Bee... Serdar aga! Siziñ soñky ýazýan eserleriñizdäki gahrymanlaryñ geplemsekdiginii..Olaryñ içpikiri bar-a,ana şolardan ýaña näme okap oturanymy unudýan
"Baý" diýlende diňe maddy baýlygyň eýeleri, puly-maly ýere-göge sygmaýanlar göz öňünde tutulmaýan bolsa gerek. Onsoňam, megerem, bu powestdäki gahrymanlaň ýalňyzlykdan püre-pür dünýäde kimdir biri bilen gepleşesleri, iç döküşesleri gelip, içlerini gert baglap giden bolmagy ahmal. Şo sebäpdenem iň bolmanda kekirdege çenli dos-doly gepi "oýlanyp-oýlanyp bir egseli" diýýän bolamasalar :-).
"Baýlyk nämüçin adamy ýaňra edýärkä?" diýip, ir döwürler pikir ederdim. Bir gezek (takmynan mundan 20 ýyl ozal), ýa demrinden, ýa kömründen, ýöne ussasyndan däldig-ä anyk :-), gapymdaky teplisamda pomidorymyň hasyly tüýs "Hydyr gören" diýilýäni boldy. Düzüm-düzüm. Hasylyny baldag-a baldagy welin, teplisaň pomidor asylýan simi götermejek bolýar. Onsoň bir üýşmekden gelýärkäk dostum gapyma sowlup, ekinimi gördi. Ýyladyşhanaň açyk duran mähnet penjiresinden kellesini uzadyp, synlady-synlady-da: -Bäh, dos, bü pamadura seni samradyberer-aý!-diýdi. Şonda-da birdenkä, meňem gaty boýum uzynam däl welin, onda-da aklyma giç ýetdi. "Hä-ä...asyl malyň, puluň çenden aşa köp bolsa, şü dossumyň diýşi ýaly: "samradyberýän" bolara çemel-ow!" :-).
Aň üýtgeýär, kabul ediş (восприятие) üýtgeýär. Agyr oýlanmalary, agyr sözlemleri, agyr kyssany...iki-ýeke adam bolaýmasa kän halaýan ýok. Ötlem-ötlem oýlanmalar, sahnalar, sözlemler okaýany elbetde ýadadýar. Onda şeýle zatlary ýazmak nämä derkar? Sebäbi ýazyjy ilki bilen-ä özüni egismek üçin ýazýar. Onsoň okyjy onuň şol "özüni egismesini" okar ýaly etmegiň alajyny agtarýar. Aglaba köp ýagdaýlarda-da ýazyjy ýazýarka okyjynam, galan etsem-petseminem unudýar-da, diňe "özüni egismeklige" başbitin çümýär-de, gark bolýar gidäýýär. Onsoň şo öz-özünde gark bolan awtory nädip halas etmeli? Talapkär, ýazyjyň özünden has sowatly, ondan sözi, sözlemi has ýiti duýýan, şepagatsyz zabun redaktor gerek. Döwür klipleýin oýlanyşyň döwri. TikTok zamanasy-da. Näçe gysga, gysby, ýöntemlige çenli ýönekeý edip ýazsaň, düşürseň, surat çekseň, heýkel ýasasaň...şonça-da gowy. Özümem şeýle. Haçan galyň, tükezziban roman okanym ýadyma düşmeýär. Şoň üçinem täze stil oýlap tapmaly. Romanlaryňam, powestleriňem içi TikTok wariantly epizod-epizod bolmaly. Onam başaryp bolsa...
Fransuz ýazyjysy, filosofy, Bernard Werberiň (18.09.1961ý.d.) bir sözi bar:
“Meň pikir edýän zadymyň, Meň aýtmak isleýän zadymyň, Meň göwnüme bolmasa diýip duran zadymyň, Meň hakykat-da diýip duran zadymyň, Siziň eşidesiňiz gelýän zadyňyzyň, Siziň göwnüňize bolmasa eşidip duran zadyňyzyň, hem-de siziň düşünesiňiz gelýän zadyňyzyň, Siziň düşünip duran zadyňyzyň arasynda, düşünişmezligiň döremeginiň 10 görnüşi (warianty)dur. Ýöne, onda-da, barybir, geliň synanyşalyň...”...
(Perişdeleň şalarşalygy(imperiýasy). Fransuzça: L’Empire des anges – 2000).