Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:06
Ynamly hereket-arzuwlara ganat

YNAMLY HEREKET ARZUWLARA GANAT

“Hyýalyňda bir ýyldan soňra özüňi nirede görýäň?” diýseler gürrüňsiz: “Özümiň toýumda” diýip jogap beräýmesem, häzirki okuw jaýymyz, okuwa girmegim, şähere gelmegim hyýalyma-da gelmezdi.”Bagt, şowlulyk adama ömründe bir gezek berilýä” diýýänlerem bar weli, meniň pikirimçe, ol mydama ýanymyzda. Men olara ýagşy pursatlar diýýärin. Adama ýagşy pursatlar kän gabat gelýär. Olar gelende,ýyldyz süýnendäki ýaly, dünýämizde ýalpyldap nur saçýar. Şowlulygyň elinden tutup taryh ýazmagam, taryh bolmagam biziň özümize bagly.Irginsiz zähmet,maksada okgunlylyk bizi isleýän sepgidimize ýetirip biler.
Menem maňa berilen ýekeje mümkinçiligiň yzyna düşdüm. Barysy dostum Ýakubyň tomusky dynç alyşa gelmegi bilen başlandy. Haçanda onuň bilen ikiçäk gürrüňdeş bolanmyzda, şäher, o ýerdäki başy asmana diräp duran binalar, seýil baglaryndaky gözel görnüşler, okuw jaýyndaky kitaphanalar, talyp oglan-gyzlaryň dostana aragatnaşyklary, geçilýän sapaklar barada şeýle süýji gürrüň berýärdi welin, sada oba oglanynyň hyýallaryny gorjalaman goýmandy. Mekdepde okaýarkak öňdebaryjydym, ähli geçirilýän çärelerde, ilki bilen, men çykyş edýärdim. Okamaga, öwrenmäge bolan höwesim elmydam ýanymdady. Emma mekdebi tamamladygam welin, öýümiziň iň uly ogly bolamsoň, kakama ýer işlerinde kömek etmek, mallary bakmak maňa galypdy. Şeýle aladalar bilen ejem bilen kakama ýokary okuwa bolan höwesimi aýtmandym. Ähli arzuwlarymy ýüregimiň bir çüňkinde saklapdym. Indi welin beýle däldi. Jigim Umyt 9-njy synpy tamamlap, tomusky dynç alyşa çykypdy. “Birden iki ýagşy”diýleni. Ol ähli işlerimde maňa kömek etýärdi. Kakamyň maňa öwredişi ýaly, men hem oňa ähli bilýänlermi bir-bir öwretýärdim.
Günleriň bir güni agşamlyk naharymy iýip, ejeme dostum Ýakubyň ýanyna oturmaga gitjekdigimi aýtdym. Ol kän bir eglenmezligimi nygtap, rugsat berdi. Ýakubyň ýanyna gelşime, gürrüňimizi şäher tarapa öwürdim. Sebäbi meniň üçin şolary gepleşmekden başga lezzet ýokdy. Ýakup maňa senem okuwa synanyp görseň hökman girjekdigimi aýdanda bolsa tolgunyp, özümi okap ýören talyplaryň arasynda ýaly duýdym. Arzuw etmek süýjidi, emma her süýjiligiň hem tagamy bir ýere çenli. Men ulydan demimi aldymda.
-Dostjan, aýtýanyň hoş-da, munça işiň arasynda men okamaga wagty nirden tapaýyn?! Mal-gara, ekin-dikin, garaz, obaň işine gutarma ýok. Özüň bilýäň, bularyň aladasy bilen men nire şäher nire?
-Häzirki wagt okajak bolsaň, amatly mümkinçilikler diýseň köp! Göterýän el telefonyňda hemmesini edip bilersiň. Internet ulgamy, şeýlebir şeýle bir çalt ösýär welin, hemme zat indi elýeter. Häzirki wagt gazet okajakmyň, täzelikler, wakalar bilen gyzyklanjakmy, Elektron kitaplardan peýdalanyp okuw synaglaryna taýýarlanmak isleýärmiň, hemme zat eliň aýasynda! Şolaryň baryny oturan ýeriňde, el telefonyňda-da amala aşyryp bolýar. Galanam näme özüňe bagly dostum!
-Olam dogru-la welin, mende el telefonymy alyp okamaga-da wagt az. Gün tertibimiň her sagady bir işim üçin bölünen! Olardan sypynyp okamak biraz kynrak bolaýmasa... Öýdäkilere-de iş bolasym gelenok. Ýaňky aýdan işlerimi maňa derek jigim ederem welin, Öňkiler aýdypdyr-a “oglana iş buýur, yzyndan özüň ýuwur!” Garaz, Umydyňam yzyndan gözegçilik etmeseň, ýaşlyk edip, kem kösträk edäýýär-dä käte!
-Od-a bahana däl!Yhlas, häzir seniň el telefonyňa şeýle bir programmalary ýükläp berjek. Günde ýetişdigiňden ýekeje sagat kitap okasaň-da,ony ses ýazgy edip hem alarsyň! Başga wagt gulaklygyňy dak-da, isle mal bak, isle ýandak çap, ýer ek, gapdalynda eşit-de geziber! Nädersiň, birnäçe günde hem işiňi edersiň, hemem okuwa taýýarlanarsyň!...
Oýlandym. “Munyň-a maňa-da has amatly” diýdim-de dostum bilen hoşlaşyp, öýmüze gaýtdym. Ol gün agşam ýatyp bilmedim. Okuw kitaplaryny dostumyň aýdyşy ýaly ýazgy edip başladym. “Bu güne şunçarak ýeter, indi ýataýyn-la!” diýsemem ýatyp bilmedim. Gijesi bilen süýji arzuwlaryň kölüne batdym. Ertesi irden säher bilen Ýakubyň aýdan okuw tertibini ýola goýdum. Her gün agşam iki sagat gijiräk ýatýan diýmeseň, hemmesi ýerine oturdy duruberdi. Gijelerne okuw kitaplarydan eden ses ýazgylarymy gündiz her iş etsemde ýanymdan goýmadym. Iýip-içemde-de diňläp gezdim. Ilki-ilkiler ejem birazajyk gatyrganan bolsa-da, okuwa taýýarlanýandygmy aýdanymdan soň, menden hoşal bolupdy.
Aslynda, biziň başarmasy kyn hasaplaýan işlerimiz ýanyna barmasaň beýik dag ýaly bolup görünýän eken.Başyna geçip, ýaltalyk etmän, “dagyň daşlary owradyp” başlaýaňam welin, zat galanok eken. Kakam aýtmyşlaýyn, zähmetden, işden gorkmaly däl, iş senden gorkmaly. Şonda maksadyňa ýetýärsiň! Bu hakyt çyn eken...
Ýokary okuw synaglarynyň wagty ýakynlaşýardy. Men bolsa ýetişdigimden hem hojalyk işlerini edýärin, hem synaglara taýýarlanýaryn. Bilimsizlik adamy göwniçökgin edýär. Haçanda bilmedik zatlaryňy okap ezberläniňde, özüňe ynam peýda bolýan eken. Şeýdip, synaglara başardygymdan taýýarlanyp, ýokary okuw mekdebine resminamalarmy tabşyrdym. Indi diňe synag alynýan günlere garaşmak galypdy.
Hemme zat özüme ynam edişim, garaşyşym ýaly boldy! Synaglardan üstünlikli geçip, özümi ýokary okuwa kabul edilenleriň sanawynda gördüm. Birbada ähli zat düýş ýaly bolup görünsede, bu hakykatdy. Çeken yhlasly zähmetimiň hasylyny alypdym. Bu hoş habary, ilki bilen, ejeme jaň edip buşladym. “Hoş habaryň ganaty bar” diýilşi ýaly, olar eýýäm eşidipdirler. Özüm ýaly synaga gelen obadaşlarym menden öň buşlapdyrlar. Öýmüzdäkiler eýýäm bir toklyny söwüş edip, sadaka bermegiň ugruna çykypdyrlar. Olara kabul ediljegme menden beter ynamly ekenler. “Oglum senden tamamyzam şeýledi!” diýip, ejem-kakam guwanç bilen gutladylar, begenjimi paýlaşdylar.
Men ýene-de bir adama öz sagbolsunymy aýtmalydym. Ol meni bu ýola ugrukdyran, okuwa girmäge, talyp bolmaga höweslendiren gadyrdan dostum Ýakupdy! Oňa jaň etdimem welin, şol bada aldy-da:
-Maňa geçdim diýip aýt, dost! -diýdi.
-Aý seň aýdanyň bolsun! Geçdim! Okuwa kabul etdiler, dost!
- Gutlaýan! Azabyň ýerine düşüpdir dostum! Galanam näme öň aýdyşym özüňe bagly!
-Bu işde seniňem hyzmatyň ulydyr dost! Sagbol! Sen bolmadyk bolsaň, düşünmedik ýerlerimde wagt tapyp kömek bermedik bolsaň, belki, men talyp hem bolup bilmezdim. Ýenede-de obada mallaryň yzynda gezer ýörerdimdä...
-Ýok-la, men hiç zat etmedim. Hemmesini özüň etdiň!Edil şunuň ýaly gözlegde bolup, şu saýlan ýoluňdan ýöräber, hor bolmarsyň, ýalňyşmarsyň dost!..
Men basymrak öýe ýetmäge, öýdäkileriň begençden doly gözlerini görmäge howlukýardym...
Käbir deň duşlarym ýaş ulaldygyça ýa-da mekdep, okuw ýaly zatlardan daşlaşdygyňça, ýatkeşlik peselýär diýýäler. Men bu pikir bilen asla ylalaşasym gelenok. Men ynsanyň beýnisi hemişeki edýän işleri bilen gönükdirlen we şoňa endik edip galýar diýen düşünjä eýerýärin. Hemme zat özümize bagly! Hereket et-maksadyňa ýet! Ynamly hereket- arzuwlara ganat! Ýagty geljegiň, arzuwly dünýäniň açary bolsa ylym- bilimdir. Aýdylyşy ýaly, okamak, öwrenmek üçin hiç haçan giç däldir!..

Süleýman TEKAÝEW
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 81 | Mowzugy paýlaşan: Hyýalbent | Рейтинг: 2.6/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Мango • 23:40, 17.12.2023
içinde gowja maslahatlar baram bolsa... okuwa girişiň ynandyryjy däl. :-)
näçe ynandyrjak bolsaňam, ynanyp bilemok.
avatar
0
2 Pero • 08:45, 18.12.2023
5 ýyl gije-gündiz okap-okap añkasy çaşybam,şo bir okuwdan ýykalan dagy nädip ynansyn?!
Emma nesibe diýen zada ynanýan. Belki Süleýmanyñ bagty çüwendir.
avatar
0
3 Hyýalbent • 17:27, 18.12.2023
Hekaýa ýazmaga birinji synanşygym beren pikirleriňizi göz öňüne tutup has çeperçilikli ýazmaga synanşaryn. hekaýadaky wakalar öz başymdan geçmesede dostumyň başyndan geçdi häzirem ýadymda ýandak çapyp gulaklykda ýazgyeden kitaplaryny diňläp ýörüşi şondan täsirlenip ýazypdym özi ilkinji synanşykda giripdi okuwa sagboluň eden belliklerňize maslahatlar berip duruň biz ýaşlara!
avatar
0
4 Arzuw_Umydow • 19:01, 18.12.2023
A.Çehow: "Hekaýañyzy ýazyp bolandansiñ başyny we ahyryny kesiñ, şol ýerler ýazyjynyñ iñ köp ýañraýan ýeri" diýipdir. Başynyñ başlanyşy içgysgynç. Birinji ýyl synanyşanda bagty daş ýaranlar az däl, ony, ýagny şol wakany adaty däl ýaly teswirlemekde iş bar. Çeperçilik bilenem iş gutaranok.

Näm bolsa-da proza girişiñ okuwa girişiñ ýaly ýeñil bolsun, Süleýman!
avatar
0
5 Ýaran_Ýagmyr_99 • 21:46, 19.12.2023
Öňe sürülen ideýany global möçberde alnanda gaty dogry hasaplaýaryn. Ýaşlara berilýän maslahat, ylaýta-da, bilim-hünär edinmekde IT tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmaga çagyryş dürs we ruhlandyryjy. Hiç kim garşy pikir aýdyp bilmese gerek.

Gahrymanymyzyň okuwa girişiniň ýagdaýlary takmynan meniňki ýaly eken. Diňe dostdan başgasy. "Gurşaw" şol hili: iş kän, ýöne edil seniň üstüňe düşüp duranok. Gitme diýýän ýok, gaýtam girseň begenýärler.

Ýöne mende-de ynam ýokdy. Emma gitmeli. Sebäbi ol ýyllar (80-njiler) synpdaky, meselem, 20 uçurymyň 15-si ýokary o.jaýyna synanýardylar, "ýykylsaň bökeden ýykyl" diýip. Galanjalary hem beýleki orta okuwlara. Düýbünden okamajaklar 8 synpdan soň PTU-a geçýärdiler. Onsoň menem 5-likçi okuwçy bolup gitmesem birhili boljak, ýogsam girjegime ynanmaýardym. Kakamyň karini dowam etmekçidim girmesem. Başga-da bir sebäpjik bardy.
Her hal girdim.

Ýöne häzirki sistemany bilmesemem ýagdaý başga öýdýän. Okuwlaryň köpüsi resmi tölegli. Onsoň sorag ýüze çykýar.

Tölegli okuwlara girmek üçin synaglara mekdep programmasynyň çägindäki bilim ýeterlik dälmi? Goşmaça taýýarlyk nämä gerek? Ýa basdaşlyk şeýle
avatar
0
6 Ýaran_Ýagmyr_99 • 21:54, 19.12.2023
şeýle ýokarymy? Diňe okuw kitaplaryndan taýýarlanyp gidiberseň bolmaýardy? Şondan soň ähli zat diňe maliýete baglydyr ahyryn. Hojalykda iş-güýç kän bolsa, diýmek mülkdar maşgala bolsa bu ýerde kän problema bolmaly däl. Töleglilerde kän bilim soralýan däldir, maliýe ýagdaýyň soralýandyr diýip pikir edýärin.

Emma ol oglan gurplulygyna garamazdan döwletiň hasabyna (talyp hakly) okuwlara girmäge dalaş eden bolsa, onda sorag aýrylýar. Onda mekdep programmasyndan daşary hem bilim talap etseler gerek. Onda gulaklaryna nauşnik dakyp , çyndan taýýarlanyp ýörşi dogry.

Şeýle dälmi?
avatar

Старая форма входа
Total users: 202