20:13 Ýürekdäki ses | |
ÝÜREKDÄKI SES Ne saňa, ne maňa aýan bu täleý, Öz saýlan ýolumyz özümize geň. Kada-düzgünleri bozup bormy teý! Olar «Arma-an» diýen sözümize deň. Duýman durkam alyp gelýär serhede, Adamlara mahsus meýil gähide... Göz, dil diýen zatdan bolup elheder ne aýlanyp bilýäs seýilhählerde. Restoran-kafeler ikimize ýat, Ýuka däl bolsa-da jübülerimiz. Söýgi biziň üçin çekende perýat Pynhan derdinişen jübütleri biz. Küýseg telwas urup gelende sere Biri-birimize geçýär essimiz. Siňýär şirin-şirin SMS-lere, Tolgunjymyz, gülkülermiz, sesimiz. Jaňlaşmasak, ýürek bilen oňuşman düşýän ýermiz del dünläleň nirikä? Biz – birek-birege hiç wagt gowuşman, Pynhanlyga siňip gitjek lirika... 24.10.2023ý © Akmyrat JUMAÝEW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |