Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

06:46
Suratlar seni küýsedýär


SURATLAR SENI KÜÝSEDÝÄR.

Suratlar seni küýsedýär,
Açyp geçmişiň gatlaryn.
Henizem jogapsyz ýatyr,
Saňa ýazan şol hatlarym.

Ol hatlarda jemlenipdi,
Arzuwlarym,armanlarym.
Gowuşmadyň wysalyma,
Galdyň kalpda arman bolup.

Suratlar seni ýatladýar,
Ýene-de dursyň ýylgyryp.
Duzlanan ýürek ýaramy,
Unutdurmady ýyllaram.

Ajyly,awyly sözleň,
Ömürlik çykmaýar ýatdan.
Suratlar seni küýsedýär,
Olaryň baryn bir otda,

ýaksana,ýatsana indi.
Eýýäm gijäň ýary boldy.
Ýaşlygym ýatlama indi,
Olam özgäň ýary boldy.

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 113 | Mowzugy paýlaşan: Gerceknazar96 | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Мango • 12:47, 29.02.2024
Gowuşmadyň wysalyma,
Galdyň kalpda arman bolup.

gowuşmagam, wysalam - manydaş.

gowuşmak -
1) eýesiniň eline düşmek, baryp ýetmek, gelip ýetmek.
(iberen kitaplaryň iki ekzemplýary hem maňa gowuşdy).
2) tapyşmak. (ol öz söýgülisine gowuşýar.)

wysal -
duşma, duşuşma, gowuşma.
(ajy aýralyk ýamandyr, wysaly dilär göwnüm. / «Görogly» eposy)
(wysala doýmak olmaz, hijrana dözmek olmaz. / Magtymguly)

---
...
Suratlar seni küýsedýär,
Olaryň baryn bir otda,

ýaksana,ýatsana indi.

Eýýäm gijäň ýary boldy.
...
näme üçin bir sözlem bu ýerde germe satan bolup dur, bir aýagy ýokarda, beýlekisi aşakda....???
avatar
0
2 Kyyas • 21:15, 29.02.2024
Ajyly,awyly sözleň,
Ömürlik çykmaýar ýatdan.
Suratlar seni küýsedýär,
Olaryň baryn bir otda,
ýaksana,ýatsana indi.
Eýýäm gijäň ýary boldy.
Ýaşlygym ýatlama indi,
Olam özgäň ýary boldy.

Mango daýy şeýle eden bolsa yzygiderli boljakmy? :))
avatar
0
3 Gerceknazar96 • 18:57, 02.03.2024
Peýdaly bellikleriň üçin sag bol mango
avatar
0
4 Belki • 20:12, 02.03.2024
Öñkä garañda ep-eslije kämilleşme barlygyny görýärin. Dowam!
avatar
0
5 Garlawac • 02:07, 05.03.2024
Arada şahyr agalaryň biri şeýle jümle paýlaşypdy bir ýerde:

Egerde ,,goşgy" diýlen söz at söz toparyna däl-de, sypatlara degişli bolan bolsady, onda köp goşgyny ,,goşgumtyk, goşgumtyl,goşgurak" diýip ulansa bolardy...

Şo ýadyma düşüp gitdi.
avatar
0
6 sussupessimist • 05:55, 05.03.2024
Sapa Hommadow diýen bolmaly
avatar

Старая форма входа
Total users: 203