Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:10
Ynanç, ynam, umyt
YNANÇ, YNAM, UMYT

Bir gezek tutuş bir obanyň adamlary gurakçylykdan ýaňa Hudaýdan ýagmyr diläp, mynajat etmeli diýen netijä gelipdirler. Bellenilen güni adamlar toplanypdyr, emma, olaryň içinde diňe biri eli saýawanly gelen eken. Ine, bu YNANÇDYR.

Kiçijek çagajygy ýokaryk oklasaň, ol gülýändir. Ine, bu YNAMDYR.

Agşam ýatanymyzdan soň ertir oýanjagymyz näbelli. Onda-da biz irdene sagat gurup ýatýarys. Ine, bu UMYTDYR.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 73 | Mowzugy paýlaşan: Atsyzatly | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 4
avatar
0
1 Мango • 17:52, 25.12.2023
eýesi kim bu ajaplygyň?
avatar
0
2 Ýaran_Ýagmyr_99 • 08:08, 26.12.2023
Bu optimistik äheňde bolupdyr, men bolsa şu wagt çepime ýatyp turan ýaly keýpsiz bolamsoň pessimistik ýa-da sussypessimistik (haýsy beterikä, men hökman bilmeli, emma gyssagly däl) wariantyny hödürläýin:

“YNAM, UMYT we IMAN

Kakasy çagajygy ýokary oklap gapýar. Körpejik gorkusyna aglaýmaly ýaly. Emma ol gaýtam jykyr-jykyr gülýär. Çünki kakasynyň özüni hiç wagt ýere gaçyrmajagyny bilýär.
Ine, muňa YNAM diýilýär.

Ynsanyň saly suw üstünde, her pursat dünýäden gitse gidäýmeli. Indiki minuty ýaşajagymyza kepil ýok. Emma adamlar gije ýatanlarynda sagady ertire gurup goýýarlar.
Ine, muňa UMYT diýilýär.

Gurakçylyk döwründe bir obanyň adamlary köpçülik bolup, Hudaýdan ýagyş-ýagmyr dilemegi karar edipdirler. Munuň üçin bir sähetli güni belläp, meýdana ýygnanypdyrlar. Şol giden mähelläniň içinde diňe bir oglanjyk bu ýere eli saýawanly gelen ekeni.
Ine, muňa IMAN diýilýär.”

Şeýdip ýazylanda dünýäde iň az zadyň Hudaýa imandygy tekrarlanylýar.

Munuň hasam sussypessimistik wariantyny ýazsaň bolardy.

“YNAM, UMYT we TAMA”

“Tamany” şeýle suratlandyraly:

“Adamzat nesilleri gitdigiçe gowulanmagyň ýerine, gaýtam barha p**y çykýar. Adamyň baran ýeri zibil, edýäni şumluk, döredýäni problema. Garaz, her täze gelýän nesil Ýer ýüzündäki bütin ýaşaýşyň we adamzadyň soňuny ýakynlaşdyrmak üçin elinden gelenini gaýgyrmaýan ýaly. Her geçen nesil “gowy”, “päk”, “ahlakly” bolup dur. Öňde gowulyk görünmeýär. Emma, näme üçindir şonda-da adamlar täze nesilleri örňetmek, ekläp aýaga galdyrmak üçin, olaryň has kämil nesiller bolup ýetişmekleri üçin ellerinden geleni gaýgyrmaýarlar.
Ine, muňa TAMA diýilýär”.

Wah-heý, aýtmanmydyr Ýaran şahyr:

“Gün çoguna lowlan zemin gany biz,
Ýer bilen asmanyň eklän ogly biz;
Adam diýen belent ady dakynyp,
Owal-ahyr hak etmedik şony biz”.

Umuman-a, adamzady “ogul” diýip, erkek şekilinde aňlatmak hem häzirki döwürde gender deňligi düşünjesine dogry gelmeýärmiş welin, bize beýle “düzelmeden” giç. Çagalykda “Bir-ä gelýär” diýeninizde, “Aýalmy?” diýip sorasalar, “Ýok, adam” diýip jogap beren nesil-dä biz.
Ýapylajak şeý ýok ki.
avatar
0
3 Мango • 12:55, 26.12.2023
Bir gezek tutuş bir obanyň adamlary gurakçylykdan ýaňa Hudaýdan ýagmyr diläp, mynajat etmeli diýen netijä gelipdirler - diýen sözlemiň yzyny: Soňra ol oba Ýaran Ýagmyr gelipdir... -diýip ýazyp degişesim geldi-de ýene-de gaty göräýmesin Ýaran daýy diýip içimden çykarmadym.

perişdeler ämin diýen ýaly, ýöne hakykatdanam bu tema Ýaran Ýagmyr daýy geldi. :-)
avatar
0
4 Ýaran_Ýagmyr_99 • 18:01, 26.12.2023
Bu günler iş köpräk. Ýylyň jemi jemlenýär. Ýöne nazarymy ýazmak üçin käbir çykyşlary bellik edip goýdum. Belki baýramçylykda ýagmyr bolup ýagaryn, ýa nesip.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202