Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

11:00
Ýatmazdan öň kitap okamagyň 5 peýdaly usuly


1. DÖREDIJILIKLI PIKIRLENMEGIŇ ÖSMEGI

Nil Geýmanyň «Kitap eliňizdäki düýşdür» diýen sözlerini ýatlaň. Onsoň hem ylmy açyşlara düýşleriň sebäp bolup bilýändigini taryh telim ýola subut etdi. Şeýlelikde, düýşleriň beýnimiziň çuňluklarynda ýatan ylham gorumyzy köredip bilýändigine ynanyň.

Başarjaň we döredijilikli pikirlenmegi başarýan adamlar hemişe diýen ýaly şol bir zadyň pikirinde gezýändir öýdýärsiňizmi? Ýok, beýle däl. Garaşylmadyk täsin pikir käte başga bir ugurlar bilen baglanyşykly pikirlerden hem döräp biler.

Onsoň hem döredijilikli pikirlenmegi başarmagyň ilkinji şerti dünýä we bolup geçýän zatlara tapawutly garamagy öwrenmekdedir. Ýatmazdan öň okalan kitap bu babatda size ýardamçy bolup biler.

2. ÜNSÜŇ GÜÝÇLENMEGI


Tehnologiýalar döwründe haýsy hem bolsa bir zatda ünsüňi jemlemek aňsat däl. Muňa telewizor, internet, sosial torlar, daş-töweregimizdäkileriň täsirleri zyýan ýetirip biler.

Eger ýatmazdan ozal 15 — 20 minut çemesi kitap okasaňyz, bu ünsüňizi bir ýere, ýagny kitaba jemlemäge ýardam eder. Okamak üçin düşünmek we ünsi jemlemek zerur. Diýmek, kitap biziň üçin ünsi jemlemek bilen bagly maşkyň serişdesine öwrülip biler.

3. MAGLUMAT GORUNYŇ BAÝLAŞMAGY


Zehinine hormat goýan adamlarymyzdan ilkinji soraýan zatlarymyzyň biri haýsy kitaplary okandygy. Eger şeýle bolsa, zehinli we giň dünýägaraýyşly bolmaga barýan ýol kitap okamagyň üstünden geçýär diýip bileris. Kitap — öwrenmegiň, uky bolsa öwrenmek amalyny durmuşa geçirmegiň serişdesi.

Uklan wagtymyz günüň dowamynda öwrenen maglumatlarymyz beýnimizde ýerleşýär. Onda has peýdaly maglumatlaryň orun tutmagyny haýsy birimiz islemeris?! Maglumatlary bolsa okamak bilen baýlaşdyryp bolýar.

4. DARTGYNLYLYGYŇ AÝRYLMAGY


Eliňizdäki gyzykly eseri bir sagatlap okamak beýniňdäki islendik dartgynly ýagdaýy aýryp, iň bolmanda, ep-esli ýeňledip bilýär. Nerw dartgynlylygynyň ynsan saglygyna edýän ýaramaz täsiri barada, belki, size lukmanlar gürrüň berendir. Şonuň üçin hem maksadymyz şol täsirler baradaky gürrüňi ýene bir gezek gaýtalamak däl. Ýöne Angliýanyň uniwersitetleriniň birinde geçirilen barlaglar ýatmazdan öň kitap okamagyň dartgynlylygy 68 göterime çenli azaldyp bilýändigini görkezdi. Galanyny özüňiz pikir ediň!

5. ÇALT UKLAMAK


Günüň dowamynda islesek-islemesek beýnimiz dürli täsirlenmeler bilen ýadaýar. Ýadawlykdan soňra dynç almak üçin ýerimize geçip, uzak wagtlap uklap bilmän ýa gije ukymyzyň bozulyp, birki sagatlap çirim etmän oturýan wagtlarymyz bolýar. Şol wagt ýakynyňyzda bolsa kitap okap görüň...

Çeşme: "Nesil" gazeti, 19.12.2020 ý.
Bölümler: Edebi makalalar | Görülen: 60 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203