Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

15:49
Ylham wagty we başgalar
YLHAM WAGTY WE BAŞGALAR

Ylhamyň köplenç amatsyz wagtda gelýänine üns berdiňizmi? Bilýän, ylhamyň wagty ýok, ýöne şonda-da, meniň göwnüme, ylham bilkastlaýyn kyn wagtlary saýlaýan ýaly. Ol hiç wagt işsiz oturan wagtyň gelmez, näme üçindir ýa içi bitik, ýapyşara ýer ýok awtobusda barýarkaň, ýa doktora nobata durkaň, ýa-da meniň iň içimi ýakýany — ýaňyja uklap, süýji uka gidip barýarkaň geler. Elbetde, men ýaly beýlekileriň hem 80%-i turup ýazmaga ýaltanardymyka diýýän.

Ahtimal, biwagt gelýän ylham üçin biz ençeme ajaýyp eserlerden mahrum bolandyrys. Belki-de Picasso uka batyp barýarka gelen pikirini “ertir turup çekerin/ýazaryn” diýip ýatanda, (irden bolsa hemişeki bolşy ýaly pikiriň yzam galman uçup gideninde,) haýsydyr bir eser dünýä dogman galandyr. Aslynda bu çaklamany belli we belli däl adamlaryň köpüsi hakynda ulanyp bileris.

Belki-de bu başgaça bolanda aramyzda talantlaram has köp bolardy?

Onsoňam şeýle zat hem bar: köplenç ylham gelende galam-depderiňi (ýa telefonyňy) eliňe alyp, ýazyp başlajak bolanyňda kelläňe “Meniň ýazan zadym kime gerek? Hiç kime gyzykly hem bolmaz” diýen ýaly haýyn pikirler geler. Sebäbi, köplenç biziň özümize ýeterlik ynamymyz ýok. Men hem bu babatda kadadan çykma girmeýärin. Belki-de siziňem käte özüňize isledigiňçe ynamyňyz bolýan däldir. Çünki, adam tebigaty şeýle, käte özümize ynanmaýan wagtymyz bize daşyndan ynanýan biri gerek.

Bu ýagdaýa şu döwürdäki jemgyýetimiz hem güýçli täsir edýär. Social mediada günde-günaşa owadan, üstünlikli adamlaryň “durmuşlaryndan” suratlara duşýarys. Ähli zatda ähli adamlar bilen bäsleşikde bolmaly ýaly duýgy döredilýär. Elbetde, bu halatda özüňdäki ynam kem-kemden pese düşýar. Şu temada Hemingweýe hakykatdan uly hormat goýýaryn. Ol “Moveable Feast” kitabynda: “Men şu wagt düşnüksiz zat ýazýaryn, şol sebäpli hem ýazýan zatlaryma talap (isleg) ýok, ýöne ol hökman bolar. Bu hem edil käbir suratlar ýaly, wagty gelende düşüniler. Diňe wagt we özüňe güýçli ynam gerek[…] Men täze bir uly gyzykly roman ýazmalydygymy bilýän, ýöne, şony aç galmazlyk üçin ýazsam, maňa nälet siňsin. Men ony diňe, haçanda başga hiç zat hakda pikir edip bilmänimde, şony etmesem, başgaça hiç-hili ýaşap bilmänimde ýazaryn” diýýar.

Şu temada meni ýene-de bir örän gynandyrýan faktor, biziň adamlarymyzyň aglaba böleginiň içginleýin täze zatlary, täze pikirleri, täze adamlary goldamaýandyklary. Herhili edip, täze başlangyçlary ýykjak bolýanlar-da kän. Hiç kim ussat bolup dogulmaýar, her kim başdan başlaýar we wagtyň geçmegi hem-de tejribe bilen ösýär. Onsaň hem her kim oturan ýerinden halypa bolmaýar, diňe öwreden, ylymy bilen paýlaşan, (ýa-da iň bolmanda azajyk moral taýdan goldaw beren) şägirt ýetişdirenler halypa bolýar. Şonsuz ol diňe öz işini gowy bilýan biri bolup biler, emma ondan aňyry gitmez. Men öz işini gowy başarýan, emma, şol bir wagtda hem işi elinden alynjak ýaly gorkýanlary däl-de, täze nesile öz tejribesini, goldawyny berýän halypalara hakykaktdan aýratyn hormat duýýaryn. Çünki özüne we öz işine ynamy bolan adam hiç wagt käriniň elinden alynmagyndan gorkmaz, täze başlangyçlary aşak çekmege derek, ýokary galdyrjak bolar. Şeýle adamlaryň aýratynlygy olaryň özlerinden soňra “gowy işleýärdi” diýen ýatlamany däl-de, döredýän, yzyny dowam etdirjek adamy galdyrmaklaryndadyr.

Tapawudy ýok, haýsy ugurda täze başlaýan hem bolsaňyz, hiç kime gulak asmazdan, diňe öňe gidiň, synanyşyň, dörediň, ýitiriljek zat ýok, juda bolmanda hiç edip görmedikden synanyşyp gördüm diýip bilersiňiz.

© Cypress ANNA

Ceşmesi: https://medium.com/@cypress_anna/ylham-wagty-we-ba%C5%9Fgalar-18c2c7cc73ab
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 62 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Kyyas • 20:06, 16.01.2023
Şula dogry ýaly ☺️☺️☺️
avatar
1
2 Sakçy • 07:30, 19.01.2023
Gaty dogry. Ýetireniňiz üçin sagboluň!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202