Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:52
Tanymal suratkeşiň maşgala sergisi açylar
TANYMAL SURATKEŞIŇ MAŞGALA SERGISI AÇYLAR

9-njy fewralda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde ýurdumyzyň tanymal suratkeşi Rahman Umarowyň doglan gününiň 55 ýyllygy mynasybetli ýubileý sergisi açylar.
«Sazlaşyk» ady bilen geçiriljek bu maşgala sergisinde suratkeşiň dürli žanrlarda döreden eserleri hem-de onuň ýanýoldaşy, keramikaçy Dilber Umarowanyň işleri görkeziler.
Rahman Umarowyň köpugurly döredijiliginiň esasy bölegini realizme degişli portretdir peýzažlar, durmuşy wakalary şekillendirýän beýleki surat eserleri tutýar.
Suratkeşiň çuň manyly ähli işleri durmuş pelsepelerini, ynsanyň içki dünýäsini hem-de sungatyň inçe syrlaryny açyp görkezýär.
100-e golaý eser görkeziljek ýubileý sergisi sagat 16:00-da açylar. Giriş tölegsiz.

Çeşmesi: https://salamnews.tm/section/jemgyyet/medeniyet/suratkes-rahman-omarowyn-yubiley-sergisi-acylar-9bdbe9. 01.02.2023ý.
Bölümler: Şekillendiriş we heýkeltaraşlyk | Görülen: 57 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203