Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:53
Syrdaşym-gündeligim.
SYRDAŞYM GÜNDELIGIM

"Durmuş manyly bolýar undyp kine gahary,
Duýgymyzy paýlaşmana adamyň bar mahaly."

Sabyr,sabyr,sabyr ýene-de bir gezek sabyr.Bu depderçäme men "Gündeligim" dälde "Syrdaşym" diýip atlandyrasym gelýär.Sebäbi men onuň bilen ähli syrlarymy paýlaşyp ýüregime agram salyp , içime sygmadyk duýgylarymy ,şatlygymy-gaýgylarymy,ýylgyryşdyr göz ýaşlarymy syrdaşym-gündeligim bilen paýlaşasym gelýär.

Salam

Salam syrdaşym! Gowymy ýagdaýlaryň ? Syrdaşymyň häzirlikçe gepläp bilmeýänem bir gowy zat. Sebäbi häzir men hiç gepletmän öz içimi nämede bolsa bir zada dökesim gelýär. Inhäde saňa syrdaş ýakyn dost. Içiňi dökde otyr.

Öwrenişmek

Bä syrdaşyma ilki nämeler gürrüň berip başlasamkam? Bilýän bir başlasam urugyp bildigim yzynyň joş alyp gitjegini , ýöne urugmak kyn.Bolýar başdan başlaýyn,ýagny çagalyk ýyllarymdan.

Ah çagalyk ýyllarym.

Çagalyk ýyllarymdan başlamakçydym. Aslynda çagalyk ýyllaryma gaýtadan dolanyp barmagy halamok. Ýöne Hudaýa şükür ol ýyllarymdan närza ýerimem ýok. Alla gowsuny bilýändir. Okyjylarymyň gyzyklanary ýaly durmuşymda ilki bilen çagalyk ýyllarymda bolup geçen täsin wakalary ýatlap geçeýin. Asla hakydamdan çykmajak hakyky öz durmuşymda bolup geçen wakalar diýseň köp.Olaryň ilkinjisi şu , ýagny gurçyk ýaly jandarlar.

Gurçyk ýaly jandarlar.

(1998 ýyl)

Çagalykda örän erbet gorkunç bir zatlary görüpdim. Ýagny men ýaňy aýak üstüne galyp ýöräp başlan wagtlarymda (takmynan 5-6 ýaşymda) elime ary balyndan boşan kiçijik bedre şekilli gapjagazy elime alyp öýümden uzaklaşyp gidipdirin. Hawa men ol gapjagazy hiç ýanymdan aýrasym gelmezdi.Nirä gitsem gideýin mydama ýanymda göterer ýörerdim.Şol öýümden uzaklaşyp gidişime düýşümmi ýa-da huşum anyk bilemok emma meni palçykly turbalaryň üstünde arkanlygyna gidip barýardym. Özüm ýörämok meni näbelli bir güýç arkanlygyna göterip alyp barýardy, ýöne men ony görmeýärdim. Şol palçykly çukurlaryň içinde adam boýuna barabar uzyn gurçuk şekilli jandarlar ellerini ýokaryk uzadyşyp meni özlerine çekip aljak bolýardylar. Olaryň elleri arkama degäýjek-degäýjek bolup geçýärdi. Olar şeýle bir köplikdi özlerem turba şekilli çukurlaryň içinde . Ol çukurlaryň içi ýanyp duran gyzgyn palçykdan dolup durdy. Men şeýle bir gorkýardym we sesimiň ýetdiginden möňňürip aglaýardym. Ejemiň gürrüň bermegine görä şol wagt men obanyň ilersindäki Isberden öwlüýäniň içinde ekenim. Öwlüýäniň içinden bolsa meni goňşy obadan ýagny Ajykärizden bir aýal tapyp , ondan-mundan ,sorap-idäp ahyry meni öýüme getirip gidipdir. Alla ondan razy bolsun. Elbetde ol aýal bu wagt biziň aramyzda ýok. Ýatan ýeri ýagty,jaýy jennet bolsun.

dowamy bar

© Gerçeknazar AMANNAZAROW
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 46 | Mowzugy paýlaşan: Gerceknazar2941 | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202