Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:14
Ýaşap ýörün

Beýik, bir uçutyň gyrasynda men,
Bu başyň, sowulmaz görgüsinde men,
Ölüm bilen ömrüň arasynda men,
Nalaýandyr, öýtme arzymy diýsem,
Ýaşap ýörün, şuňa ýaşamak diýseň!

Bu gara maňlaýym tapmady bagty,
Gidýän ýollarymam bolmady ýagty,
Kemis galdy göwräm, men diýen wagty,
Diňleýip şükr eder derdime köýsem,
Ýaşap ýörün, şuňa ýaşamak diýseň!

Kynçylykda geçdi ýaşlyk ýyllarym,
Bir gözel ýürekde çakdy ýyldyrym,
Özge ýara süýnni gitdi, ýyldyzym,
Ony kän ýatlaýan, şerapdan doýsam,
Ýaşap ýörün, şuňa ýaşamak diýseň!

Pulyň ýokmy kime bolsun geregiň,
Ajy derde tapdym, iýjek çöregim,
Gussaň ammaryna döndi ýüregim,
Terk etdi men kime, göwnümi goýsam,
Ýaşap ýörün, şuňa ýaşamak diýseň!

Öz ajalňa, garaşdyňmy men ýaly,
Sebäp iki dünýe maňa deň ýaly,
Özgertjekdimle men, zalym dünýäni,
Meniň ýaly ýanan azmydyr eýsem,
Ýaşap ýörün, şuňa ýaşamak diýseň!

Iň ýakyn adamlam pyçak urdular,
Dostjan, dogan diýe işim gördüler ,
Garaşmadyklarym kömek berdiler,
Bary geçer diýe, gowluga uýsam,
Ýaşap ýörüs, şuňa ýaşamak diýseň!

Bir synag gutarsa başlandy biri,
Bilmen ne günäm bar ýakdylar diri,
Bu çarhy pelegiň boldum ýesiri,
Bir pursatam bolsa rahatlyk duýsam,
Ýaşap ýörün, şuňa ýaşamak diýseň!

Bijede, aşygym alçy gopmady,
Ýüregim gaýgydyr hasrat toplady,
Ykbal, polat deýin otda taplady,
Näme bordy söýüp, mähriňe çoýsaň?!
Ýaşap ýörün, şuňa ýaşamak diýseň!

Nä şükürlik däl bu, ýüregmi sesi,
Öňümde durmuşyň belendi pesi,
Köp adam soraýa, halyň neneňsi,
Jogabym, olara şu sözi diýsem,
Ýaşap ýörün şuňa ýaşamak diýseň!

Süleýman TEKÄÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 45 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202