10:01 Täze ýyl gijesi | |
Arzuw eýläp ýetiler, Täze ýylyň gijesi. Toý baýramlar tutular, Täze ýylyň gijesi. Küýsäp gyzgyn gujagy, Giňden açdyk saçagy, Baýramlaryň ajaby, Täze ýylyň gijesi. Gaýgy-gussa ýat bolar, Göwün galkyp şatlanar, Ýagşy günler ýatlanar, Täze ýylyň gijesi. Söýgä dolar dideler, Tagam duzy dadylar, Göterler al badalar, Täze ýylyň gijesi. Aýazbaba aýlanýar, Sowgat, serpaý paýlanýar, Bizde, şeýle toýlanýar Täze ýylyň gijesi. Süleýman TEKÄÝEW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |