17:04 Ýatlanymda gel | |
Gijeler hyýalym gündizler zarym, Ýürekde arzuwym sen dünýe barym, Ahymy diňlede eý söwer ýarym, Seni her demimde ýatlanymda gel. Aýdeý, jemalyňdan bilmerin doýup, Arman, sen bileňok söýgümi duýup, Bir gün gujagyma gowşarsyň diýip, Ýalňyz garyp köňlüm şatlanymda gel. Saňa bolan söýgim, ummandyr soňsuz, Ýekeje pursat hem oňmaryn sensiz, Men seni ýürekden söýýärin çensiz, Sen tarapa gadam ätlänimde gel. Bagladyň özüňe hem gurduň duzak, Daşlaşýarsyň, menden uzakdan uzak, Hiç bolmanda ýatla ýekeje gezek, Ýürekde yşk hesrin otlanymda gel. Seni oýlap geçirýärin herdemi, Ýykdy meni, yşgyň aldym berdimi, Şygyrlamda, dessan edip derdimi, Perýatlanymda gel, datlanymda gel. | |
|
Ähli teswirler: 9 | |
| |