Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:24
Ynsap / hekaýa
YNSAP

Ol ýaýdandy. Hasasy kimdir biriniň köwşüne, aýagyna, ýagyş suwlary akdyrylýan ýabyň demir gözenegine, soňam ýene bir köwşe, ýanýodanyň erňegine degdi. Her niçik-de bolsa şu ýerde. Hasasyny ýokary göterdi. Çep tarapda, juda golaýda ― bildiriş tagtasy, sagda, iki bagyň ortasynda bolsa gazet satylýan kiosk. Bir wagtlar kioskyň ýanynda hatda dyzeperem bardy, soň-soňlar ony aýyrdylar. Bildiriş tagtasyndan sanap başlasaň, birinji geçelge edil gözenegiň ýanyndan başlaýar. Be-e, bu dälmikä ýa? Aý, diýseň-diýmeseň şudur-la. Ol nähili ünssüz, ýöräp barýar, ýöräp barýar, ine, birdenem, näçe köçäni kesip geçenini sanamagy unudanlygy güpbe ýadyna düşýär. Oňa öwran-öwran aýdypdylar, ýüz gezek gaýtalapdylar: hatda juda beletligiň, tejribäň bolsa-da, iň kyny ― yzyňa gaýtmak. Mydama esasy maksadyň hakda pikir etmeli. Bolmasa...
Hemişe pikir etmeli.
― Size kömek gerekmi?
Ol ädimini ýygjamlatdy. Ol aýal diýenine tutubam durmady. Elbetde, dükana ýa goňşy öýüň girelgesine barýandyr diýip pikir etdi. Onuň bolsa muňa jany ýandy. Oňa sermenip ýörmek ýakanokdy. Bu ýerleri bäş barmagy ýaly bilýär ahyry. Maksat ― ine, nirä barýanyňy bilmeli. Her niçik-de bolsa ol şol ýerdemi, ýa dälmi? Yzyna ýöredi. Hasa ýene-de ýanýodanyň gyrasyndaky, geçelgeden sähelçe daşlykdaky gözenegi tapdy. Ol häzirjek bolup, apaý-apaý ädimledi. Biriniň-ä eli oňa tekge berdi. Ol buýsanjaňlyk bilen dikelip, «sag boluň» diýdi. Tekge berýän ellikli el örän ynjalyksyzdy. Barmaklary alasaňňyldy bolup, bir açylýardy, bir ýapylýardy. Waz ýasap gelýän ulag alkyma geldi. Bolsada, olar eýýäm geçelgäniň ortarasyna ýetipdiler. Ýol gözegçilik gullugynyň işgäriniň jürlewügi. Näme üçin ulag geçmedikä? Ýa ol bir ýere sowuldymyka? Ähtimal. Ýeri, näme bolanda nä? Ol: «Ýaňky ulag togtadymy?» diýip sorady. Jogap ýok. Bäh, bu näme boldugy, geň öz-ä. Onsoňam ýakymly atyr ysy oňa hiç ynjalyk bermedi. Hawa, bu ― ýakymly ys. Hut şol. Howsala düşdi. Ol ýuwaşjadan: «Siziň atyryňyz...» diýip pyşyrdady. Garaşdy. Ýene jogap ýok. Tekge berip gelýän zenan maşgala dymdy. Onuň özi bilen gürleşesi gelenokdy. Ol ýene-de: «Siziň atyryňyz...» diýip gaýtalady... Ahyry-da saklanyp bilmedi:
― Siziň atyryňyzyň ysy maňa juda tanyş. Ol birini-hä...
Be-e, özi-hä şol atyr, gürrüňsiz, şol. Ol: «Tanaýan, şu atyry bilýän men...» diýip gygyrdy. Tekge berip gelýän ellikli el biygtyýar onuň elini goýberdi. Ol howany sermäp, ony gözläp başlady. Ýaňagyna, ýakasyndaky süýri gülýakasyna elini degirdi. Bee, göräýmäge, paltunynyň serpme ýakasyna dakýan hemişeki gülýakasy ýaly. Ol:
― Iren, bu senmi, Iren? ― diýdi.
Ol ellerini öňe uzatdy. Pyrlanyp, ikiýana elewredi. Ýykylman, zordan saklandy. Birhili gülkünjem, emma atyr ysy, gülýakasy şol ahyry. Az-owlak barmaklaram titredi. Soňky dymyşlyk näme diýsene?! Çyndanam geň. Ol: «Siz ýalňyşdyňyz, mesýö» ýa-da «Birine meňzetdiňiz öýdýän» diýip, jogap berip bilerdi ahyry. Bular bir adaty jogaplar ahyry. Ulag haçan geçip gitdi?
Onuň elleri esli salymlap sowuk howada sermendi, ahyram biygtyýar, ýadaw halda aşak sallandy. Elleri kimdir biriniň kellesine degdi. Kelle?!
― Eý-ho, bagyşla, körpe.
― Isleseňiz men sizi ugradaýyn? ― diýip, oglanjyk onuň ýüzüne seretdi.
― Eşidýärmiň, edil şu wagtjyk ýanymda duran zenany görmediňmi?
― Gördüm.
― O nirede?
― Öz ugruna gitdi, göni.
― Onuň yzyndan ýetmeli.
― Yzyndan ýetmeli?!
― Hawa, bahymjak.
Oglanjyk onuň egninde giňräk bolýan gök paltunynyň bardygyny, ýalňyşmasa, kinoteatryň deňindäki çatrykdan geçip, beýleki köçeleriň biri — üçünjimi, dördünjimi köçe bilen gidendigini aýtdy. Gök reňklimi?! Ýöne ol gyşyna açyk reňkli zatlary geýmegi halanok ahyry. Öňler-ä çal, mele, goňras reňklisini geýýärdi. Bu paltunam açyk reňkli däl bolsa gerek. Ähtimal, häzir gök reňk ýoň bolandyr ýa-da ol birine görünjek bolýandyr. Ýöne kime?!. Adamsynamy?! Ýöne ol gaty erkindi ahyry. Aý, bu nämäni aňladýar diýsene, adamlar üýtgeýär ahyry. Ol: «Bu ýyl gök reňk ýoňmy?» diýip, oglanjykdan sorady. Oglanjyk tykyrap, jogaba garaşdyrdy. O nireden bilsin, ýoňmy, dälmi? Ilki oňa ötegçilere seredişdirmek gerek:
― Köpler-ä ýaşylda, aý, neme... melemtik reňk ýoň bolaýmasa. Garaz, şu döwürde ähli reňkem geýilýär — diýip, başdansowma jogap berdi. Onuň ejesinde gara paltun, uýasynda bolsa çal kostýum bar.
― Seniň adyň näme?
― Serž.
Ol oglanjygyň egninden tutup, ony saklap:
― Öwrüleňde haýalrak öwrül, haýyş edýän. Göni ýolda, ýanýodada gatyrak ýöreseňem bolar. Üstesine-de daş-töwerek adamdan doly. Olar hasamy görýärler-ä. Ony göze iler ýaly birneme göteribem bilýän, emma sen meni idip barýaň ahyry. Ýöne öwrümde men gaty ünsli bolaýmaly. Şonda men deňagramlylygymy ýitirýän — diýdi.
― Düşnükli, itjagaz edinseňiz näme? ― diýip, oglanjyk sorady.
― O-da gowy pikir. Ýöne ho-o garramda. Nirede biz?
Olar üçünji köçe bilen gitdiler. Näme üçin beýleki köçeler bilen gidäýmediler?! Sebäbi oglanjygyň gözüne gök paltunly ilen ýaly boldy. Soň ýene ony ýitirdi.
― Zyýany ýok, Serž, ýene gözlegimizi dowam ederis.
Şäher durşuna gök tegmil bolup dur, ýöne diňe onuň ýaşaýan ýerinde hemme zat mydama gara. Diwarlaryňam reňki birmeňzeş. Çatryklary, ýeriň üstüni ädimi bilen ölçeýär. Onuň golaýynda adamlar biri-birini kakyp geçýärler. Aý, bularam adam däl-de, diňe onuň adam hakyndaky, zatlar hakyndaky göz öňüne getirmeleri. Öňler ol hemme zatdan gorkýardy, indi ony hemme zat şatlandyrýar. Şeýdibem ol öz-özüni ýeňýär. Hatda durmuşda öz ornunam tapýar. Her bir adam näme-de bolsa bir zatdan mejbury el üzmeli hem-de nämedir bir zada bil baglamaly bolýar. Ellerine haýsydyr bir zatlar ýarap bilýär. Hut eller hakyky dünýe bilen hyýaly dünýäniň arasyndaky tapawudy açyp berýär. Has golaýyna barsa, onuň barmaklary tanyş şekilleri seljerýärr. O zenanda ortarasy gaşly, nepisje, demir gülýaka bardy, Aý da:şlydy. Ol ýylgyrdy. Hakyt asmandan bir ýyldyzjyk inip, onuň döşüne gülýaka bolup dakylanmyş. Gülkünç. Belki, oglanjygam ýylgyrýandyr. Olaryň daş-töwereginde, dükanyň tekjelerinde, hatda ýanýodalarda, köprülerde şonuň ýaly gözüňi gamaşdyrýan näçe ýyldyz barka, arçalarda näçe Aý, näçe kometa, näçe meteor barka?!
Aşakdan bir ýerlerden, ýerzeminden şokoladyň ysy burk urýardy. Onuň eli häli-şindi dartylan ýüpüň uzaboýuna sallanyşyp duran bezeg çyralaryna degýärdi. Bütin şäher dürli reňkli çyrajyklardan hem-de elde ýasalan döwülegen, ysgynsyzja, biderek gurnama desgajyklardan dos-doludy. Şäher gurjak teatryna, ýarmarka, tomaşa jaýyna öwrülipdi. Hawa, hut tomaşa jaýyň bar-da. Iliň ugruna bolmaly bolýar-da. Adamlar salgyma kowalaşýarlar, sadalyk bilen düşünmän şatlanýarlar, bolmajak zatlar hakda arzuw edýärler, adam ýüreginiň şeýle ýalp-ýulpsyz bolmaýanlygynam bilýärler.
Aslynda isledik şagalaň — köpçülikleýin akylsyzlyk.
Garaz, daş-töwerek baýramçylyk. O zatlaryň bary göz üçin, görmek üçin döredilen. Hut şeýle. Göz üçin. Diňe göz üçin.
— Hanha ol — diýip, oglanjyk gygyrdy.
— Sen ony görýäňmi?
— Hawa, ýoluň o tarapynda, märekäň içinde, dükanyň girelgesinde aýak çekdi.
— Geçýäsmi?
— Ýok, edil häzir bolmaz, şu wagtjyk gyzyl çyra ýandy.
— Çyndanam, ol durmy?
— Hawa, şoňa-ha meňzeýär, birine garaşýar öýdýän, onuň duşuşygy bar bolaýmasa. Ýok, ýöredi. Ýene durdy. Aýazbaba bilen gürleşýär. Näme, näme? Bu aşa hetdenaşma bolýar!
— Sen degişýäňmi?
— Çynym, jenap, hut Aýazbaba girelgede bildiriş paýlap ýör.
— Hä-ä, şeý diýsene, senem ol Aýazbaba bilen gürleşýändir öýtdüňmi?
— Ýok, Serž ýalňyşypdyr. Ol dükanyň tekjelerine göz gezdirýär eken. Ony suratlandyraýynmy? Aňsat-ha düşmez welin... Ýogsa-da, mesýö, indi ýoly kesip bileris — diýip, ýöräp başlady. — Mesýö, ol sary saçly, orta boýly, kaddy dim-dikje, eginde-de goýy gök reňkli paltuny bar — diýip, oglanjyk gözüni aýyrman durşuna ony suratlandyrdy.
— Sag bol. Biz häzir nirede?
— Uly dükanyň öňünde. Ol şu ýere girdi.
— Onda nämä durus, gitdik.
— Dükanamy?
— Hawa, körpe.
— Sizem içine girjek bolýaňyzmy?
— Päheý-de weli, körpe, soraýaňammy, elbetde girjek, howluksana.
Durmuşda sary saçly gyz gaty köp, her dürlüsi bar. Onuň saçlary käwagt çyparam öwüsýärdi. Emma onuňky ýaly göwresi dim-dik zenana duşaýmak weli aňsat däl, gördüňizmi, oňa hatda çagada üns berdi. Ol kaddyny hemişe dik tutýardy. Ýok, ýok, tekepbirlikden ýa ulumsylykdan däl, ony ene-atasy şeýle terbiýeläpdi. Olar sport bile aşa gyzyklanýan, kämillige ýeten sport ussatlarydy. «Daşymdan göräýmäge, men howuzlarda goýulýan heýkeli ýada salýanmykam diýýän» diýip, ol hezil edip gülerdi. Ýöne ol tekepbirlik bilen synasyny dik tutmasynyň özüne aýratyn ýaraşyk, owadanlyk berýänliginden, özüniň ýaşajyk barsa meňzeýänliginden habarsyzdy. Hemişe ene-atasynyň gereginden artykmaç yhlas edendiklerine ökünerdi... Bular — bary-ýogy o hakynda içimde saklap ýören ýatlamalarym, onuň üstünden ajaýyp atyr ysy kükeýän hyýaly keşbi.
Ine, şu ýerde-de ähli atyrlar özüniň gaýtalanmajak ysyny ýitirýärler. Olar derileriň, matalaryň, myhak gülüň, jasminiň, tuberozanyň garyndylarynyň ysy, ýakymsyz, dymyljyk der yslary bilen garyşýar. Ine, şu-da hut dükanlaryň ysy. Hemme erkekler ony halanokmyşlar. Özüm-ä hiç hili ýigrenemok. Maňa känbir tapawudy hem ýok.
Ol gaty köpden bäri gaýda-gaýmalaşygyň, dyknyşygyň, ala-gohuň içinde dükanyň bir bölüminden başga bir bölümine keýpine aýlanyp görmändi. Entegem oňa mümkingadar eglişik edýärler, gören dessine oňa ýol berýärler. Hawa, Seržem gowuja ýoldaş bolup çykdy.
— Siz o hanym bilen tanyşmy? — diýip, oglanjyk oslanmadyk soragy berdi.
— Hawa, tanaýardym.
— Öňden bäri tanaýan bolsaňyz gerek?
— On ýyl bäri.
Oglanjyk uludan demini aldy. Bu onuň üçin giden bir ömür.
— O wagt men iki ýarym ýaşymda ekenim. Mesýö, sizden ýene bir zat sorasym gelýär...
— Hawa?..
— Hany aýak çekiň — diýip, oglanjyk onuň elini gysdy. — O hanym ýokarda, ikinji gatda, oýunjak satylýan bölümde.
— Gaty gowy, meni şo ýere äkit.
— Nädip?
— O nähili nädip? Öňküň ýaly... idip.
— Men, neme, eskalator bilenmi diýjek boldum.
— Sen «Hop» diýseň bolany, seniň bilen deňje ätlärin.
Olar ýokary çykdylar. Seržiň keýpi gaçdy:
— Ol ýaman gyssanýar. Ol eýýäm bärde ýok. Düşünýäňizmi, mesýö, edil şu wagtjygam bardy, eýýäm gürüm-jürüm bolaýypdyr.
Düşünmez ýaly zat ýok. Bu-da onuň aýratynlyklarynyň biri ahyry. Kakasy: «Iren şu ýerdemi, dälmi, hiç anyk bilip bilmersiň. Edil ýaňyja-da şu ýerde ýalydyr, eýýäm ýokdur. Ol gaýyp bolup, soňam islän ýerinden çykýan ýalydyr» diýip, häli-şindi degşerdi.
— Eşidýäňmi, Serž, bäri adamdan doly. Biz biderek wagt ýitirýäs. Özüň gözlesene. Men şu ýerdejik garaşjak, eger ony tapaýsaň: «Siz bilen Magellan gürleşmek isleýär» diýip aýt.
Oglanjyk atylyp ýerinden turdy. Ol haýran galmakdan ýaňa esli wagtlap aýňalyp bilmedi. Bu-ýa hetden aşmak bolýar. Serž uludan demini alyp:
— Ol üstümden güler ahyry — diýip pyşyrdady.
Şol gezegem gülüpdi, ýöne şonda-da ýakymly.
— Serž, seniň özüň synpdaş ýoldaşlaryňa lakam dakyp, gülüp görmediňmi? Hijemmi?
— Bolýar — diýip, oglanjyk razylaşdy.
Näme diýseňem, Serž gaty gowuja oglan.
— Men saňa garaşaryn, oglum.
Satyjy aýallaryň biri ony dükanyndaky oturgyçda oturtdy. «Sag bol, mademuazel» diýip, ol hasasyny dyzlarynyň arasynda gysdy. Satyjy aýal her gezek ondan ötünç sorap, müşderileriň ýanyna barýardy, olar giden dessine-de, ýene gaýdyp gelýärdi.
— Mademuazel, siz näme satýaňyz?
— Ýapon gurjaklaryny?
Bä-ä, olar gaty owadandyrlar öz-ä... Ol Serže kitapmy, oýunjakmy, garaz, bir zatlar satyn almalydy. Adamlar onuň daş-töwereginde ikiýana gaýmalaşýardylar, aýak çekýärdiler, özara gürleşýärdiler, çagalar bolsa ala-gohdular:
— Roždestwo baýramynda on adam bolup üýşýäris.
— Eşidýäňizmi, gyzym buhar pejinden meniň köwşümi asyp goýjak bolýar. Ol: «Onuň içine has köp sowgat sygar» diýýär.
— Mademuazel, oýunjak awtoulaglar nirede satylýarka?
— Daşary çykamyzsoň Aýazbaba bilen surata düşjekdirin.
— Men-ä, sen eýýäm o ýaşdan geçdiňmikäň öýdýän.
— Men elmydama şu hili şöhlat alýaryn.
— Şokolady ýegenlerim getirer.
— Seret, tans edýän masgarabaz, gaty gowy ýasalypdyr, şeýle gerek?
Olar üçin hemme zat gowy, gülala-güllük. Olar akja örtginiň üstüne gülgüne şemler goýarlar, aýallar eginleri açyk köýnek geýerler, ýyldyzlar bolsa asmanyň dürli künjeklerinden olaryň monjuklarynda, barmaklarynda we kümüş gap-gaçlarynda şöhle saçarlar. Olar daňdana çenli bu ajaýyp oraşan düýşden lezzet alarlar. Çagalary bolsa peçleriň turbalary ýaly garaňky, gar bilen örtülen üçek ýaly näzik hem sowuklaç çuň uka gark bolarlar. Olar düýşlerinde uzakdaky tokaýlary, külbeleri hem-de dürli reňkli gutlag hatlaryny görerler. Daňa golaý Günüň ilkinji şöhleleri penjirelere düşer, bahar we ertirki deňiz kenarlary hakda joşgunly aýdymlar eşidiler. Näme üçin ertirki? Baýramçylyk entek uzak dowam eder ahyry.
— Mesýö, onuň nirededigini bilemok, hiç ýerden tapmadym — diýip, Serž müýnli gürledi.
— Zyýany ýok. Hany, gel bärik, oglum. Özüňe gowuuja oýnawaç saýla. Men saňa sowgat edesim gelýär. Hawa, hawa, ýok diýme, meniň özüm alyp beresim gelýär.
Serj utandy, sowgadyň näme üçin berilýänine düşünmedi. Aslynda sowgat bermäge hemişe-de sebäp bar. Bä-ä, näme alarka? Aý, bu-ýa aşa gymmat. Bulam gaty uly. Ýok, ýok, gerek däl. Wah, isleg güýçli, erk edip bolýamy näme?! Mesýöniň göwnüni ýykmazlyk üçin, oňa kiçiräjik zadam bolýar.
— Halan zadyňy saýla, men garaşýaryn.
— Onda, oýunjak ...?
— Näme?
— Aw esbaplary.
— Ýok!
Oglanjyk sesini çykarmady. Bu gezek ol hatda dem almaga-da ýürek edip bilmedi. Hemmesi düşnükli. Jogabyň äheňi onuň dilini tutduran bolarly.
— Men özümi gaty gelşiksiz alyp barýan ahyry. Päheý, özüm teklip edip, özümem ýüz dönderýän. Serž!
— Hawa, mesýö?
— Sen gowja oglan, men saňa gödegräk daraşdym.Öýke-kine etmäweri. Gulak as, saňa bir zatjyk sowgat edesim gelýär. Ak ýürekden. Kiçeňrägem bolsa, nähili sowgatlygynyň ähmiýeti ýok. Saýla. Göwnüňe näme ýarasa saýla, ýöne şol aýdýanyňy bir saýlama. Awy ýatladýan zat gerek däl. Aw ýaragy. Tüpeň, ok. Tüpeň, atyşyk. Atyşyk, gije. Nämeler sarnap durun-a? Baryny ýatdan çykaraly. Hany, derrewjik saýla!
Oglanjyk ahyry reňkli suratly «Beýik işler» atly ullakan kitaby saýlady.
— Daşynda bendiň suraty bar — diýip ýylgyrdy. — Gowja zat — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Soňam hamala söhbetdeşligi soňlamak isleýän ýaly, sesini çykarman durdy. Soraglara-da diňe ümlük bilen jogap berdi. Ol bir zada utandy. Sowgat bilen-ä baglanyşygy ýok öýdýän.
— Serž!
— Mesýö, hanym şol ýerdedi — diýip, oglanjyk boýnuna aldy.
Ol hanymyň alkymyna-da bardy, ýöne biragyz gürlemäge ýürek edip bilmedi... Lakam sebäpli. Ol hakykatdanam het edip bilmedi.
— Siziň gaharyňyz geldimi? — diýip, oglanjyk müýnli sorady.
— Geçeni geçdi bil, ýatlap oturasy iş ýok. Gowusy, gözlegi dowam edeli.
— Nirede?
— Her ýerde, hut şu ýerde. Ýok, daşarda.
Olaryňky oňuna boldy.
— Ol edil öň ýanymyz çykan ýaly-la — diýip, oglanjyk şatlandy. — Ýöne ol eýýäm esli ýere ýetipdir, bäh, gaty çalt ýöreýän eken-aý. Ä-hä!
— Saklandy gerek?
— Haýaljakdan ýöräp, tekjelere göz aýlaýar.
Serž onuň yzyndan derrewem ýetip biler, ýöne oňa näme diýsin?! Ol gaty çekinýärdi. Lerua neneň? Oňa hakyky ady has ýaraýardy. Žan Lerua neneň, doly at hem erbet eşilenok ahyry. Näme, näme? Ýok-la, gowusy Žan bolaýsyn? Aý, onuň känbir ähmiýetem ýok-la. Ol arkaýyn Žan Lerua hem diýip biler ...
— Gidýän, mesýö, gidýän, gidýän ... Bu näme boldugy?! Wah, nälet siňmiş! Ol ýene bir ýere-hä girdi. — Olar şol ýere golaýladylar. — Ikinji gatda, aýal eşikleri satylýan bölümde — diýip, Serž niredeligini düşündirjek bolup jan etdi. Onuň göwnüne bolmasa penjiräniň aňyrsynda duran şol hanym ýaly-la.
— Ýeri, bolýar, biz oňa garaşaýarys.
— Nirede?
— Şu töwereklerde bir kafe bolmaly. Şol ýerden dükanyň girelgesi gowy görünýärdi, düşünýäňmi?
— Hakykatdanam, hanha kafe bar.
Olar ornaşdylar, emma oglanjygyň içini it ýyrtyp gelýärdi:
— Näçe wagt garaşmaly boljagymyz belli däl? — diýip, oglanjyk hüňürdedi. — Meniň uýam ýaly bolsa, ilki saýlan bolar, soň deňäp görer, geýip görer...
Birsalymdan soň Serž ýene-de uludan demini aldy. Bu onuň endigidi. Ol ýitiren wagtyna birjikde gynanmaýar. Barybir ol şu gün uzakly gün boş. Ene-atasy gezelenç etmäge rugsat beripdiler. Kakasy: «Baýramçylyk bazaryna aýlan, ýöne gijä galman öýe gel» diýipdi. Bu wagt bolsa sagat ýaňybir dört. Roždestwo baýramynda berilýän dynç günlerinde ol köplenç toplan markalaryny tertipleşdirýärdi. Onuň syýahatçy ýa-da binagär bolasy gelýär. Emma bärde däl-de, başga yklymlaryň birinde. Onsoňam bu gowy hünär. Ol mesýö Žan Leruanyňam geografiýa bilen gyzyklanýandygyna şeýlebir begendi. Hä-ä, onuň nämüçin Magellan diýen lakamlydygyna indi düşündi: ol edil şol pursat beýik deňizçiniň terjimehalyny öwrenýärdi.
— Geografiýa bilen ýüzleýje gyzyklandyňyz, özüňiz üçin, şeýlemi?
— Özüm üçinem, beýlekiler üçinem.
— Indi?!.
— Näme indi?
— Siz näme? ..
— Indi diňe ýatlamalarym bar.
— Hawa, ýöne geografiýa, meselem geografiki kartalar näme?
Kartalar manysyz, biderek zatlar. Gury ýerler, bogazlar, dag gerişleri, düzlükler ― bularyň bary onuň ýatlamalary. Onuň öz gaýalary, öz deňizleri bar. Öz kölleri, öz depeleri bar. Kiçijik adalaram, tutuş älemem onuň eliniň astynda. Ol islese şäheriň içine-de, bütin Ýer şaryna-da, hatda galaktika-da aýlanyp bilýär. Ol her gün irden oýanyp, öz planetalaryny täzeden döredýär. Öz ýyldyzlarynam döredýär, bary-ýogy elini uzadaýmaly. Şu gün şol ýyldyzjyklaryň biri paltunyň ýakasyna gonupdyr. Planetalary bolsa ol zenanlara öwrüp bilýär.
— Ýeri boldy. Onuň yzyndan ýetmeli ahyry. Häziriň özünde ony tapsana, körpe.
Serž dükana tarap eňdi, eglenmänem yzyna gaýdyp geldi. Serž aýdylmaly zatlaryň baryny birin-birin aýtdy, emma ol eşitmedik boldy. Belki-de, hakykatdanam eşiden däldir? Hanym kassir bilen gürleşip durdy ahyry.
— Mesýö, ol indi köp eglenmän çykarmyka diýýän.
— Eýýämmi? Onuň näme satyn alandygyny gördüňmi?
— Lyžaly typmak üçin geýilýän ýörite eginbaş alypdyr.
— Anyk gördüňmi?
— Elbetde. Hanha-da ol.
— Gyssan.
Ol çatrykdan öwrüldi.
— Siziň şol tanaýan diýýän hanymyňyz lyžaly typmagy gowy görýärdimi?
— Gowy görýärdi.
— Aý, indi ikiň biri lyžaly typýar.
Ol mesýöni gynandyrasy gelmesede, ýuwaşlyk bilen:
— Birden bulam şo hanym däl bolsa näme?! — diýip, sözüniň üstüni ýetirdi.
Zenan ýene bir jaýa girdi. Otuzynjy jaý. Ol şu ýerde ýaşaýarmyka?! Ahmal şeýledir. Olar diň saldylar. Aýak sesi basgançak bilen ýokarlygyna barýar, ýokardan açarlaryň şakyrdysy eşidilýär, birdenem dym-dyrslyk bolýar.
― Bäşinji gatda — diýip, oglanjyk gygyrdy.
— Sag bol, Serž, görüşýänçäk hoş. Men ýokarky gata çykaýyn.
— Ýeke özüňizmi?
— Hawa, indi kyn däl ahyry.
— Diýmek, siz şol hanymdygyna ynanýaňyzda...
— Men hemişe ynanýaryn, ynanç — meniň gözüm, görşüm. Hoş gal, oglum, men gatlary sanaryn alada etme — diýip, germewden ýapyşyp, ýokary çykyp başlady: ikinji gat. Ol şu ýerde ýaşaýarmyka?! Näme üçin ýaşamaly dälmişin?! Şäher etekden şu ýere göçendir-dä. Ol asylam şo ýerde galasy gelenokdy ahyry. Üçünji gat. Kakasynyň ýagdaýy nähilikä?! Dükandakak oglanjyk bir sorag berjek bolupdy-da. Emma edil şol pursadam ýitigimiz peýda bolupdy, Serž hiç zada ýetişmän galypdy. Aý, bor-la, munuň känbir ähmiýetem ýok-la. Soragyň nähiliräk terzdedigini ol şeýle-de güman edýärdi. Indi on ýyldyr ol şo soraga jogap berýär, hatda her gezek gabaklaryna elini degirmek indi halys endigine-de öwrüldi. Hawa-a, on ýyl. Serž: «Oňa-da on ýylmy?» diýip, soramagam ahmaldy. Dördünji gat. Hawa, oňa-da on ýyl: ajaýyp aw bolupdy, tokaý tutuşlygyna bir hazyna. O ýeri «hemmetaraplaýyn öwüsýän ýel» diýip atlandyrýardylar. O ýer durşuna arçalykdy, köpdi, gaty köpdi. Tüpeňiň sesi gyrymsy agaçlaryň arasyndan çykypdy. Onuň gözlerinde Gün edil aýna bölegi ýaly çym-pytrak bolupdy. Özi bolsa onuň gyýçaklarynyň üstüne ýykylypdy. Bäşinji gat. Baýramçylyk gijesi bolsa şo-ol dowam edip dur, dowam edip dur. Ireniň kakasy «Sizden gowy mugallym çykar» diýipdi. Şol döwürde olar bir liseýde işleýärdiler. Ol ýaňy işe başlan ýaş mugallym, Ireniň kakasy bolsa gimnastikadan ders berýärdi. Ol ýaş mugallyma ilkibaşdan gowy garaýyşly bolan ýeke-täk adamdy öýdýän. Ol näme öwredip biler?! Heý-de ylymda el bilen görüp bolýa diýen düşünje barmy?! Ol eliniň aşagynda süýri zady duýdy. Bu nämekä? Boşluk barlyga öwrüldi. Ol biraz aýak çekdi: birden bärde birnäçe gapy bar bolsa näme? Ol: «Onda bagtymyzy synap görmeli bolarys-da» diýip pikir etdi. Barmaklary elde haşamlanyp ýasalan atýazgyly tagta degdi. Ol ony düzedişdirip, soňam gysymlady, ýene-de süýrümtik zat, hä, onuň ýüzünde-de oňa tanyş nagyş. Baýramçylyk diýibem şuňa aýdaýsaň! Aňrybaş şowlulyk: kenara golaýladyk, roždestwo şemleriniň ýagtysy, Iren!
Ol gapyny kakdy. Aýak sesi. Gapy jygyldap açyldy. Iren?!. Ol bir ädim öňe süýşdi, elini howada galgatdy ― boşluk. Daş-töweregini sermeleşdirdi, soňam elini öňe uzatdy. Ahyry iki eli bilen sermeläp başlady. Hasasy elinden gaçdy. Bu boşluk haçan gutararka, bu gulagyňy deşip gelýän ümsümlik nireden eşidilýärkä?! Bu ýerde näme bar, otagmy?! Ol bir zada büdredi. Nämekä?! Hiç kim ýokmy?! Ol: «Bu ýerde adam-gara barmy?» diýip, bogazyna sygdygyndan gygyrdy. Çep tarapdan şygyrdy eşidildi.
— Ol ýerde kim bar? Iren? Bu sizmi? Hä?

© Rože BORDIÝE,
fransuz ýazyjysy

Fransuzcadan terjime eden: Merjen PÜRJÄÝEWA.
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 62 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Rože Bordiýe | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 19:55, 13.12.2022
hekaýaň orsçasy ýok ýaly. gözläp tapmadym.
gowy terjime bolupdyr.
hekaýaň yzy bar.
ýöne, ony özüň düzmeli. :-)
avatar
0
2 Bagabat • 09:29, 15.12.2022
Edebiýatda (kino, teatr sungatynda) sýužetiň, ýagny beýan edilýän wakanyň iň gyzykly ýerinde şarpa üzülmegi, ir döwürlerden bäri awtorlar (režissýorlar, dramaturglar, ssenaristler) tarapyndan ulanylyp gelinýän çeperçilik usuly. Mysal üçin, “Müň bir gije” ertekisinde Şährizada, her daňdan diri galmak üçin, patyşa gürrüň berýän ertekisini iň gyzykly ýerinde üzüp, patyşa özüni ertesi gijede wakanyň nähili gutarandygyny bilmek üçin diňlär ýaly edýär.

Ýa-da ýene bir has gadymky mysal, Eflatun (Platon) özüniň Atlantidaň heläk bolmagy hakyndaky “Kritiý” atly dialogynda, grekleriň Baş Hudaýy Zewsiň Atlantidany ýok etmegiň kül-külüne düşüşi baradaky jemleýji sahnasyny şeýle tamamlapdyr:

“Ine-de Zews hudaýlaryň hudaýy, kanunlary berjaý kylyjy, biziň aýdan zatlarymyzy oňat aňşyryp, şeýle gözgyny azgynlyga sezewar bolan şöhratly kowum hakda oýlandy-da, oňa jeza bellemegi niýetine düwdi, şol kowumyň belaýy-serhoşlukdan açylyp, asyllylygy öwreneri ýaly. Şonuň üçinem ol hemme hudaýlary dünýäniň göbeginde dikeldilen, dogulmaklyga dahylly ähli zatlara syn kylyp bolýan öýleriň şanlysyna çagyryp, ýygnananlara şeýle sözler bilen ýüzlendi...”.

...Eflatunyň döwründen soň geçen 2500 ýyla golaý wagt bärem (Platon 428/427 ýa-da 424/423 – 348/347 ýyllarda ýaşan), Zewsiň Atlantidany ýok etmek üçin mejlise çagyran “kärdeşlerine” nähili sözler bilen ýüzlenendigini hiç kim bilenok.

Soňky döwürler bu usuly “kliffhenger” diýen iňlis idiomasy bilen atlandyrýarlar. Kliffhenger – bu “cliffhanger” ýa-da “cliffhanger ending” diýen, “gorpuň üstünde asyl-asyl duran” diýmegi aňladýan iňlis sözünden gelip çykan adalga.
Bu çeperçilik usuly, eseriň sýužet akymynyň dowamynda çeper gahrymanyň başdan geçirmesini (ýa-da ruhy hunabasyny) dartgynlylygyň ýokary derejesine ýetirip, iň jygba-jyg (kulminasion) pursatda-da, wakany şarpa kesmekden ybarat.

Bu usulyň maksady esasan şu aşakdakylar bolup durýar:

1. Okyjyny (tomaşaçyny) özbaşdak pikirlenmäge mejbur etmek;
2. Wakada doly aýdylmadyk (hetjikläp çeýnelmedik) detallary goýmak bilen esere bolan gyzyklanmany artdyrmak.

Çeper döredijilikde kliffhenger termini (adalgasy) ulanylyp başlamanka, bu çeperçilik usuly “intriga” diýlip atlandyrylypdyr. Ýöne häzirki zaman edebiýaty we sungaty öwreniş nazaryýetinde bu ikisini, ýagny kliffhenger bilen intrigany biri-birinden tapawutlandyrýan awtorlaram bar. Olaryň pikirine görä, kliffhenger esasan kino sungatynda, özem onuň serial žanrlarynda has köp ulanylyp, dartgynly pursatda kesilen sýužetiň dowam etdiriljekdigini aňladýandygyny, intriganyň bolsa, esasan çeper edebiýatda giňden peýdalanyp, üzülen sýužetiň soňra dowam etdirilmeginiň hökman däldigini nygtaýarlar.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203