Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:54
Toý sowgady / hekaýa
TOÝ SOWGADY

Meniň atamam ekinçi bolupdyr, meniň kakamam ekinçi bolupdyr we şolaryň içinden diňe men ilkinji bolup maşgala däbimizi bozupdyryn. Munuň günäkäri bolsa Rim – ol gözümiziň alnynda ulalýar-da, her ýyl özüniň täze jaýlary we giň köçeleri üçin töweregini gurşap oturan obalaryň bir bölegini ýuwudýar. Mundan otuz-kyrk ýyl ozal biziň ekin meýdanymyz Tibr derýasynyň kenaryndaky jeňňellikleriň arasynda ýerleşýän ekeni. Soň Rimiň ýene-de öňe uzandygy sebäpli, ekin meýdanymyzyň alnynda täze jaýlar ösüp ýetişdiler; çep tarapymyzda derýa bakyp duran “Gämide” atly baglykly naharhana ornaşdy, naharhananyň eýesiniň ady De Santisdi, sag tarapymyzda bolsa goňşymyzyň ýangyç guýulýan sütüni we ýalpyldap duran neonly ölçeg enjamy peýda boldy. Meniň örküni ýere baglan kakam her gün irden ekin meýdanymyza welosipedli gatnap, şol ýerde işlemegini dowam etdirdi, men bolsa birnäçe wagtdan soň Ostienze köçesinde maşyn sürüjilere gerek bolan ähli zatlary satýan kiçijek dükanjyk açdym. Basym kakam aradan çykandan soň, men ekin meýdanymyzy kärendä bermäge synanyşdym, ýöne oňa höwesekler tapylmansoň, kärendä bermek baradaky pikirimem ýatdan çykardym, meniň kelle kelem bilen latuka işdäçarsyzam aladam ýetikdi. Şeýdip ekin meýdanymyz taşlanansoň, ony haşal otlar basdy, ýaşaýan bölegimiziň ähli ýerinden diýen ýaly getirilýän hapalar sebäpli, zyňyndy atylýan meýdan bolup hyzmat etmäge başlady. Ekin meýdanymyz tutuşlygyna ýabany ýandak basan we hapa-hupadan doly boşluga öwrüldi.
Garažyň eýesi Plaçido bilen biz diňe bir dost bolman, eýsem, dogandyk diýseňem bolýar. Ýigrimi ýaşymyzda biri-birimize örän meňzeýärdik: ikimizem hor, birahat, galjaň, ýanyp duran gözli, reňklenen alyn saçly, içmäge höwesli, ölemen sportsmenlerdik. Wagtyň geçmegi bilen men şo durşuma galdym diýseňem boljak, ýöne Plaçido welin üýtgedi, ýyl geçdigiçe ol göreldeli we abraýly adam bolmaga başlansoň, ony soňundan tanar ýaly hem bolmady. Ol, hakykatdanam, tüýs adyna mynasyp adama öwrüläýdi. Ony garažyndan we awtomobil dellalçylygyndan gazanýan pullary üýtgetdi. Häsiýetem üýtgedi, ýöne men ilkibada muny duýmadym, sebäbi adamyň daşky görnüşine seredeniňden onuň daşky sypatyndaky üýtgeşmeleri görüp bolýar, emma welin adamyň içki dünýäsiniň nähili derejede üýtgändigini diňe edýän hereketlerinden bilmek mümkin. Men ony iň gowy dostum hasaplamagymy dowam etdim, bu, hakykatdanam, şeýledi, sebäbi maňa ondan dostlukdan başga hiç zat gerek däldi, a dostluk üçin bolsa ol pul tölemeli bolanokdy. Men tiz wagtdan ony diňe pula durýan zatlaryň gyzyklandyrýandygyna we onuň diňe gazanç edip bolýan zatlary aýaýandygyna göz ýetirmeli boldum.
Boşap galan meýdançam Plaçidony rahat uklamaga goýanokdy, günleriň birinde ol aşakdakylary teklip etdi: men oňa meýdançamy berýärin, ol bolsa ussa hakyny we gurluşyk serişdeleriniň puluny töleýär, onsoň biz birlikde Plaçidonyňky ýaly uly, ikinji garažy gurup, bilelikde-de şony işletmelidik. Şeýlelik bilen biz şärikdeşler bolmalydyk, birden işimiziň oňuna bolmadyk ýagdaýynda Plaçido meýdançamyň puluny töläp, maňa düşýän paýy hem özüne almalydy. Meniň bolsa şo wagtlar ýagdaýym kyndy, sebäbem söwdamyň şowly bolmaýandygy üçin däl-de, öýlenmek pikirimiň bardygy sebäpli, maňa giňräk jaý edinmek gerekdi. Meniň öz töweregimden “Gämide” atly naharhananyň eýesi de Santisiň gyzy Kansalina öýlenmek islegim bardy, onuň bilen men we Plaçido – üçümiz bilelikde önüp-ösüpdik, üçümizem birwagtlar Tibr derýasynyň kenaryndaky jeňňellikleriň içinde gizlenpeçek oýnapdyk. Kansalina tüýs diýilýän gyzlardandy, boýunyň biraz kelteräk bolmagy mümkin, ýöne göwresi berdaşly, özem etli-ganlydy, onuň tegelekden kiçijek ýüzjagazy, dik arkasy we kellesiniň daşyna örülip aýlanan gara saçlary bardy. Ýadyma düşýär, bir gezek tomusda dostlarym bilen hemişeki ýaly gülleri çyrmaşyp, bassyrma çenli çykan naharhana baglygynyň aşagyndaky stoljyklarda otyrkak, men oňa aşyk bolupdym. Oturgyjymda arkan gaýyşýardym, şeýden wagtym maňa aşhana plitasynyň öňünde giň öňlügi topugyna düşüp duran Kansalinany görmek mümkindi. Ýalaňaç goly bilen ol bir-de gazyň (ojagyň, maňňalyň) üstündäki naharly tabagy kynçylyksyz tutup dursa, birde-de çişe düzülen towugy pyrlaýardy. Elbetde, Kansalinanyňam assyrynlyk bilen synlaýanymy aňyp, özüme-de aşaklyk bilen seretmäge başlandygyny aýtmak gerek. Netijede, naharam, towugam eslije ýandy, kakasy bolsa Kansalina gygyrmaga başlady, bulut ýaly goýy tüsse olaryň ikisinem gaplap aldy. Gysgaça aýdanyňda biz nikalaşdyk, ýöne Kansalinanyň kakasy durmuş gurmagymyza gyşyk seredýärdi, sebäbi Kansalina onuň üçin hazynady-başga şeýle aşpezi tapmagyň kyn boljakdygyny ol gowy bilýärdi, üstesine-de Kansalina onuň ýekeje gyzy bolany sebäpli, örki şoňa baglydy.
Umuman, gürrüň şeýle. Birinji gün men “ Hiç haçan hiç bir zady öňünden bilip bolanok, biz seniň bilen dostlar, ýöne şeýle bolsa-da, şertnama baglaşyp goýsak gowy bolardy ” diýip nygtan şo köpbilmiş Plaçidonyň düzen şertnamasyna gol çekdim diýeli, - üçünji gün bolsa, Kansalinanyň kakasy öňde duran toýumyz baradaky maslahatdan soň, öz gezeginde şeýleräk teklip etdi: men öz meýdançamy onuň ygtyýaryna berýärin, ol bolsa öz hasabyna şo ýerden Kansalina bilen maňa bolar ýaly öý gurup berýär, üstesine-de, naharhanasynyň baglyk meýdanyny giňeldýär. Kansalina öňküsi ýaly naharhanada aşpez bolmagyny dowam etdirýär, iň soňunda – kakasy egbarlan wagty, men Kansalinanyň kakasynyň deregine geçýärin, şeýlelikde, ähli zatlar maňa we meniň çagalaryma miras galýar.
Bu teklip maňa ýarady – ýönekeý, bähbitli, ak ýürekden edilen, ýöne men edil şo wagt öz razylygymy berip biljek däldim, şo sebäplem bir kynçylygyň – Plaçido bilen baglaşan şertnamamyň bardygy barada aýtdym. Kansalinanyň kakasy biziň eýýäm gurluşyga başlap- başlamandygymyzy sorady we entek hiç zadyň edilmändigi baradaky jogaby alansoň: “ Beýle bolsa, bar git-de, Plaçidodan şertnamany ýatyrmagy haýyş et. Içigaragalmyş, onsoňam siz dostlar ahyry, galyberse-de, ol hiç zady ýitirenok!” diýip gygyrdy. Menem şeýle pikir edýärdim, garşy çykan bolmagymyň sebäbi bolsa ýönekeý sypaýylykdy; Plaçido, çak edişime görä, raýymy ýykyp bilmez öýdýärdim. Garaz, men Plaçidolara tarap ýola düşdüm. Baran wagtymda ol gök ýeňsizlije maşyn ýuwup durdy. Meni görüp, salamçyl ýylgyrdy-da:
-Ýeri nähili, Serafino? Basym toý süýjülerini iýerismi? - diýip gygyrdy.
Men:
- Basym, ýöne hemmesi saňa bagly- diýip jogap berdim.
Plaçido maňa haýran galyjylyk bilen seretdi:
- Maňa bagly? O näme üçin?
Men bize gürleşmegiň gerekdigini aýtdym, şonda ol şlangany (suw turbany) bir gapdala goýdy-da, aýna germewiň aňyrsyndaky iki sany oturgyç bilen ýazuw stoly duran kiçijek otagjyga dostlarça alyp bardy. Biz ornaşanymyzdan soň, ol:
- Ýeri, seniň üçin näme edip bilerin? –diýip sorady. Men oňa hemme zady bolşy-bolşy ýaly düşündirdim we soňundan:
- Meni sözünde durmaýan adam ýaly göz öňüne getirmegiň mümkin, men muňa örän gynanýan, ýöne senem maňa keseki däl-de, dost ahyry, şo sebäpli meniň şeýle haýyş bilen ýüz tutmagymyň sebäbine düşünersiň. Gürrüň, görşüň ýaly, haýsydyr bir şertleşik hakda däl-de, meniň bagtym hakda gidýär.
Gürledigimsaýy onuň ýüzi üýtgeýärdi, häzir men bu ýüzde dostlarça gatnaşygy däl-de, dartgynly garaýşy görýärdim, şol bir wagtda-da onuň nazary, hamana men gitdigiçe kiçelip, beýlesine öwrülen dürbi bilen seredeniňdäki ýaly halys ujypsyzja bolýançam, barha we barha daşlaşýan ýat garaýşa öwrüldi. Ol elinde galam oýnap otyrdy, gürrüňimi tamamlanymdan soň:
- Gysgaça aýdylanda, öňňin gol çeken şertnamaňy ýatyrmagymy isleýärsiň-dä?- diýip seslendi.
- Hawa-la.
- Aý näme, muny etmek mümkin – diýip, ol öz-özi bilen gepleşýän ýaly dişinden syzdyryp aýtdy, - muny etmek mümkin, maňa pikirlenere azajyk wagt ber, hany.
Ol derrew galam bilen kagyzyň ýüzüne birnäçe sany çyzyşdyrdy-da, yza süýşdi, onsoň gözüni süzüp, hamana surat synlaýan terzde ýazan sanlaryna seretdi, soňundanam:
- Bolýar. Muny etmek mümkin. Men saňa resminamalary gaýdyp bererin, sen bolsa maňa elli müň lira berersiň – diýdi.
Men agzymy açdym:
- Elli müň lira? Näme üçin? Sen ýekeje köpügem çykarmadyň ahyry, diňe gol çekdiň...
Ol bolsa:
- Edil özi, biz seniň bilen garaž gurmak üçin şertnama baglaşdyk, sen öz ýeriňi meniň ygtyýaryma berdiň, men bolsa gurluşygyň çykdajysyny öz üstüme aldym. Indi garažam gurulmaz, zadam, men bolsa bil baglan girdejimden dynýan. Elli müň lira – meniň şol gazanmadyk girdejimiň öwezini dolmak üçin tölenmeli hak.
- Gazanylmadyk...näme?
- Gazanylmadyk girdeji. Eger-de men şertnama laýyklykda hereket etsem, onda tölenmeli hakyň jemi, elbetde, häzirkiden köp bolardy. Ýöne dost bolanymyz üçin men dostlarça arkalaşyk edýän.
- Gazanylmadyk girdeji? Ol şeýle atlandyrylýarmy? – diýip, men gaýtaladym.
- Hawa, şeýle.
Men saklanybilmän gygyrdym:
- Dostlugyň şundan ybaratmy, Plaçido? Gazanylmadyk girdeji üçin hak almakdanmy?
Ýöne ol ynamly sözümi böldi:
- Iki sany dürli-dürli zatlary garyşdyrmaly; iş- bir başga, duýgy-bir başga. Hiç kim biziň dostlugymyzy inkär edenok, ýöne ylalaşyk ylalaşyk bolýar.
Men henizem düşünmelisi ýaly düşünip bilemokdym:
- Girdeji? Asla şu söz nämäni aňladýar?
- Waý, sen şonam bileňokmy? Ol gazanjy aňladýar.
Näme üçindigini-hä bilemok welin, ýöne öň eşidip görmedik “girdeji” atly sözüm maňa örän ýaramady. Ol şo her dürli kezzaplaryň özlerini asylzada görkezmek üçin ulanýan çeper sözlerinden bolmaly, söz-perde diýseňem bolýar.
- O nähili gazanç bolýarmyşyn? Gowusy ony süýthorçulyk diýip atlandyraly- diýdim.
- Ýok, beýle däl, gazanylmadyk girdeji üçin hak almak bir başga, süýthorçulyk- bir başga. Eger-de men senden şol elli müň lirany beren karz pullarymyň üsti hökmünde alan bolsam, onda bu süýthorçulyk bolýar. Men bolsa bil baglan girdejimden boýun gaçyrýandygym üçin şo pullary soraýaryn, bu bolsa gazanylmadyk girdeji üçin tölemeli hakyň bolýar. Ah, Serafino, Serafino, her bir sözüň öz manysy bar ahyry, bir sözi beýleki bir söze derek ulanmak bolmaz-a.
Hemmesiniň üstesine ol maňa söz manylary barada sapak okaýar-a!
Men mundan artyk bu ýerde edere işimiň ýokdugyna göz ýetirip, aşakdaky sözleri aýtmak bilen ýerimden galdym:
- Berekella, Plaçido, sen şertnama baglaşan wagtymyz gaty uzakdan gören bolmaly. Ýeri bolýar-da, men saňa şol elli müň lirany tölärin, onsoň senem maňa kagyzlary berersiň. Şeýle dälmi?
- Hut şeýle.
Geň galaýmaly, kapasasyndan çykarymyza mähetdel, ol ýene-de mähribanlaşyp, dostlarça sorady:
- Haçan indi toý? Ähli zatlar ýerbe-ýer. Hiç hili kynçylygam ýok.
Aňk bolup durşuma özüm bilmezden jogap berdim:
- Toý indiki aýda, on bäşine.
Ol meniň egnime kakdy-da:
- Gutlaýan, Serafino, gutlaýan! – diýdi.
Ondan soň men geljekki gaýyn atamyň ýanyna bardym-da, gazanylmadyk girdeji üçin tölemeli hakym barada gürrüň berdim. Ol ähli peýdakeşlere mahsus bolşy ýaly, men tarapdan arz edere hiç hili esas görmedi, onuňam üstesine Plaçidonyň hereketini tasdan oňlapdy: elbetde, Plaçido meniň dostum, o şeýle, ýöne gürrüň iş barada gidýärkä, dostlugy ara goşmaly däl. Kansalina barada aýdylanda bolsa, onda kakasynyň tersine, Plaçida bolan şeýle bir uly ýigrenjiň bardygyny bildim welin, men, hatda, beýle ýigrenç barada gümanam etmändirin: pursatdan peýdalanyp, ol Plaçido we umuman, dostlar hakynda näme pikir edýän bolsa çekinmezden aýtdy. Ähli aýallar ärlerini dostlaryndan gabanýar, durmuşa çykybam ilkinji nobatda äriniň daşynda gum-gukluk döredesi gelýär. Men ony kellämi aşak egip diňledim, haçan-da Kansalina delilleriniň gutarandygy üçin däl-de, demini almak üçin dyman wagty esasy meselä dolanyp gelmäge çalyşdym: men oňa gazanylmadyk girdeji üçin hak tölemäge borçlumy? Geljekki gaýyn atam goşulman otyrdy – onuň üçin elli müň lira elli müň lirady. Ýöne Kansalina girre ýerinden böküp turdy-da, öz otagyna tarap ylgady, sandykdan ätiýaçlyk kitapçajygyny çykaryp, ýüzüme zyňyp goýberdi: “ Ine, size, pahyr husytlar, elli müň lira. Men ony ertirki gün üçin goýan pullarymdan töleýärin. Siziň hemmäňiz biri-biriňize mynasyp!” Bu gezek geljekki gaýyn atam söýgüli gyzynyň dym-gyzyl bolan ýaňaklaryny we gaharly ýüzüni görenden soň, bozuldy-da, gazanylmadyk girdeji üçin tölenmeli haky özüniň berjekdigini, meniň bolsa haçan ýagdaýym bolanda, yzyna gaýtarmalydygymy aýtdy. Şeýlelikde, men ýene-de Plaçidonyň ýanyna bardym. Ol meni öňküsindenem beter mähirli garşylady-da, oturmagymy sorady, soňundan şertnamamyzy gözläp, galyň jildi dörüşdirdi. Men oturmakdan boýun towladym-da, elli müň lirany göni ýüzüne zyňar ýaly dik durup garaşdym. Ýöne şeýtmegiň pursaty gelende, onuň tertipli hereketleri meni köşeşdirdi: Plaçido kagyzy beýle ýüzüne agdaryp, okap berdi, yzyndan gaýdyp oňa bergimiň ýokdugyna, gazanylmadyk girdeji üçin tölenmeli haky töländigime güwä geçýän delil hatyny ýazdy-da, gol çekip, menem gol çeker ýaly, galamy uzatdy. Men golumy goýdum-da, ýüzüne seretmän, bäş müňlüklerden ybarat elli müň lirany islegsiz uzatdym. Ol öňküsi ýaly, pullary ünsli sanady-da, şatlykly ýüzüni galdyryp durşuna “ Laýyk elli, dos-dogruja” diýdi, - soňundanam şertnamany dört bölege bölüp, maňa uzatdy. Biz bilelikde otagdan çykdyk, geçen gezekdäki ýaly, ol egnimden gadyrly gujaklap, toý gününiň haçandygy barada sorady. Men onuň elini aýyrmak üçin egnimi ýeňiljek gysyp goýberdim, ýöne, ol muny, hatda, duýmadam. Onsoň ol hiç zat bolmadyk ýaly, maňa bagt arzuw etdi, şeýdibem aýrylyşdyk. Umuman, biz Kansalina bilen toý tutduk, özem De Santisleriň asyl mekany bolan Narni şäherjiginde nikalaşdyk, şo sebäpli Plaçidony toýumyza çagyrmasagam bolýardy. Gep meniňem Kansalina ýaly Plaçido gahar edýändigim barada däl, meňki ondan has beteridi, hamana içimde bir zat üzülen ýalydy – men ony görüp bilemokdym, oňa bolan hakyky ýürekdeş gatnaşygym arassa ýitip gitdi. Bardy – geldi göräýsemem, maşynyň gapysyny açmak isläp, tutawaja eliňi degren wagtyň tutawajyň ýaýjygy sypandygy üçin gapynyň açylmaýan pursaty nähili duýgulary başdan geçirýän bolsam, ana, şonda-da şeýleräk duýgulary başdan geçirýärdim, artyk oňa ýüregim edenokdy, hatda, onuň bilen gürleşibem bilemokdym. Öňünde bir sözem aýdybilmän durýardym, gözümi nirä gönükdirjegimi bilemokdym, hamana, onuň ýüzünde ullakan bir düwürtik peýda bolup, menem ony görüp, görendigimem özüne bildirmejek bolýan ýalydym. Ol bolsa hiç zada düşünenokdy. Toýdan soň Rime dolanyp gelen dessimize, ol hiç zat bolmadyk ýaly biziň naharhanamyza gelmäge başlady. Tomus aýlarydy, şo sebäplem ýarsyna ýetip duran çakyrly çüýşeleriň goýlan stolunda hökman kimdir biri kart oýnardy. Plaçido bilen kart oýnamajak bolup, alada baryny ederdim – bu duýgy erkimdenem güýçlüdi, men onuň ýüzüne-de seredip bilemokdym, hamana, gazanylmdayk girdeji üçin tölenen hak baradaky oýny ol däl-de, men oýnan ýalydym. Soňabaka kart oýnamagymy bes edip, oturgyçlaryň arasynda aýlanyp ýörşüme, ha onuň, ha munuň kart oýnaýşyna göz gezdiren bolmaklyga çenli baryp ýetdim. Ahyrsoňunda ol bu bolşuma üns berdi. Bir gezek agşam oturgyçda ýeke özi otyrka, men bolsa gapdalyndan geçip barýardym, ol meni saklady-da, çyn ýürekden dostlukly äheňde:
- Sen, Serafino, soňky döwürler gaty üýtgäpsiň. Göwnüme bolmasa, sen menden öýkeli ýaly, men, hatda, näme üçindiginem bilýän – diýdi.
Men gowşanam bolsam, biraz gaharly äheňde jogap berdim:
- Bilýän bolsaň, bize-de aýt onda. Dogrumy dogry däldigini göreli.
Ol şonda:
- Saňa toý sowgadyny etmedigim üçin. Ýöne siz toýuňyzy assyrynja belläpsiňiz-dä, hatda, menem çagyrmadyňyz. Boýnuňa alaý, şonuň üçin torsaryp ýörmüň?- diýdi.
Şo pursat mundan artyk saklanybilmän:
- Nämäniň gürrüňini edýärsiň? Sen maňa sowgat etdiň ahyryn. Ýadyňa düşenokmy? – diýip jogap berdim.
- Men saňa sowgat etdimmi?
- Hawa, hä ýadyňdan çykaraýdyňmy? Gazanylmadyk girdeji üçin tölenen hak näme?!

© Alberto MORAWIÝA

Rus dilinden terjime: © Bägül ATAÝEWA
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 115 | Mowzugy paýlaşan: atayeva | Teg: Alberto Morawiýa | Рейтинг: 3.8/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 26
avatar
0
1 Мango • 16:48, 18.05.2023
ilki bilen Bägül hanyma berekella, zähmeti üçin.
soňam... bellikler:

...а справа появился гараж соседа с заправочной колонкой и светящейся неоновой вывеской.

...sag tarapymyzda bolsa goňşymyzyň ýangyç guýulýan sütüni we ýalpyldap duran neonly ölçeg enjamy peýda boldy.

garaž agzalmandyr.
заправочная колонка - "ýangyç guýulýän sütün" däl-de ýangyç guýulýan kolonka (sözlükde:
заправочный
ýangyç alynýan; ýangyç guýulýan; ýangyçdan doldurylýan
• заправочная станция - ýangyç alynýan stansiýa
заправочная колонка - ýangyç guýulýan kolonka).

неоновый вывеска - "neonly ölçeg enjamy" däl - neon atýazgy.
sözlükdäki ikinji warianty alyp ýalňyşypsyňyz:
вывеска
I.
wyweska; atýazgy
II.
çekip görme; ölçäp görme; çekip barlama
avatar
0
2 Мango • 16:53, 18.05.2023
Meniň örküni ýere baglan kakam her gün irden ekin meýdanymyza welosipedli gatnap, şol ýerde işlemegini dowam etdirdi...

"dowam edýärdi" diýseňiz has dogry.
sebäbi kakasy hakykatdanam işlemegini, daýhançylygyny dowam edýärdi :-), "etdirdi" diýseň edip boldy manyny hem berýär.
avatar
0
3 Мango • 16:59, 18.05.2023
...я же через некоторое время открыл на проспекте Остиензе маленький магазинчик, где торговал всем, что может понадобиться автомобилистам.

...men bolsa birnäçe wagtdan soň Ostienze köçesinde maşyn sürüjilere gerek bolan ähli zatlary satýan kiçijek dükanjyk açdym.

ýokarky sözlemi men şeýle diýerdim:
...men bolsa birnäçe wagtdan soň Ostienze köçesinde şaýolunda maşyn sürüjilere gerek bolan ähli bolaýjak zatlary satýan kiçijek dükanjyk açdym.
(...men bolsa birnäçe wagtdan soň Ostienze köçesinde sürüjilere gerek bolaýjak zatlary satýan kiçijek dükanjyk açdym).

"что может понадобиться" diýende "gerek bolan ähli zatlary" däl-de "gerek bolaýjak zatlary" bolýan ýaly... "ähli zat" satmagy mümkün däl.
dogrusy, awtor "торговал всем" diýýärem welin...
avatar
0
4 Мango • 17:01, 18.05.2023
.
avatar
0
5 Мango • 17:07, 18.05.2023
Вскоре отец умер, я попытался было сдать огород в аренду...
Basym kakam aradan çykandan soň, men ekin meýdanymyzy kärendä bermäge synanyşdym...

"basym kakama aradan çykdy" - men-ä halamadym. belki:
Kän wagt geçmedi, kakam aradan çykdy, men bolsa ekin meýdanymyzy kärendä bermäge synanyşdym...
avatar
0
6 Мango • 17:13, 18.05.2023
Ekin meýdanymyz tutuşlygyna ýabany ýandak basan we hapa-hupadan doly boşluga öwrüldi.
"дикий кустарник "...
"ýabany ýandak" hem gelişmändir. ýandagyň ýabanysy, medenisi barmy diýen ýaly.
avatar
0
7 Мango • 17:34, 18.05.2023
...но Плачидо переменился; с каждым годом он становился все положительнее и солиднее, и в конце концов его стало совсем не узнать. Он и впрямь превратился в тихоню, что вполне соответствовало его имени *.
* Плачидо - тихий, спокойный (итал.).

...ýöne Plaçido welin üýtgedi, ýyl geçdigiçe ol göreldeli we abraýly adam bolmaga başlansoň, ony soňundan tanar ýaly hem bolmady. Ol, hakykatdanam, tüýs adyna mynasyp adama öwrüläýdi.

"положительный и солидный" - "göreldeli we abraýlymy?"
belki:
...ýöne Plaçido welin üýtgedi, ýyl geçdigiçe ol gowulaşmaga, hasam sypaýylaşmaga başlansoň, ony soňundan tanar ýaly hem bolmady. Ol tüýs adyna mynasyp ýuwaşja birine öwrüläýdi.
* Plaçido - ýuwaş, parahat (italýança).
avatar
0
8 Мango • 17:44, 18.05.2023
Boşap galan meýdançam Plaçidony rahat uklamaga goýanokdy, günleriň birinde ol aşakdakylary teklip etdi: men oňa meýdançamy berýärin...

belki "meýdança" däl-de "mellek ýerimiz" diýersiň.
hekaýaň başynda "ekin meýdanymyz" diýipsiň, häzir welin "meýdança" -ça hasam kiçeldýär... (kakasynyň ekin eken ekýän (eken) ýeri - mellegi).
avatar
0
9 Мango • 17:49, 18.05.2023
...öýlenmek pikirimiň niýetimiň bardygy sebäpli, maňa giňräk jaý edinmek gerekdi.
("намеревался жениться". намереваться -hyýallanmak; niýetlenmek; ýüregiňe düwmek).
avatar
0
10 Мango • 17:57, 18.05.2023
"...dik arkasy we kellesiniň daşyna örülip aýlanan gara saçlary bardy" -diýen sözlemden soňky gelýän sözlemi terjime edilmän galypdyr - "Работала Консолина у отца за повара - у нее были, что называется, золотые руки".
avatar
1
11 Мango • 18:13, 18.05.2023
...Короче говоря, мы обручились, но отец Консолины смотрел на нашу женитьбу довольно косо...

..Gysgaça aýdanyňda biz nikalaşdyk, ýöne Kansalinanyň kakasy durmuş gurmagymyza gyşyk seredýärdi...

ýokarda "обручились" diýýäni nika däl-de adaglanmakmyka diýýän.... belki-de ýalňyşýan?
sözlük:
обручение
1.(обряд) nikalama
2.(помолвка) adaglama; adagly etme

***

"...durmuş gurmagymyza gyşyk seredýärdi..." - "СМОТРЕТЬ КОСО" aýtgysyny sözme-söz terjime etmän manysyny bermeli eken, ýogsam gelişmändir.
Что такое СМОТРЕТЬ КОСО? на кого. Разг. Относиться к кому-либо с недоверием, насторожённо.
avatar
0
12 Мango • 18:24, 18.05.2023
...ol gök ýeňsizlije maşyn ýuwup durdy...
...он, облаченный в синий комбинезон, мыл машину...
kombinezon - kombinezonlygyna galaýmaly eken. sebäbi ýeňsiz bilen kombinezonyň tapawudy bar.

...Meni görüp, salamçyl ýylgyrdy-da:...
"salamçyl" -?
belki: "güler ýüz bilen ýylgyrdy-da:..."
avatar
0
13 Мango • 18:52, 18.05.2023
- Girdeji? Asla şu söz nämäni aňladýar?
- Waý, sen şonam bileňokmy? Ol gazanjy aňladýar.

"waý"- biraz aýalçyl gep.
belki: "–Bäh, sen şonam bileňokmy?..." bolmalydyr.
avatar
0
14 Мango • 18:55, 18.05.2023
Gowusy ony süýthorçulyk diýip atlandyraly- diýdim.
- Ýok, beýle däl, gazanylmadyk girdeji üçin hak almak bir başga, süýthorçulyk- bir başga.

"çy" artyk, "süýthorlyk" diýmeli.
avatar
0
15 Мango • 19:02, 18.05.2023
...Men mundan artyk bu ýerde edere işimiň ýokdugyna göz ýetirip, aşakdaky sözleri aýtmak bilen ýerimden galdym:
- Berekella, Plaçido...

"aşakdaky sözleri" diýmän başgaça diýilmeli....
belki: "...edere işimiň ýokdugyna göz ýetirip, ýerimden galdym we şeýle diýdim:"

(Я понял, что делать мне здесь больше нечего, и поднялся, говоря:
- Молодец, Плачидо... )
avatar
0
16 Мango • 19:06, 18.05.2023
- Когда же свадьба? Теперь ведь все в порядке, и нет никаких препятствий.
- Haçan indi toý? Ähli zatlar ýerbe-ýer. Hiç hili kynçylygam ýok.
belki:
- Toý haçan? Indi ähli zat ýerbe-ýer ahyry, hiç hili kynçylygam ýok.
avatar
0
17 Мango • 19:11, 18.05.2023
Все женщины ревнуют своих мужей к их приятелям и, выйдя замуж, первым делом стараются создать вокруг мужа пустыню.

Ähli aýallar ärlerini dostlaryndan gabanýar, durmuşa çykybam ilkinji nobatda äriniň daşynda gum-gukluk döredesi gelýär.

BEREKELLA!
türkmençesi gaty ýerine düşüpdir. "gum-gukluk!"
avatar
0
18 Мango • 19:15, 18.05.2023
...ätiýaçlyk kitapçajygyny kitapçasyny çykaryp...
avatar
1
19 Мango • 19:42, 18.05.2023
"...Плачидо развернул бумагу, перечел ее и сделал приписку...
"...Plaçido kagyzy beýle ýüzüne agdaryp, okap berdi..."

kagyzy öwürmän açýan ýalyla, eplenen kagyzy açýan ýaly...

***

Он все так же тщательно пересчитал деньги и поднял улыбающееся лицо, говоря: "Ровно пятьдесят, все правильно", - а затем сложил договор вчетверо и подал мне.

Ol öňküsi ýaly, pullary ünsli sanady-da, şatlykly ýüzüni galdyryp durşuna “ Laýyk elli, dos-dogruja” diýdi, - soňundanam şertnamany dört bölege bölüp, maňa uzatdy.

"şatlykly ýüzüniň" ýerine "ýüzüni ýyljyrakladyp" diýseň näderdi?
"şertnamanam dört bölege bölenok. dörde epleýär.
avatar
0
20 Мango • 19:47, 18.05.2023
...сердечное отношение к нему начисто исчезло...
...oňa bolan hakyky ýürekdeş gatnaşygym arassa ýitip gitdi...
"arassany" "düýbünden" diýeňde näderdi? "...ýürekdeş gatnaşygym düýbünden ýitip gitdi..."
avatar
0
21 Мango • 19:59, 18.05.2023
Время было летнее, и в саду, за столиками, уставленными полулитровыми графинами с вином, кто-нибудь всегда играл в карты.

Tomus aýlarydy, şo sebäplem ýarsyna ýetip duran çakyrly çüýşeleriň goýlan stolunda hökman kimdir biri kart oýnardy.

belki:
Tomus aýlarydy, bakjadaky üsti ýarym litrlik grafinlerde çakyr guýlup goýlan stollarda hökman kimdir biri kart oýnardy.
avatar
0
22 Мango • 20:08, 18.05.2023
Plaçido bilen kart oýnamajak bolup, alada baryny ederdim
belki:
Plaçido bilen bilelikde kart oýnamajak bolup, elimde baryny edýärdim
***
Ýöne siz toýuňyzy assyrynja belläpsiňiz-dä...
belki: Ýöne siz toýuňyzy assyrynja bellediňiz-dä...

umuman, gowy terjime.
Bägül hanymyň zähmetine berekella.
ýyzzyl basýan.
avatar
0
23 Мango • 20:15, 18.05.2023
her ne bolsun, bähbit bolsun!
(muny italýança alberto morawia daýa nädip terjime edip bolarka?)
garaz, kontraktyny 50.000-e yzyna almadyk bolsa, umuman kontrakty bozjak däl diýip dursa, onda has kyn bolardy.
oňa geljekki gaýyn atasam gyzyny bermezdi.... :-)
50 müň gitdi, ýöne öýlendi we iru-giç gaýynatasynyň baýlygyna gowuşjak. hemem dostuny tanady...
bolýa-da... bu zatlar üçin 50 müň gymmat däl.
---
gowy hekaýa.
Bägül hanyma-da sag bolsun, okatdy. hem orsysyny hem türkmenisini...
avatar
0
24 Мango • 20:17, 18.05.2023
daýyma terjime etdirdim:
tm: her ne bolsun, bähbit bolsun!
it: qualunque cosa sia, buona fortuna!
avatar
0
25 Kyyas • 07:33, 20.05.2023
Mango daýy! Berekella size! Ýaltanman terjime edip teswir galdyrypsyñ.
avatar
0
26 Мango • 07:42, 20.05.2023
Kyýas ýegen. men terjime edemoga.
men "monjuk gözledim" :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202