Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:27
Ýaş göwünli goja halypa
ÝAŞ GÖWÜNLI GOJA HALYPA

Meniň galama ýapyşmagyma şu ýylyň 9-njy iýunynda «Balkan» gazetinde çap edilen «Diwar gazetinden bat alan hyýal» atly makala sebäp boldy. Awtor makalany: «Eýsem-de, meniň hyýalym amal boldumyka?! Muny men däl-de, ýazýanlarymy okaýan okyjylar kesgitlär...» diýip jemleýär. Men bolsa oňa: «Siziň sary ýaýdan çekip atan «peýkamlaryňyzyň» ählisi nyşana degdi. Siziň hyýalyňyz aňryýany bilen amala aşypdyr. Galamyň gowşamasyn, halypa!» diýip gutlasym gelýär.
Segsen alty ýaşyň içindäki bu goja žurnalist Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, «Gaýrat» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi, «Türkmenistanyň at gazanan mugallymy», mirasgär Hojagylyç Nazarowdyr. Onuň durmuşyň täsin wakalary, adam ykballary bilen baglanyşykly ýazan hekaýalary, makalalary, oçerkleri, goşgulary döwürleýin neşirlerde häli-şindi çap edilýär. Men olary ýarym asyra golaý wagt bäri okaýaryn. «Sowet edebiýaty» (häzirki «Garagum») žurnalynda çap edilen «Tamaranyň doglan güni», «Humarala» atly hekaýalary-ha häli-häzirem sözme-söz diýen ýaly ýadymda.
Manyly ömrüniň agramly bölegini oba mekdebinde himiýa-biologiýa mugallymy bolup geçiren Hojagylyç Nazarow çarwa durmuşyna has belet. Şonuň üçinem tomsuň epgeginde, gyşyň aňzagynda çölde mal yzynda çopançylyk eden ýazyjy owlak-guzy, göle-köşek alaýmagyň giden bir ylymdygyny talapkär okyjynyň aňyna sünnäläp ýetirýär. Ol türkmeniň däp-dessuryna, edim-gylymyna, girim-çykymyna ýiti synçylyk bilen garaýar. Goňşuçylyk, guda garyndaş gatnaşyklary, myhman hormaty, söwda-satygyň ynsap kadalary, ynsan häsiýetiniň nusga alarlyk taraplary onuň döredijiliginiň içinden eriş-argaç bolup geçýär.
Hojagylyç Nazarowyň döreden eserleri dürli ýyllarda «Zähmet baýdagy», «Halk sesi», «Mugallymlar gazeti», «Edebiýat we sungat», «Balkan» gazetlerinde, «Diýar» žurnalynda çap edildi. Biz halypa döredijilik üstünliklerini, uzak ýaş arzuw edýäris.

Röwşen TAGAN, şahyr.

Çeşmesi: “Edebiýat we sungat” gazeti, 09.12.2022ý.
Bölümler: Ýazyjy-şahyrlaryñ, alymlaryñ terjimehaly | Görülen: 56 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Röwşen Taganow | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203