love
avatar
0
2 Aksary • 10:14, 13.04.2023
Gowy.
avatar
0
3 Mergenowna • 11:25, 13.04.2023
SUPER!!!

Sygyr sygyrlygyny etmese öňüne
ot dökeni däl-de, süýdüne suw goşany süserdi.
avatar
1
4 Мango • 11:27, 13.04.2023
gowja zatlar eken.
"Süýdüň gaýmagyny dadan pişik, sygryň ot bilen oňňut edýändigine ynanmady..."
göz öňüme geldi, pişigiň: goýsanaý, otdanam bir süýt bormy -diýip duruşy.:-)
"görmeýänime ynanamok" diýýänlerem ýatlatdy.
avatar
0
5 Pero • 14:34, 13.04.2023
Şol pişik şeý diýäýjek ýaly:
-Baý-baý-ow,sygyr jan,sen duranja hazyna ekeniñ-ä. Seniñ pespällidigiñ-aý. Eýeleriñe-hä bal ýaly tagamlyja tagamyñy gaýgyrañok. Özüñem ot tapsañ monça bolup ýörsüñ. Saña telpegim-ä ýok,murtumy goýýan
avatar

Старая форма входа
Total users: 202