01:39 Ümsümligiň gözleginde | |
ÜMSÜMLIGIŇ GÖZLEGINDE Durmuşda ösüşe, kämillige ymtylýan bir adam bar eken. Bir gezek ol içki kuwwatyny artdyrmak üçin ruhy mynajata berilmeli diýen netijä gelipdir. Ýöne ýaňy bir jaýlaşykly oturýarmyşyn welin, oňa hökman bir päsgel berýän zat tapylýarmyşyn. Ilki öz öýünde ornaşykly oturyp, demini dürsäp, ruhy mynajata başlajak bolupdyr welin, ýokarky gatdaky goňşularynyň goh-galmagaly eşidilip başlapdyr. Ol bu galmagala üns bermejek bolup kän çytraşsa-da, başarmandyr. Goňşularyndan lapykeç bolup, ol adam seýilgähde oturyp, ümsümlikden lezzet almagy ýüregine düwüpdir. Bir amatlyja ýer tapyp, şol ýerde-de ornaşypdyr. Ýöne şol töwerekde birden çagalar iki-ýana at salyp başlapdyrlar, olaryň şowhun-şagalaňy asmana galypdyr. Bir ýerlerden ýany itli gyzjagaz gelipdir, garaz, çagalar ala-wagyrdy bolupdyrlar. Ýaňky adamyň gahary gelip, derrew seýilgähden gitmek bilen bolupdyr. Ol tokaýa gidipdir. «Şol ýerde-hä ümsümlikdir, adam ogly bimaza etmese gerek» diýip ol pikir edipdir. Ol bir açyk meýdançany peýläpdir. Ýöne ol tokaýda-da arkaýyn bolup bilmändir. Hemişe biynjalyk bolara sebäp tapylypdyr. Kä guşlaryň owazy päsgel berse, käte ýapraklaryň şygyrdysy ýüregine düşüpdir, käte-de ýeliň şuwwuldysy irizipdir. Adamyň gaty gahary gelipdir. Ol näme üçin ümsümlikden lezzet almagyň başartmaýanlygyna hiç düşünip bilmändir. Ol böküp ýerinden turupdyr-da, tokaýyň jümmüşine tarap ylgap gidipdir. Ol tä bir kiçiräk gowaga baryp diräýýänçä, aýak aldygyna ylgapdyr. Ýaýdanyp durman ýaňky adam gowaga giripdir. Gowagyň içi garaňky hem çyg eken. Ol oturyp, köşeşipdir. Ýöne birden gowagyň içinden suwuň damýan sesi eşidilipdir. Şonda adamyň kalbynda täze bir pikir — özüne doly ümsüm bolar ýaly bir jaý gurunmak, şol ýerde-de ruhy mynajata berilmek arzuwy döräpdir. Birnäçe ýyldan soň ol özüne täze, ses geçirmeýän jaý gurnupdyr. «Ynha, indi men ümsümlikden lezzet alyp bilerin!» diýip, ol adam pikir edipdir. Ol aýbogdaşymny gurap oturypdyr-da, gözlerini ýumupdyr. Emma gulagyňy deşip barýan bu ümsümlikde «jyk-jyk, jyk-jyk» edýän ses has-da batly ýaňlanypdyr. Ýerinden böküp turan adam diwardaky sagady goparyp alypdyr-da, pylçap urupdyr. Soňra ol ornaşykly oturyp, köşeşipdir. Lezzetini duýup, bir dem alypdyr, ýylgyrypdyr. Indi-hä doly ümsümlik bolar! Ýöne...«Dük... dük... dük» — onuň gursakdaky ýüregi barha batly urup başlapdyr. Älem ähli babatda bir kemsiz we kämil ýaradylandyr. Ruhuňda hem kalbyňda rahatlyk höküm sürýän bolsa, seniň töweregiňdäki zatlaryň bary hem sazlaşyklydyr. Terjime: © Orazmyrat MYRADOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |