Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

05:51
Ýewgeniýa Adamowa "1-nji sentýabr"
Nakgaşyň bu eseri biziň ählimizi ylaýtada ýaşuly nesli çagalygyna dolaýar. Suratkeşiň bu işiniň üstünden indi ýarym asyr gowrak wagt geçsede hamala meniň üçin düýn ýa şu gün ýaly görünýär. Ol belki her bir tomaşaçy üçin hem şeýle bolmagam ahmal. Çünki eserde özümizden soraman biziň çagalygymyza dolaýan pursat ýatyr. Şol pursat kimde nähili, nätüýsli bolan hem bolsa ýekeje umumylyk ol hem 1-nji sentýabr, ýagny ilkinji gezek okuwa baranyň ýadyňa düşýär.


Hakykatda menä bu eser bilen özümiň okuwa gidenim däl-de özümden uly aýal doganymyň okuwa gideni nagt ýadyma düşirdi oturyberdi. Sebäbi üstünden telim ýyl geçsede “ola okuwa gitýär menem okuwa gitjek diýip içinde kitapdyr depder bolmadyk boş portfeli arkama dakyp” kän gezekler azar berenimi bilýän. Nakgaş eserdäki ene keşbindäki gahrymany kimi şekillendiren bolsa-da bize näbelli, emma ol biziň ählimiziň ejemiziň şol wagtky nurana ýüzüni ýatladýar. Eseriň esasy täsirliligi 1-nji sentýabr wakasy bilen ene keşbiniň görkezilmegidir. Çünki şol gün kimleri ak mekdebe ejeleri ugratdy, kimler bolsa ejem ugratsady diýip arzuwlapdy...

Döwletmyrat Durdyýew
Sungaty öwreniji
Gündelik ýazgylary.01.09.2023ý
Bölümler: Sungaty öwreniş | Görülen: 156 | Mowzugy paýlaşan: Alma | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 00:15, 04.09.2023
соцреализм.
Ýewgeniýa Adamowa eserinde milliligi güýçlendirmek üçin haly ýazypdyr. ýöne türkmenler halysyna köwüşi bilen basanoklar, umuman...
öz döwrüne degişli gowy surat.
***
kiçi gyzynyň boluşy ünsümi çekdi :-)
psihologiýa tarapdan çaga kiçijek trawma ýaşaýar.
doganyna berilýän ünsi gabanýar.
gaharly, öýkeli.
elindäki gurjagy başaşak. entegem gurjagynyň kellesini goparmandyr.
aslynda çaga özüne üns berilmese, her zada baş goşup bilýär. bir zady döküp, bir zady döwüp, ýa-da aglap bilýär, üns çekmek üçin.... şu wagt kiçi gyzjagaz patlamaň öň ýanynda dur :-)
ah, eje görgüli, haýsy birine ýetmeli?
ejelere-de kyn.
avatar
0
2 Alma • 18:48, 04.09.2023
Dogry aýtýaňyz Türkmen halysyny köwüşli barmandyr. Ylalaşýan.
avatar
0
3 Merw • 21:59, 04.09.2023
Mango daýy dogry aýtýaň halyny aňsat türkmen köwüşli basmaýar. Suratkeşdä ony çeperleşdiräýýär.

Ýöne enäni aýak ýalan çekip okuwa gitjek gyzy köwüşli eden bolsa adatylykdan daşlaşmazdy mümkin. Sebäbi biziň şu günlerimizde de çagasyny 1 sentýabrda ugratjak eneler köwüşi täzeje geýdiňle aşagy entek hapa däl duruber ýa bar öýden galdyran zadyny köwşiň bilen girip alyp çyk diýýänlerem az däl ýaly..
avatar

Старая форма входа
Total users: 203