02:08 Taňryýalkasynyň "gaby” | |
TAŇRYÝALKASYNYŇ “GABY” Giçden soň toý gidip duran restorandan çykyp, öýüne barýan Döwletiň keýpi kökdi. Ol özündenem beter lümgammar bolup, rul tutmaga ýaramaýan dosty Şatlygyň maşynyny sürüp barýardy. Çyranyň ýagtysyna öňräkde aksakgal ýaşulynyň elini galdyryp duranyny gören Döwlet tizligini haýallatdy. Şatlyk: −Näme, tanşyňmy? –diýip, sorady. −Ýok-laý, ýaşuly adam eken. Ugurdaş bolsa alaýaýyn diýdim. Şatlyk bazzyk-buzzuk etdi: −Puluny almagyn. Bizem sogap gazanyp göreli. Maşyna münen ýaşuly bular bilen ugurdaş bolup, esli ýol ýöredi. Ol düşjek ýerine gelende, jübüsinden çykaran täze onlugy goýjak bolanda, Döwlet yzyna gaňryldy-da: −Ýaşuly, taňryýalkasyn berseň bolar, al puluňy – diýdi. Ýüzi nurana ýaşuly onuň ýüzüne köpmanyly seretdi: −Gabyň barmy? −Nämäň gaby? − Taňryýalkasyn salmaga gabyň barmy? Döwlet agzyny açyp, Şatlyga seretdi. Olam ýöne egnini gysaýdy. Iki bolup, bu geň ýaşulynyň ýüzüne seretdiler: −Aý, ýaşuly! Türküläýmeseň biz-ä düşünmedik. −Namaz okaýaňmy? −Ýok. −Oraza tutýaňmy? −Ýok. −Namaz okamaýan bolsaň, oraza tutmaýan bolsaň, müň gezek taňryýalkasyn alsaňam, bary ýeliň ugruna gider oglum. Beýdip, iki dünýäňdenem boş galyp ýörme-de, bu dünýäňe peýda berjek zadyňy bir alaweri – diýip, elindäki saklap duran puluny yzky oturgyjyň üstünde goýdy-da, gapyny ýapdy. Alasarmyk duýgularyň içinde galan oglanlar, garaňka siňip barýan ýaşylynyň yzyndan seredip galdylar. Bir hepde geçenden soň, şäheriň uly mesjitleriniň birine juma namazyna üýşen jemagatyň yzky hatarlarynyň bir çetinde, kelleleri tahýaly iki sany ýaş ýigit ýan-ýana otyrdylar. © Mustapa BEGMUHAMMET Çeşme: https://kyssahan.blog/2020/01/07/tanryyalkasynyn-gaby/ | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |