10:35 Tapmadym | |
Tyrk-tyrk, eziz Allam men geldim ýene, Bu kötel ýollarda ýykyldym ýere, Sabyrym surnukdy, ýüregim ýara, Sygynara özge hossar tapmadym! Agyr günde galsaň, daşlaşýar hemme, Adamyň, gadryny ölçeýär teňňe, Ýürekler bolupdyr, bir gury töňňe, Derdim paýlaşara dostýar tapmadym! Zandy ýaman özi tapar ýagsyny, Kadyr Allam, özüň bilýäň gowsuny, Her ynsanyň, ýeňip gara nebsini, Ýagşy işler üçin, gyssan tapmadym! Öz gapyňdan, boş gaýtarma ellerim, Açylmanka soldurma sen güllerim, Adyň sena edip saýrar dillerim, Huzuryň-deý, bagy bossan tapmadym! © Süleýman TEKÄÝEW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |