Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

08:37
"Türkmenfilm" birleşiginiň täze kinolarynyň görkezilişi bolar
«TÜRKMENFILM» BIRLEŞIGINIŇ TÄZE KINOLARYNYŇ ILKINJI GÖRKEZILIŞI BOLAR

7-8-9-njy dekabr günlerinde «Aşgabat» kinoteatrynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň täze kinolarynyň üçüsiniň ilkinji görkezilişi bolar.

7-nji dekabrda Wepa Işangulyýewiň režissýorlygyndaky «Uly baýragyň gymmaty» filmi görkeziler. Awtor Hydyr Ylýas Amangeldiýewleriň galamyna degişli bu filmde türkmen bedewiniň gylyk-häsiýeti çeper beýan edilýär.

8-nji dekabrda režissýor Zülfiýa Kadyrowanyň «Ynsan syrdaşy» atly filmi tomaşaçylar köpçüligine ýetiriler. Onuň edebi esasy Atamyrat Şagulyýewe hem-de Öwezmyrat Berdimyradowa degişli. Filmde türkmen alabaýynyň mertligi, gaýduwsyzlygy çeper beýan edilýär. Şol bir wagtyň özünde ýaş juwanlaryň pynhan söýgi temasy hem eriş-argaç bolup geçýär.

9-njy dekabrda Isgendermuhammet Annamuhammedowyň režissýorlygynda surata düşürilen «Bakyş» çeper filmi ýaýlyma berler. Onuň edebi esasyny ýazanlar G.Nurekowa we Isgendermuhammet Annamuhammedowdyr. Söýgi baradaky bu filmde bir bakyşda aşyk bolan ýaşlaryň yşky dünýäsi beýan edilýär. Filmde söýgi üçburçlugy barada gürrüň berilýär. Has takygy, Selim bilen Selbi bir-birine aşyk bolýar. Ýigidiň dosty Kerim hem bu gyzy halaýar. Filmiň soňunda söýgi üçburçlugynyň nähili çözgüt tapýandygyny görüp bilersiňiz.

Filmleriň görkezilişi sagat 13:00-da başlanar.

Goşmaça maglumat almak üçin telefon belgileri:

93-44-80;

93-44-83;

93-44-90.

Çeşmesi: https://salamnews.tm/section/jemgyyet/medeniyet/gosa-bayramda-3-film-175111. 06.12.2022ý.
Bölümler: Teatr we kino sungaty | Görülen: 79 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 15
avatar
1
1 Hydyr • 21:10, 02.01.2023
given-gören bolmadymyka? Nähili gördülerkä kinolary? Ýa görmesegem gören ýaly diýäýdilermikä?
avatar
1
2 Mekan • 21:26, 02.01.2023
Kinony tv-de görmäge-de ýaltanyp, kompýuterde görýän. Halamasam saradyp-saradyp görýän. Hemme kişem şeýlemikä diýýän.

Bu döwürde teatra gidýän bamy, kino gitsinler, giñ ýeriñ gürrüñini edýäñiz, Hydyr aga.
avatar
2
3 Мango • 21:27, 02.01.2023
Hydyr aga. ýörite gidib-ä görmedik.
tw-dede gabatlaşmadym, görkezenem bolsalar.
osoňam, ol-a kino almak eken. kino ses bermegem oňaramyzog-a. dialoglar şeýle bir ýasama hemem "öli" welin....
kostýumlaram şeýle, hemme kişiň eşigi täzeje, hemme kişi ideal kosmetikaly we ş.m.
---
ýöne ýaňja "mirasdan" täze ýyl kinojygyny görkezdiler.
şondaky baş roldaky oglana gowy oýnady. režisýoram gowy alypdyr. mimika, emosiýa ýakyn plandan... hemem artisçyçnyý oýnady. begendim. bizem çynymyzy etsek bir zatlar başarjak ekenik diýen ýaly... umyt güýçlendi.
avatar
1
4 Мango • 21:30, 02.01.2023
ýöne sponsorlyk pul üçin edilýändird-a "gül ýüpek", "täze aý" .... ýaly belli markalary arasynda bildirmän reklama edýäler...
avatar
1
5 Hydyr • 21:35, 02.01.2023
Ýalňyşýanam bolsam bilmedim, ýöne halkyň ösüşine, hasam kino, has güýçli täsir edýär. Milletimizi hasam ösdüresimiz gelýän bolsa (milletimiz has össe, bizem has öseris) kino ünsi güýçlendirmelimikä diýýän. Rejissýorlar bilen, artistler bilen ssenaristler bilen söhbetdeşlikler etmelimikä diýýän. Bolmanda kinolarymyzyň ýagdaýy hakynda ýazmalymyka diýýän. Özbek, gazak, gyrgyz, eýran kinolary hakda-da pikir alyşmalymyka diýýän. Öýde görmegem bolýar, saradyp görseňem bolýar, oňa-da garşylygym ýok.
avatar
0
6 Mekan • 21:55, 02.01.2023
Hollywooddaky studyalar, Netflix... ýaly bütjeti gurply kinoçylaryñ çykaran käbir kinolaryny göremizsoñ,indi, daşary ýurt kinolarynam saýlap görýänçi bolupdyrys. Türkçe aýtsañ "beklentini yükselttiler" Men umumy hal hakynda aydyan. Özümä, iñ az, günde bir kino-ha görýändirin. Gowy-erbet diýmän, saradybragam bolsa.
avatar
1
7 Hydyr • 22:03, 02.01.2023
Hawa, menem görýän, köp kişi görýändir. Şonda bizde-de şular ýalyrak kinolar bolaýmal-a diýýän. Býujet, pul diýilýän-ä boş bahana. "Şükür bagşy" gysga metr kinoň puluna alynan uly göwrümli film. Bizde kino almak gaty arzan, artistler mugutam düş diýseň düşjekler. Göwnüme bolmasa. daşary ýurtlarda kino ugurndan okaýan türkmen az. Bizde-de indi medeniýet instituty bar, o taýda-da öwredýäler. Ýöne daşary ýurtlara gidip okamak bolanok diýilen zadam ýok. Öwrenibermeli, bizdenem, daşyndanam. Öwrenmegi kiçilik bilmeli däl.
avatar
0
8 Mekan • 23:03, 02.01.2023
Hyýal edýän: syužet edip şu dördüsinden birini saýlasañ.
1. Gökdepe söweşi (gyrgynçylygy)
2. Gazawat gyrgynçylygy
3. Ýeroýulanduz gyrgynçylygy
4. Keltegoñur gyrgynçylygy

Senaryo, režesyor James Cameron we bir türkmen
Kompozitor Hans Zimmer we bir türkmen (Aman Agajykow aýatdamyka)
Kostyum yene şonýaly
Rollaram meşhurlara bermeli, reklama üçin şu möhüm.
Studyo Hollywooddan birini kireyine tutmaly. Netflix bilen şertnama baglaşmaly. Gowy reklamalar, fragmanlar...

Hem dünýä görer, hem çykdajyny yaparmyka diyyän.
avatar
1
9 Hydyr • 23:18, 02.01.2023
Gyrgynçylyk görkezmänem Eýranda gowy kinolar alýalar. Meşhur artistlerem, golliwudyň rejissýorlaram ýok. Mejid Mejidiň kör oglanjyk hakda täsin kinosy bar, "Allaň reňkleri" diýen ýaly ady. Farhadiňam gowy kinolary bar. Gowy kino bolmagy üçin gyrgynçylyk şert dälmikä diýýän. Eýranda gaty güýçli senzura-da bar ýogsa. Uly býujetli kinolaram däl. Ýa-da "Bal" Kaplanyňky türk kinosy. "Altyn aýyny" aldy öýdýän ýalňyşmasam. Olam oglanjyk hakda.
avatar
1
10 Mekan • 23:50, 02.01.2023
O ikisini görenim yadyma düşenok. "Ala pijamaly oglanjyk" diyen gowy kinony görenim yadyma düşýä. Niräñkidigini bilemok.

Gynançly kinony has täsirli hasaplayan. Gyrgynçylyk bolany üçin däl. Hem taryhymyzy uly il biljek (köpüsini özümizem bilemizok).

Ýene saýrylañ "Jennet karollygy" (царство небесное) diýen bir filmi bar. Taryhy isleýişleri ýaly dünýä halklaryna sapak berýäler. Niredebir .....y Eýýuba barabar (hatda ondanam üstün) görkezýäler.

"Tebip: ibn Sinañ şägirdi" (лекарь: ученик Авиценны) diýen filmde bir yewropoly gelip inb Sina adamyñ iç goşuny, köriçege operasiya edilişini öwredýä

Başga da bar şonýaly zatlar. Erte birigün orslaram çykarsa şo gyrgynçylyklarda bizi günäkärläp. Kim birinji aýtsa şoñky dogry ýaly bolar durar.
avatar
1
11 Hydyr • 23:55, 02.01.2023
Dogry ýaly bolmagy mümkin. Men ýöne gyrgynçylygy almak kyn diýen manyda aýtdym. Ala pijamaly oglanjygy menem gördüm, gowy alypdyrlar.
avatar
1
12 Mekan • 00:01, 03.01.2023
Özümiziñkiler düşürbilse oña ýetesi zat ýok. Belki совместно işleseler soñ özlerem öwrenip giderler. Häzir-ä näbileýin. Şuş-şu wagt kino sungatyny ösdürmegiñ ugruna çyksañ, talyplary daşary ýurda okuwa iberseñ... olar yetişyänçä, tejribe toplaýança kän yyl gerek boljak. A elimizde barlary praktikada kämilleşdirsek biraz wagtdan utardyk. Onsoñ ugradan yaşlarymyz okuwy gutaryp, birki ýyl şo yerlerde işläp gelyänçäler kireyine oñuşlyk etse bolarmyka diyyän...
avatar
1
13 Hydyr • 00:12, 03.01.2023
Hawa, ýoluny gözläbermeli. Şu wagtky ýagdaýy bilen hoşal bolup otursag-a ösüş bolmaz. Hoşallyk gowy zadam welin, käte ters netijelere-de getirýär. Sungatda ösmegiň, kämilleşmegiň çägi ýok. "Şükür bagsy" 1962 ýa-da 63-de çykan kino. Men 10-11 ýaşlarymdadym "Watanda" görüpdim. Şu wagtam şo kino bizi abraýlap dur welin, utanýaňam. Gowy kino, gowudygyna söz ýok. Ýöne ondan bari 60 ýyl geodi.
avatar
0
14 Mekan • 00:31, 03.01.2023
Köne kinolañ köpüsi mende bar. Käte käbir sahnalaryny görýän gaytalap. Görüntiñ hiliniñ pesligine gynanyan. Şu wagt bir zat kellä geldi. Zool kötekläp duray diymäñ, ýöne bilesigelijilikden sorayan. Şu wagtkylara şükür bagşyny täzeden düşür diyseñ oñararlarmyka? Hiç yerini üytgetmesinler. Çykdajynam döwürdäki hümmetine görä üç esse köp berseñ.
"Sizi barlajak" diymeseñ. Gowy hil bilen täzeden halka yetirjek diyseñ

Başararlarmy?

Kakam pahyr uniwersitetde matematika okapdyr. Şükür bagşyñ keşbini janlandyran fizika mollymymyz diyyädi. Hakykatdanam dutar çalyp bilyän eken.
avatar
1
15 Hydyr • 13:04, 03.01.2023
Dünýede hiç zady gaýtalap bolmaýar diýýäler. Bulat Mansury direldip getirip, täzeden al diýseň, olam gaýtalamazmyka diýýän. Hawa, matematika mugallymy Şükür bolup oýnaýan, soň ony Nyýazowyň babasymy, atasymy edip oýnatdylar, bir biderek ýasama oýnaýar welin, şol Şükür bagşymaý diýdirýä. Kinony kino edýän rejissýor bolýa. Artist şoň görüşini, diýenini edýä. O kinolar hili pesligi bilenem has mähribanmyka diýýän.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203