Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:44
TÜRKSOÝ-yň ýanynda ýazyjylar bileleşigi döredildi
TÜRKSOÝ-YŇ ÝANYNDA ÝAZYJYLAR BILELEŞIGI DÖREDILDI

Türki döwletleriň arasynda edebiýat ugry boýunça hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak maksady bilen Türki halklaryň medeniýeti guramasynyň (TÜRKSOÝ-yň) ýanynda ýazyjylar bileleşigi döredildi.
Munuň üçin geçirilen duşuşyga Türkmenistan tarapyndan hem wekil gatnaşdy. TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary Sultan Raýewiň ýolbaşçylygynda geçirilen duşuşyga Azerbaýjanyň Ýazyjylar birleşiginiň Halkara gatnaşyklary boýunça sekretary Selim Babullaoglu, Gazagystanyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ulugbek Esdaulet, Gyrgyz Respublikasynyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy Nurlanbek Kalybekow, Özbegistanyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy Sirojiddin Saýýid, Türkiýäniň ýazyjylar birliginiň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy Mahmut Erdemir, Ýewraziýa ýazyjylar birliginiň başlygy Ýakup Ömerogly dagy gatnaşdy.
Duşuşykda edilen çykyşlarda TÜRKSOÝ guramasynyň edebiýat ulgamynda alyp barýan işleri barada gürrüň edildi we täze döredilýän bileleşigiň türki dünýäsinde edebiýat ulgamynda hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigi bellenildi.
Duşuşuygyň ahyrynda TÜRKSOÝ-yň ýanynda ýazyjylar bileleşigi döredilmegi hakyndaky resminama gol çekildi. TÜRKSOÝ ýazyjylar bileleşiginiň baş müdiri wezipesine Gazagystanyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ulugbek Esdaulet saýlandy.
Duşuşykda Azerbaýjanyň ýazyjylar birliginiň başlygy Anar Ryzaýew TÜRKSOÝ ýazyjylar bileleşiginiň hormatly başlygy wezipesine bellendi.
TÜRKSOÝ ýazyjylar bileleşiginiň ilkinji ýygnagy şu ýylyň mart aýynyň ahyrynda Özbegistanyň Nowai şäherinde geçiriler.

Çeşmesi: https://www.atavatan-turkmenistan.com/turksoy-yn-yanynda-yazyjylar-bilelesigi-doredildi/. 11. 03.2023ý.
Bölümler: Edebiýat täzelikleri | Görülen: 55 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 23:06, 11.03.2023
...duşuşyga Türkmenistan tarapyndan hem wekil gatnaşdy.

1) Sultan Raýew - TÜRKSOÝ guramasynyň baş sekretary
2) Selim Babullaoglu - Azerbaýjanyň Ýazyjylar birleşiginiň Halkara gatnaşyklary boýunça sekretary
3) Ulugbek Esdaulet - Gazagystanyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy
4) Nurlanbek Kalybekow - Gyrgyz Respublikasynyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy
5) Sirojiddin Saýýid - Özbegistanyň ýazyjylar birleşiginiň başlygy
6) Mahmut Erdemir - Türkiýäniň ýazyjylar birliginiň dolandyryjylar geňeşiniň agzasy
7) Ýakup Ömerogly - Ýewraziýa ýazyjylar birliginiň başlygy

- suratda 7 kişi. belki ýokarda sanalan ýedilikdir. 8-nji hany?
- ???
- зато baýdagymyz-a bar.
- ???
- ???
- git, atawatançylardan sorasanaý.
avatar
0
2 Мango • 08:07, 12.03.2023
Biri diýo: atawatanynjy çamalagy ýazmaly…
avatar

Старая форма входа
Total users: 203