Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:42
Böwenjik - (çagalar edebiýatyndan)
BÖWENJIK

(Türkmen halk ertekisi)

Bir bar eken, bir ýok eken. Bir Böwenjik, bir Dalajyk, bir Böwrejik bar eken. Bularyň üçüsi dost bolup bir ýana gezmäge gidipdirler. Barýarkalar öňlerinden bir suwly ýap çykypdyr. Bular bu ýapdan bökmeşek oýnapdyrlar we bökmekde yzda galany iýmeşek edipdirler. Ilki Böwenjik bökýär, "pök" edip honda düşýär. Yzyndan Dalajyk bökýär, onuň aýagy suwa degýär. Böwrejik bolsa, bökýär weli, "jülp" edip, suwuň içine düşýär. Böwenjik bularyň ikisini hem lak-luk atyp gidiberýär.
Gidip barýarka, Böwenjigiň öňünden bir garga çykýar. Böwenjik oňa:
- Gargajyk, gargajyk, men seni iýäýeýinmi? diýýär.
Garga:
- Eger sen meni iýjek bolsaň, çüňküm bilen garnyňy ýaraýaryn! - diýýär.
Onda Böwenjik:
- "Tak tak" etdim,
Dalak iýdim.
"Pök pök" etdim,
Böwrek iýdim.
Seni iýmän nämejik?!
- diýip, ony lak-luk atyp gidiberipdir.
Gidip barýarka, onuň öňünden eşeklije garry baba çykypdyr.
Böwenjik oňa hem:
- Eşeklije baba, seni iýäýeýinmi? - diýýär.
Babajyk:
- Iýjek bolsaň, eşek taýagym bilen urar-da garnyňy ýaraýaryn - diýýär.
Onda Böwenjik:
- Tak tak" etdim,
Dalak iýdim.
"Pök pök" etdim,
Böwrek iýdim.
Gagyllap oturan,
Gargany iýdim.
Seni iýmän nämejik?!
- diýýär-de, ony hem lak-luk atyp gidiberýär.
Ýene gidip barýarka, öňünden torumly bir maýa çykýar. Oňa hem Böwenjik:
- Torumlyja maýajyk, seni iýäýeýinmi? - diýýär.
Maýa oňa:
- Eger meni iýjek bolsaň, aýagym bilen kakar-da garnyňy ýaraýaryn! - diýýär.
Onda Böwenjik:
- Tak tak" etdim,
Dalak iýdim.
"Pök pök" etdim,
Böwrek iýdim.
Gagyllap oturan,
Gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim.
Seni iýmän nämejik?!
- diýýär-de, ony hem lak-luk atyp gidiberýär.
Ýene gidip barýarka, öňünden aşyk oýanap ýören oglanlar çykýar.
Böwenjik olara:
- Oglanjykar, oglanjyklar, sizi iýäýeýinmi? - diýýär.
Oglanlar bolsa:
- Eger sen bizi iýjek bolsaň, kenegimiz bilen urar-da garnyňy ýaraýarys! - diýýärler.
Böwenjik olara hem:
- Tak tak" etdim,
Dalak iýdim.
"Pök pök" etdim,
Böwrek iýdim.
Gagyllap oturan,
Gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim.
Torumlyja maýany iýdim.
Sizi iýmän nämejik?!
- diýip, olary hem lak-luk atyp gidiberýär.
Ýene gidip barýarka, öňünden suwa barýan bir topar gyz duş gelýär. Böwenjik olara:
- Gyzlar, gyzlar, sizi iýäýeýinmi? - diýýär.
Onda olar:
- Eger sen bizi iýjek bolsaň, küýzämiz bilen urup, garnyňy ýaraýarys! - diýýärler.
- Tak tak" etdim,
Dalak iýdim.
"Pök pök" etdim,
Böwrek iýdim.
Gagyllap oturan,
Gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim.
Torumlyja maýany iýdim.
On oglany orup iýdim.
Sizi iýmän nämejik?!
- diýip, Böwenjik bulary hem lak-luk atyp gidiberýär.
Ýene gidip barýarka, öňünden bir kerwen çykýar. Böwenjik olara hem
- Sizi iýäýeýinmi? - diýýär.
Olar:
- Eger sen bizi iýjek bolsaň, urup öldüräýeris! - diýýärler.
Böwenjik olara hem:
- Tak tak" etdim,
Dalak iýdim.
"Pök pök" etdim,
Böwrek iýdim.
Gagyllap oturan,
Gargany iýdim.
Eşeklije babany iýdim.
Torumlyja maýany iýdim.
On oglany orup iýdim.
Kyrk gyzy gyryp iýdim.
Sizi iýmän nämejik?!
- diýip, olary hem lak-luk atyp gidiberýär.
Ol gidip barýarka, bir garryja mamanyň çatmasynyň üstünden barýar-da, oňa hem:
- Eý, garryja mama, men-ä seni iýäýjek - diýipdir welin, garryja mama oňa:
- Wah, wah eý, oglum, iýäýseňem bordy welin, sen gaýsar bolupsyň, birsalym ýatyp dynjyňy al, men saňa ýaglyja kömeç bişirip bereýin. - diýipdir.
Böwenjik muňa ynanyp ýatyp, uka gidipdir. Garryja mama bolsa kesewisini otda gyzdyryp, ýagşy gyzarandan soň, böwenjigiň garnyndan basypdyr. Böwenjik "tark" edip ýarylypdyr welin, hälki iýenleriniň hemmesi: "Sag bol garry ene-de, sag bol garry ene" diýşip, çykyp gidipdirler.
Bölümler: Halk döredijiligi, rowaýatlar | Görülen: 28 | Mowzugy paýlaşan: Zenan1 | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203