22:57 Ýürek | |
ÝÜREK hekaýa Ol özüni söýmedik, ahyrsoňam taşlap giden ärinden hat aldy. Hat onuň gidenine iki ýyl bolandan soň alys ülkeden gelipdi. Ol ýazýardy: “Çaga top oýnamaga rugsat berme. Onuň urgulary maňa eşidilýär-de, meniň ýüregime urýar”. Ol dokuz ýaşyndaky gyzjagazyň elinden rezin topy aldy. Adamsyndan ýene hat geldi. Has uzakdaky bir ýerden. “Goý, gyzjagaz,” diýip ol ýazýardy: “mekdebe gön paşmakly gitmesin. Onuň aýaklarynyň tapyrdysy maňa eşidilýär-de, mende edil meniň ýüregim depelenýän ýaly duýgy döredýär”. Ol gyzyna gaýyş köwşe derek ýumşak fetr sandalyny berdi. Gyzjagaz aglady, munuň soňam gyzjagazyň mekdebe gitmesini bes etmegi bilen tamamlandy. Ikinji hatyndan bir aý soň äri ýene birini iberdi. Onuň haty tagaşyksyz, ysgynsyz, garryýasawdy. Ol ýazýardy: “Gyzjagaza farfor tabakdan iýmäge ýol berme. Bu gap-gajyň şaňňyrdysy maňa eşidilýär-de, meniň ýüregimi paralaýar”. Onsoň aýaly gyzjagazyny, edil ol üç ýaşlyja çagajyk deý, owkatlyk agaç taýajyklar bilen naharlamaga başlady. Aýal, gyzy üç ýaşyndaka adamsynyňam şadyýan hem razy halda, heniz öz ýanlarynda wagtyny ýadyna saldy. Ejesinden soraman gyzjagaz bir gezek, tekjejigiň ýanyna bardy-da, öz tabagyny aldy. Ejesi gyssanmaçlyk bilen gyzynyň elinden farfor tabagyny alyp, baglygyň içine zyňyp goýberdi. Tabak daş düşelen ýodajyga uruldy-da, çym-pytrak boldy. Aýalyň göwnüne bolmasa, bu äriniň ýüregi darka pytran ýaly bolup göründi. Ol gaşyny çytyp, öz okarasynam gapydan daşaryk zyňyp goýberdi; ýene-de edil ýaňky ýaly ses eşidildi. A belkem, şu pursat aýalyň öz ýüregem jäjem bolandyr? Ol nahar iýilýän hantagtaçasynam daşaryk dazyrdatdy welin, olam bagjagaza zyňlyp düşdi. Eý-ho, bu sesi! Aýal dälirän dek, kagyzdan süýşürilýän germewe okduryldy-da, oňa ýumruklary bilen urmaga başlady, ony göwresiniň agramyna ýyrtybam ýere ýazyldy. – E-e-je-e!-diýip, aglamjyraýan gyzjagaz onuň ýanyna ylgap bardy:-E-e-je-e... e-e-je-e... Aýal dikeldi-de, gyzjagazyň ýaňagyna şarpyldadyp goýberdi: – Sen eşidýäňmi, sen eşidýäňmi bu sesi nejisje gyzjagaz?! Ýene-de äri hat ýollady. Ol täze, öňküdenem has daş ýerden ugradylan eken. Adamsy ýazýardy: “Siz indi dynnym ýalyjagam ses çykarmaly dälsiňiz. Siz indi gapylaram, sýodzilerem (kagyz germew ýa perde) açyp-ýapmaly dälsiňiz. Siz, onuň jykgyldysy eşidilmez ýaly sagat gurmaly däl. Siz demem almaly däl...”. – “Siz etmeli däl... siz etmeli däl... siz etmeli däl...”-diýip aýal pyşyrdaýardy, gözýaşlaram çeşmä dönüp onuň ýüzünden akýardy. Şeýdibem, şondan soň öýüň içinde ýekeje-de ses eşidilmän başlady. Bir söz bilen aýdanyňda, eneli-gyz öldüler. Ýöne, geň galaýmaly, ýassykda, merhum aýalynyň ýüzüniň gapdalynda, onuň merhum äriniň ýüzi parahat ýatyrdy. © Ýasunari KAWABATA Terjime: © Serdar ATAÝEW *** Ýasunaru KAWABATA Ýasunari Kawabata, 1899-njy ýylyň 11-nji iýunynda doglup, 1972-nji ýylyň 16-njy aprelinde aradan çykan, ýapon ýazyjysydyr. Ol 1968-nji ýylda “Ýapon aň-düşünjesiniň özenini açyp görkezýän ýazyjylyk ussatlygy üçin” edebiýat boýunça Nobel baýragyna mynasyp bolupdyr. Ý.Kawabatanyň eserlerinde ýapon halkynyň, medeniýetiniň, aň-düşünjesiniň milli çeperçilik dessurlary çuňňu beýanyny tapýar. Şol birwagtda-da Ý.Kawabata öz eserlerinde häzirki zaman dünýä edebiýatynyň usullarynam erkin hem ýerlikli ulanýar. Onuň eserlerinde esasanm hem ýazgasty (podtekst) ýaşyryn manylylyga, ýarym gümürtiklilige, suggesitiwlige (çeper ýaňzytma) aýratyn üns berilýär. Ý.Kawabatiniň esasy eserlerine “Gar ülkesi”, “Köne paýtagt”, “Dagyň iňňildisi” we beýlekiler degişli edilýär. Ý.Kawabatiniň özi bolsa özüniň baş eseri hökmünde “Meýdzin” romanyny hasaplapdyr. Ý.Kawabatiniň eserleri dünýäniň köp dillerine terjime edilip, onlarça millionlyk tiražda neşir edilendir. Ý.Kawabati, 1972-nji ýylda özüniň Dzusi şäherindäki öýünde kömürturşy gazy bilen zäherlenip aradan çykypdyr. Ý.Kawabatiniň ýa serhoş halda betbatgçylyga uçrap heläk bolandygy ýa-da özüni heläkländigi hakynda çaklamalar öňe sürülse-de, onuň aradan çykmagynyň sebäbi häzire çenlem çürt-kesik kesgitlenmedik. Häzirki döwürde, 1974-nji ýylda “Sintýosýa” neşirýaty tarapyndan döredilen, Ý.Kawabatiniň adyny göterýän edebiýat baýragy Ýaponiýada abraýly baýraklaryň biri bolup durýar. | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |