Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:31
Ýagşy
ÝAGŞY

Söýýän seni gizlemäge mejal ýok,
Söýýän seni,ýok dymmagyň hajaty.
Öz-özümi ele alyp bilemok,
Ýüregimiň seni küýsän halaty.

Söýýän seni,geçip hany-manymdan,
Jylawyny çekdirenok yşkymyz.
Ýykylyp-ýumrulýar sähel salymda,
Görüşmesek göwün atly köşgümiz.

Gaýdyp berip bildiň höwes-hyjuwlam,
Niçiksi başartdy buzatlar saňa?!
Ynanmazdym şundan az salym ozal
"Sen söýüp bilersiň"diýseler maňa.

Sag bol ykbal,saňa,sylanyň üçin,
Söýgüsiz ýüregiň urmany ýagşy.
Eger gözlem ýary görmejek bolsa
Görmäni ýagşy.

Şygyr

Gel,söhbet edeli birdem,
Sen meň hossarymmy,şygyr?!
Halas edip müň bir dertden,
Baýlygym-barymmy şygyr?!

Ganat kakýaň uçsam diýip,
Serden ara açsam diýim.
Kalba yşkyň gorun guýup,
Örtän armanymmy şygyr?!

Syrym ýaýyp paş eýleýän,
Kä doňup,käte gaýnaýan.
Çäji harpykdan saýlaýan,
Akylmy-aňymmy şygyr?!

Ömrüm bilenömürdeşim,
Göwün bilen göwündeşim.
Ýalňyz hemdemim-syrdadym,
Terk etse zarymmy şygyr?!

Dürnabat AŞUROWA.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 65 | Mowzugy paýlaşan: Medine | Teg: Dürnabat Aşyrowa | Рейтинг: 1.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Мango • 20:05, 28.11.2022
Söýgüsiz ýüregiň urmany ýagşy
Gözlem ýary görmejek bolsa görmäni ýagşy. 

taýagyň iki ujy gowy däl.
ýagny aşa (fanatiçnyý) söýmek ýa-da aşa ýigrenmek.
nämeden aşa gowy görmeli däl?
sebäbi birden ondan göwnüň galsa, edil şoň ýalam aşa ýigrenmäge başlaýaň.
näme üçin aşa ýirgenmeli däl?
sebäbi, kim bilýär, bir gün ony gowy görmegiň ahmal.
bulaşyk filosofiýa.
siz ýerbe-ýer edip düşünjek bolaýmasaňyz.
avatar
0
2 Medine • 22:05, 28.11.2022
Nämeler diýýäňä mango daýy? Bizem seň ýaşyňa ýetenmizde dogry düşünäýmesek.
avatar
0
3 Medicall • 00:31, 29.11.2022
Kiz, ýaşy nireden getirdiñ bärik, düşünmedim?!

Umuman saýt düzgünlerini oka Mähriban jan, zyýan etmez)

Paýlaşanyña-da sagbol! Ýene-de ýetirip dur!
avatar
0
4 Medine • 09:03, 29.11.2022
Bor
avatar

Старая форма входа
Total users: 202