Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:57
Ýalňyzlyk dessany
ÝALŇYZLYK DESSANY

Daglarda birje jeren,
Ýekelikden aglaýar.
Ýalňyz men diýp özüni,
Goşgy bilen çaglaýar.

Gaýgyň uzak ýoluny,
Owaz bilen baglaýar.
Aýralyk gussasyny,
Tagma-tagma baglaýar.

Şonça yollar tapsa-da -
- gam ýanyndan gitmedi.

Ondan soň pikre batyp,
Ýol ýöräp gitsem diýdi.
Hoş günlere duş bolup,
Messana gezsem diýdi.

Her ne görsem ýa gursam,
Dessana düzsem diýdi.
Ýolum bogup düwün düşse,
Durmany çözsem diýdi.

Şonça göwün hoşlasa,
Dam ýanyndan gitmedi.

Bir gün jeren ýanyna,
Bir dost gelip ýetişdi.
Gamgyn ýüzüni görüp,
Ýardam bolup sataşdy.

Gam ýüküni ýazdyr diýip,
Goşgusyna gatyşdy.
Görüp diýdi gam-duman,
Nähili başyňa düşdi.

Şonça ol sorasa-da,
Dem ýanyndan gitmedi.

Diýdi jeren dostuna,
Aşykdym men çyn bile.
Ýar ýoluna garaşyp,
Ertir säher gün bile.

Bag içinde Tahyr dek,
Bazy gurdum oň bile.
Mejnun kibi çöllerde,
Aglap galdym gum bile.

Şonça söýüp gezsemde,
Jem ýanymdan gitmedi.

Duşman ýüzi garadyr,
Üýşdiler dola- dola.
Güripmiş men bilmedim,
Ýüzüme güle-güle.

Aýyrdylar ýarymdan,
Gözýaşym syla-syla.
Olar maňa hyşdandy,
Kalbynda ýüz müň hile.

Şonça ýanyp köýsem-de,
Şum ýanymdan gitmedi.

Humaý diýr, ýalňyz jeren,
Aglady ýar zulmundan.
Jebri-jepada galyp,
Şikat etdi jürmündan.

Görsem görmesem diýip,
Sözledi öz ölmünden.
Dosty eşidip bu hala,
Haýran galdy görmünden.

Şonça solup galsa-da,
güm ýanyndan gitmedi.

HUMAÝ
Türkmensähra-Eýran


Çeşmesi: https://turkmenkultur.com/menu/ml/t9/humay1.html. 07.03.2023ý.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 54 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Humaý | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Bagabat • 08:41, 08.04.2023
.
avatar
0
2 Pero • 09:51, 08.04.2023
Humaýyñ(familiyasyny-ha bilemok) durşuna elegiýa bolup dur.
Emma begendirýän ýeri ol sesini eşitdirip bildi. Indi ol ses hiç ýitmese gerek.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202