12:40 Töhmet / hekaýa | |
TÖHMET Hekaýa Dürs ýazuw dersiniň mugallymy Sergeý Kapitonyç Ahineýew gyzy Natalýany taryh we geografiýa mugallymy Iwan Petrowiç Loşadinyha durmuşa çykarýar. Toý örän şowhunly geçip dur. Myhman otagyndaky märeke aýdym aýdyp, tans edip, dürli oýunlary oýnaýar. Hakyna tutulan gara frakly hyzmatkärler galstuklaryny hapalap, edil ot alan ýaly otaglaryň içinde ikibaka gatnaýardylar. Öýüň içi goh bilen gürrüň. Matematika mugallymy Tarantulow, fransuz Padekua we gözegçilik edarasynyň kiçi derňewçisi Ýegor Wenediktyç Mzda diwanda oturyp, myhmanlara diriligine jaýlananlar hakyndaky wakalary, şeýle-de spiritizme bolan garaýyşlaryny biri-biriniň sözüni bölüp gürrüň berýärdiler. Olaryň üçüsem spiritizme ynanmasalar-da, bu dünýäde adamyň akylyna sygmajak zatlaryň köpdügini inkär edenokdylar. Başga bir otagda dil we edebiýat mugallymy Dodonskiý myhmanlara haýsy ýagdaýlarda sakçynyň ötegçi adamlary atmaga hukugynyň bardygyny gürrüň berýär. Edilýän gürrüňler elhenjem bolsa, olar adamlaryň göwnüne ỳarady. Howluda duran märeke öýüň içine äpişgeden seredýärdi, çünki jemgyýetdäki tutýan orunlaryna laỳyklykda olaryň içerik girmäge hukugy ýokdy. Ýarygije öý eýesi Ahineýew naharlaryň näderejede taýýardygyny görmek üçin aşhana girdi. Gazlaryň, ördekleriň we başga-da köpsanly nygmatlaryň lezzetli ysy aşhananyň içini tutupdy. Iki sany uly stoluň üstünde naharlar we içgiler başly-barat goýlupdyr. Stollaryň ỳanynda bili guşalan, başagaỳlykdan ỳaňa gyzaryp giden aşhanaçy Marfa hysyrdap ỳördi. — Hany, mama jan, maňa bekre balygy görkez! — diýip, Ahineýew ellerini owkalap, dodagyny ýalady. — Wah, bu ysy diýsene! Tutuş aşhanany birbada iýäýesim gelýär. Hany bakaly, bekräni bir görkezsene! Marfa oturgyçlaryň birine baryp, seresaplylyk bilen ýagjaran gazet kagyzyny sähelçe galdyrdy. Kagyzyň aşagyndaky äpet mejimede göýüller, zeýtunlar hem käşirler bilen gurşalan ullakan bekräniň ýahna çorbasy ýerleşdirilipdir. Ahineýew bekräni görüp, «wah» diýip galdy. Onuň gözleri açylyp, ýüzi ýagtyldy. Ol biraz egildi-de, dodaklary bilen ýaglanmadyk tekeriňki ýaly ses çykardy. Soňra az salym durup, lezzetden ýaňa barmaklaryny şykgyldatdy-da, ýene-de bir gezek dodaklaryny şapbyldadyp goýberdi. — Bä! Gyzgyn posanyň sesi… Sen bu ýerde kim bilen ogşaşýaň, Marfuşa? — diýip, goňşy otagdan ses geldi. Gapydan synp ýolbaşçylarynyň kömekçisi Wankiniň saçy syrylan kellesi göründi. — Sen bärde kim bilen? Hä-ä… örän gowy! Sergeý Kapitonyç bilen! Ýaşuly-ha ýeser eken, sözüm ýok. Zenan polonezi bilen ýüzbe-ýüz! — Men asla ogşaşamok — diýip, Ahineýew aljyrady. — Sen samsyga muny kim aýtdy? Men neme… dodagymy şapbyldatdym… lezzet barada gürrüň edemde… Balygy görüp… — Aý, goýsana! Wankiniň ýylçyr kellesi gapynyň aňyrsynda gaýyp boldy. Ahineýew gyzaryp gitdi. Ol: «Haý, jyn urmuş! Indi, deýýus, gidip, gybatymy eder. Bütin şähere masgara eder, haýwan diýsäni…» diýip içini gepletdi. Ahineýew çekinjeňlik bilen myhmanlar otagyna girip, gapdallaryna garanjaklady: Wankin niredekä? Wankin bolsa, fortepianonyň ýanyndady. Ol eglip, gözegçiniň aỳalynyň uỳasynyň gulagyna bir zatlary pyşyrdap, ony güldürýärdi. «Men hakdadyr-ow! — diýip, Ahineýew pikir etdi. — Meniň gürrüňimi edýär, ylahym, ýarylyp ölsün! Olam ynanyp otyr… ynanýar! Gülýärem! Eý, Hudaý! Ýok, muny beýle goýup bolmaz… ýok. Oňa ynanmazlar ýaly bir zad-a etmeli… Hemme kişi bilen özüm gürleşip çykaýyn, şonda ol samsyk gybatkeş ýaly bolup galar». Ahineýew gaşandy-da, aljyraňňy ýagdaýda Padekuanyň ýanyna bardy. — Ýaňyja aşhanada agşamlyk naharyna degişli görkezme berip ýördüm — diýip, ol fransuza gürrüň berip başlady. — Meniň bilşime görä, siz balygy gowy görýäňiz, meniň bekräm bolsa, ine, şular ýaly! — diýip, Ahineýew balygyň ululygyny görkezjek bolup, elleriniň arasyny açdy. — Uzynlygy iki arşyn! He-he-he… Hawa, ýeri gelende aýtsam… tas ýadymdan çykarypdym… Ýaňy bu bekre zerarly bir gülkünç waka boldy. Men aşhana girip, taýýarlanan nygmatlary gözden geçirdim… Bekräni görüp, lezzetden ýaňa dodagymy şapbyldadyp goýberdim. Edil şol wagtam ýaňky samsyk Wankin girip, ha-ha-haýlap: «Hä-ä… siz bu ýerde öpüşýäňizmi?» diýýär. Heý, men aşpez Marfa bilen öpüşerinmi? Bu akmagyň toslap ýören zatlaryn-aý! Aýalda ne ýüz bar, ne-de sypat, ähli mahluklara meňzäp dur, ol bolsa… öpüşmegiň gürrüňini edýär. Akmak! — Kim akmak? — diýip, olaryň ỳanyna ýakynlaşan Tarantulow sorag berdi. — Han-ha, şol Wankin hakda aýdýan. Men aşhana girýän welin… Ahineỳew ýene-de Wankin barada gürrüň berdi. — Haý, akmak güldürd-ow! Meniň pikirimçe, Marfa bilen ogşaşanyňdan, köpek bilen ogşaşanyňam gowumyka diýýän — diýip, Ahineýew gürrüňini soňlady-da, yzyna gaňrylyp Mzdany gördi. — Wankiniň gürrüňini edýäs — diýip, Ahineýew oňa-da ýüzlendi. — Akmak diýsäni! Aşhana girip, meni Marfanyň ýanynda gördi-de, bolgusyz zatlary toslap başlady. «Siz näme öpüşýäňizmi?» diýýär. Serhoşlygyndan gözüne görnen bolaýmasa. Men bolsa, Marfa bilen öpüşenimden hindi towugy bilen ogşaşanym gowudyr diýýän. Onsoňam oňa meniň aýalym bar, alasamsyk diýip aýtdym. Güldürip içimiz-ä gyrd-ow! — Sizi kim güldürdi? — diýip, ýanlaryna baran dini kanunlary okadýan mugallym sorag berdi. — Wankin. Men aşhanada bekrä seredip durun welin… Yzam şular ýaly. Eýýäm ýarym sagat geçip-geçmänkä, ähli myhmanlar bekre bilen Wankin hakyndaky waka belet boldular. «Goý, indi olara ähli zady gürrüň beribersin! — diýip, Ahineýew öz ýanyndan pikirlendi. — Ol ýaňy bir gürrüňe başlar welin, oňa: «Goýsan-aý, samsyk, bolgusyz zat gürlemesene! Bize ähli zat mälim» diýerler». Ahineýew şeýlebir rahatlandy welin, hatda begenjinden ýaňa artykmaç dört bulgur şerap içipdi. Agşamlyk naharyndan soň, ol ýaşlary ýatyş otagyna ugradyp, öz bolýan otagyna bardy-da, ýaňy dogan çaga ýaly, çuň uka batdy. Ertesi gün bekre bilen baglanyşykly waka onuň ýadyna-da düşmedi. Emma bu gürrüň munuň bilen gutarmady. Ynsan hernäçe çak etse-de, ähli zat Hudaýyň ygtyýarynda. Dil diýilýän bela öz işini ýerine ýetirdi, Ahineýewiň mekir meýli hem başa barmady. Laýyk bir hepdeden, has dogrusy, çarşenbe güni üçünji okuw sagadyndan soň, okuwçy Wysekiniň bozuk gylyklary barada mugallymlar otagynda gürrüň berip duran Ahineýewiň ýanyna mekdep müdiri bardy-da, ony bir ýana sowdy. Soňra ol: — Sergeý Kapitonyç, siz meni bagyşlaň… Bu meniň işimem däl, ýöne men muny size aýtmaly… Bu meň borjum… Bilýäňizmi näme, siziň aşpez bilen ýaşaşýandygyňyz barada myş-myş bar… Meniň işimem däldir welin… Ýaşaşyberiň, öpüşiň… isläniňizi ediň, ýöne, haýyş edýän, beýdip köpçülige peçan bolup ýörmäň! Men sizden haýyş edýän. Siz mugallymdygyňyzy unutmaň! Ahineýew aňalyp doňup galdy. Ony birbada ýüzlerçe ary çakyp, depesine gaýnag suw guýlan ýaly boldy-da, saňsyraklap öýüne gaýtdy. Öýüne ýöräp barşyna, göwnüne, garaýaga bulanan adama seredilişi ýaly, tutuş şäher oňa seredip duran ýalydy… Öýünde bolsa onuň başyna ýene-de bir bela indi… — Sen näme üçin hiç zat iýeňok? — diýip, günortanlyk naharynyň başynda aýaly igenip başlady. — Näme oýa batyp otyrsyň? Amurlar hakynda pikirlenýäň gerek? Ýa Marfuşaňy küýseýäňmi? Maňa ählisi mälim! Henizem ýagşy adamlar gözümi açdylar. Haý, ýerçeken! — diýip, aýaly Ahineýewiň ýaňagyna bir şarpyk çaldy. Ahineýew stoluň başyndan turdy. Aýaklarynyň aşagyndan ýer süýşen ýaly boldy. Ol telpegi bilen paltosynam geýmän, Wankiniň ýanyna ugrady hem-de öýündekä onuň üstünden bardy. — Haramzada adam ekeniň! — diýip, Ahineýew Wankine ýüzlendi. — Sen näme üçin meni uly iliň öňünde ýüzügara etdiň? Maňa beýle töhmet atar ýaly, men saňa näme ýamanlyk etdim? — O nämäň töhmeti? Siziň toslap ýören zadyňyz näme?! — Hä, onda Marfa bilen öpüşdim diýip kim gybat ýaýratdy? Inkär etjek bolýaňmy? Sen dälmi, haram deýýus? Wankin özüniň gartaşan ýüzündäki gözlerini gyrp-gyrp edip, başyny galdyrdy-da: — Siz hakda ýekeje söz aýdan bolsam, Hudaý kessin! Görenim görgi bolsun. Goý, maňa gyrgyn degsin… Wankiniň ýalan sözlemeýänligine hiç hili şübhe ýokdy. Onuň gybat etmedigi mese-mälim. «Wah, onda kimkä? Kim?» diýip, Ahineýew ähli tanyşlaryny kellesinde aýlap döşüne kakýardy. «Kimkä ol?» Hakykatdanam, «Kimkä ol?» diýip, bizem okyjylardan soraýarys. © Anton ÇEHOW Terjime eden © Kerim Kulyýew | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |