Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:49
Tanyş boluň: 2023-nji ýylyň "Älem gözeli"!
TANYŞ BOLUŇ: 2023-NJI ÝYLYŇ «ÄLEM GÖZELI»!

Amerika wagty bilen şu gün agşam Täze Orleanda ýer ýüzündäki iň owadan gyzy saýladylar.
Gözellik bäsleşiginiň jemleýji üçlügine Dominikan Respublikasyndan, ABŞ-dan we Wenesueladan gelen gözeller girmegi başardylar. Netijede, 2023-nji ýylyň «Älem gözeli» adyna Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan R'Bonni Gabrielle mynasyp diýlip yglan edildi.
Gözellik bäsleşiginiň milli eşikleri görkezmek tapgyrynda egnine bodi, aýagyna botfort geýen R'Bonni Gabrielle, arkasyna Aý we ýyldyzlardan ýasalan bezegi dakynyp çykdy. Gözel gyz bu tapgyrdaky çykyşynda: «Men NASA kosmos merkeziniň ýerleşýän şäheri Hýustonda doglan gyz hökmünde, ilkinji bolup, Aýa zenan maşgalany ibermegi maksat edinýän şäherde ýaşaýandygyma buýsanýaryn» diýip, öz buýsanjyny we lybasynyň manysyny beýan etdi.
2023-nji ýylyň «Älem gözeli» bolmak üçin 86 ýurtdan gelen gözeller bäsleşdiler.

Çeşmesi: https://salamnews.tm/section/jemgyyet/model-we-stil/tanys-bolun:-2023-nji-yylyn-alem-gozeli!-onun-yensine-adaty-bolmadyk-tasin-lybasy-sebap-boldy-47ba65. 16.01.2023ý.
Bölümler: "Jahanda näler görüner" | Görülen: 52 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
3
1 Bagabat • 08:54, 16.01.2023
Meşhur satirik Nuryşkaň (Nurmuhammet Nazarow) degişmelerinden:

Biri geçip barýarmyş. Ýüzi 25 ýyllap krytyda (türmede) oturyp geleniň ýüzi ýalymyş. Iki sany pinekläp oturanlaň birem oňa sorag berýärmiş:
-A gyz adyň näme?
-Öwödön.
-Sendenemmir owadan bolarm-aý!-diýip oturanlaň ikinjisi gülýärmiş welin, ýanyndaky diýýärmiş:
-Gülmesen-aý dos, çöwren bolaýsalar nätjek...
avatar
2
2 Мango • 14:10, 16.01.2023
"älem gözeli" diýeniňem şeýdip germe-satan bolup dursa.... bolaýjak-da. älemiňem işi gaýdypdyr.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202