11:20 Tüweleý | |
TÜWELEÝ Eý öwünjeň, badyhowa tüweleý, Pyrlanyp-pyrlanyp inçejik biliň Üzülere geldi. Dur, indi! Aýaklaň özüňi göterip bilmän, Sandyraýa, seret, barmagym bile, Çala pitiklesem ýykylýaň ýüzin. Gelşikli, Gelnalyja garaşýan, Toý eşikli uzyn boýly köçeleň, Kirpigine, saçyna, murtuna çenli, top-tozan. Ol görer ýaly bolmady. Bolşuň nähili, gülleň, horajyk baglaň, Dişiň gysyp, golun gaňyryp dursuň. Birden döwülse näme?! Eý, tüweleý, bu bolşuňa bir ýerde, Büdräp burnuň ganar öz kölegäňe. TOMUS GIJESI Gijaň birmahaly… Bir-ä meni gözleýär. Gygyryp-gygyryp damagy gyrlan, Telefonumyň indi sesi cykanok. Sebäp ýassyk bilen bekledim agzyn. Halys boljak däl-dä, Agzyn ýel alan, gurbagalaň bir-biriniň häsini, ýetirişip, için tutup gülüşi, Her biri düýe deý äpet itleriň, üysüp obamyzyň ortarasyna, Ýaşlyklaryn ýatlap bälçireýişi, Gözüme düşdi. …Kapasa salynan guş ýaly howa, Derleýä, darygýa, haşlaýa, Ýüregi içine sygman başlansoň, Iliklerin açyp köynegi bile, ýelpenip başlaýa. …Çybyndan, yssydan goranýan ho-ol ýel, Çümüp ütüklenen ýumşajyk suwa, çala kellesini çykaryp otyr. Men ýatyp bilemok. Ýogsa, hanha, ukymam taýýar, Şu wagt beynime täze SMS-ler, Elime bolsa aýagaldygyna jaň gelýä… *** Meň ýüregim gysýa, ýekeje özüm, Asmanyň astynda içim hümledip, Otyryn şäheriň bir gyrasynda. Iller uka gitdi, öýli-öýünde, Olar islän düýşün görýär arkaýyn. …Häzir gapylaryň gurup içinden, Daşar-da ýyldyzlary synlaýan, şaňlaýandyr obamyzyň gulagy, Men ony ýatlaýan. Syzýan deý özi, Iň bagtly günlerim ýadyma salýa, Göz öňümde ulumsyja öýümiz, Ejem, kakam, doganlarym, Meň eken baglarym, güllerim… Olar eýýäm su ýyl hasyla durýa. Şähere gaýdamda ses edip aglap, Gynandyran gyzjagazy goňşymyň, Ýedi ýaşan, basym okuwa barýa, Jigim gullukdan gelýa. Dostum öylenýä... …Aý, garaz, obamyz, öýümiz, Durşy bilen täzelik, Bir men ýok diýäýmesem… | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |