11:44 Ýazyjy Kömek Kulyýew aradan çykdy | |
ÝAZYJY KÖMEK KULYÝEW ARADAN ÇYKDY Ýurdumyzda giňden tanalýan belli ýazyjy, dramaturg Kömek Kulyýew 68 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Türkmen edebiýatynda aýratyn orny bolan ýazyjynyň aradan çykandygy habar berildi. Kömek Kulyýew 1955-nji ýylda Lebap welaýatynyň Saýat etrabynda dogulýar. Ýazyjy 1977-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlaýar. Halypa ýazyjy Türkmen döwlet uniwersitetini gutaryp-gutarmanka, “Edebiýat we sungat” gazetine işe çagyrylýar. Şeýle hem ýazyjy şol döwürde gazetleriň hem-de žurnallaryň redaksiýalarynda şeýle-de Türkmen telewideniýesinde işleýär. Kömek Kulyýew ilki “Dost gözleginde” atly hekaýasy bilen edebiýata girýär. Ýazyjy, dramaturg “Göroglynyň sawçylary”, “Göroglynyň döreýşi“, “Galkynan göwünler”, “Janly gurjaklar” atly sahna eserlerini ýazýar. Şeýle hem Kömek Kulyýewiň şol döwürlerde “Sen ýadyma düşseň…”, “Düýeguş”, “Täze ýyl ertekisi” ýaly ssenerileri esasynda döredilen gysga göwrümli filmler teleýaýlymlarda görkezilýär. Çeşme: https://www.atavatan-turkmenistan.com/yazyjy-....n-cykdy | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |