09:23 Ysmaýyl / hekaýa | |
YSMAÝYL Meň köpden bäri sag aýagymyň dyzy agyrýar. Agyry birde peýda bolýar, birde ýitýär. Agyran wagtlary bir iki ýyllap agyrýar, köşeşen wagty hem edil şeýle, bir iki ýyla çekýär. Agyry kän bir biýnjalyk etmese-de öz bardygyny bildirip durýar. Dyz agyryny bejerip bilýän lukman biziň çäklerimizde ýok bolsa gerek? Eýsem ol agyry lukmanlykmy bir diýsene? Men dyz agyry barada bir eýýäm unutdym, şu günlere çenli unutdym. Iň soňky gezek meň dyzym 2-3 ýyl mundan öň agyryp görüpdi. Indi welin şu ýylyň birinji fewralyndan başlap meň dyzym ýene agyryp başlady. Edil bir heläk edenok, ýöne güldüribem baranok. Meň dyz agyrym ýöne ýere başlamadygyny bilýän, oň öz boluşly sebäpleri bar, edil dyz agyryň başlamagy bilen meň oglum 10 ýaşady. Dyz agyry bilen meň oglumyň doglan güni gabat geldi. Eýsem buňa nädip düşünip bolýar? Meň bir gowy görýän ýazjym şeýle diýýär: —Eger çagada ýaramaz pikirler peýda bolup başlasa, oň ene atasynyň dyzlarynda agyrylar peýda bolup başlaýar. Çagaň ruhy bilen oň ene atasynyň dyzynyň arasynda nähili baglanyşygynyň bardygyny men bilemok. Ýöne men mydama öz okan zadyma ynanýan. Yzyma seredip oýlanyp görsem, meň dyzlarymyň agyran ýyllary bilen oglumyň garagol bolan döwürleri gabat gelýär. Hawa, meň oglum diýseň garagol. Ýöne bu wagtky dyz agyry meň oglumyň garagollugy bilen hiç hili bagly däl. Bu dyz agyry meň oglumyň buýsanjy bilen bagly. Oglumyň doglan gününe daýylary täzeje telefon alyp berdiler. Ol telefon meň öz ulanýan telefonymdan gowy. Onsoň meň oglumyň kalbynda entek hiç wagt bolup görmedik buýsanç peýda boldy. Hamala, öz deň-duşlaryndan diňe oň özünde şeýle telefon bar. Diýmek, meň oglum özüni başgalardan ýokary saýýar. Bu pikirler bolsa adam ruhy üçin diýseň zyýanly. Maňa oglumyň pikirleri aýan, şol pikirler üçin meň dyzym agyrýar. Oglumy öňüme alyp oňa bar zady düşündirsemem bolýar welin. Eger men şeýle etsem, dyz agyrysy edil telewizoryň öçürilişi ýaly ýitip gitjeginem bilýän, ýöne ogluma bar zady dogry düşündirmäge gerekli sözleri tapyp bilemok, (ýa-da ýaltanýan?). Tapynçam welin meň dyzym yzyny üzmän agyrar, maňa dünýäň iň gowy lukmanlary hem ýardam edip bilmez. Nähili düşünmek kyn bolsa-da dünýede bar zat bir-birine bagly. Kakasynyň eden işleri aýlanyp gelip ogla urýar, oglunyň eden işleri bolsa aýlanyp gelip kaka urýar. Bu baglanyşyk hiç haçan üzülenok, hatda men ölenimden soň hem oglumyň ýaramaz pikirleri maňa geler durar, ýöne dyz agyry hökmünde däl-de dowzahyň ýalny hökmünde… Çeşmesi: https://biz.islenen.ru/23589-rahman-zulfikarow-ysmayyl.html. 10.04.2023ý. | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |