08:34 Ýürek | |
Ýürekde hiç wagt gara bolmaýar, gara bolan pikir-düşünjämizdir. Ýürek elmydama ýagşa meňzeýär, ýagyş bolsa ähli zatdan tämizdir. Käte ýürek bir zat, aň bir zat diýer, dünýäde goh bolsa, şolaň sesidir. Dogry bolup biler aklyň aýdany, ýöne ýüregiňki haýyrlysydyr. Akyl aýdym aýdar, haýrandyr älem, oňa ähli barlyk sesini goşar. Ýüregiň urgusy — dünýäň hüwdüsi, ol şonuň üçinem ebedi ýaşar. 2021 © Süleýman HOJANEPESOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
0
| |