01:58 "Soňky duşuşyga gelen durna deý" | |
"SOŇKY DUŞUŞYGA GELEN DURNA DEÝ" Gara bulut ezse ýagyşy bilen, Tebigat aglanda sanagly minut. Ýaňakdan syrygan her damja bilen, Aýlanyp çar ýana, ýaýyp ellerin, Syrdaşyny tapman bir mert dilberiň, Däliräp gülüşin, aglaýşyn unut! Eger pasyllaryň soltany bahar, Gülälegi bilen tapmasa göwnüň. Umydy söndürmez saryja dalda, Durmuş ýaşalýarka, gutarmaz öwrüm. Galan bolsa maňa talyk bir umyt, Ony geljegiňe baglaýşym unut! Başyny boganda bar pikirleriň – Orak keşpli, eginjigi gysyk Aý. Gussaly pikirler serkerdebaşy – Bolanyn – ýüregi ikä bölen ýaý. Gözleriňi ýumup sanagly minut, Peýkamy neneňsi çeneýşiň unut! Dabanym ogşasa otlar bäsleşip, Öllenen saçlarym tenime duşman. Pyşyrdasa ýürek: “Sanagly minut!” Guçup öz-özüňi, hiç etmän puşman. Soňky duşuşyga gelen durna deý – Ýene hakydaňda döreýşim unut! Huşuňda, salgym deý alysdan görnen, Düýşiňde, melek deý behişdi gören, Unut, siňişimi uly dünýäňe – Kalbymda çitilen nagyşy – dilen! Ýatlamaga näme hakyň barmyşyn?! Ol mawy ezende ýagyşy bilen © Ogulşirin GURBANOWA | |
|
Ähli teswirler: 0 | |