Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:35
Deleted
Deleted
Bölümler: Powestler | Görülen: 58 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
1
1 Мango • 10:13, 02.12.2022
“…Ýaman erbet boldy…” bilen “…Ýaman gowy boldyň…” arasynda gowuly-erbetli ýaman kän ýatlama bar ken. Kä ýerinde ýaman ýadadýan ýerlerem bar.
Hemem ýatlamalarda öňki ýazanlaryňa meňzeşlik bar (bir stil), bir zat görüp ýatlamaga başlaýar…. “gidip barýan ekenler”-li ertekäde çalym edýär.
Kiçi bar eken hemem Uly.
Olar dost eken. Ýaman gowy dost eken.
Kiçi kiçi ken, Ulam uly ken.
Olar gidip barýan ekenler, gidip barýan ekenler.
Öňlerinden suw çykypdyr.
Uly: “suw kiçiňki, senem Kiçi” diýip Kiçä suw içiripdir.
Soň özi içipdir. Ýaman gowy bolupdyr.
Ýene-de gidiberipdirler, gidiberipdirler.
Öňünden mekdep çykypdyr.
Olar mekdebi okap bolup, ýenede gidiberipdirler, gidiberipdirler.
Öňlerinden wöýenkomant çykypdyr.
Wöýenkomant: esger bolmasaňyz, iki üzüp, bir ýalmaryn” diýipdir.
Olar esger bolupdyrlar. Esger bolup bolansoňlar ýene-de gidiberipdirler, gidiberipdirler. Öňlerinden gurluşyk çykypdyr.
Olar işläpdirler, işläpdirler.
Uly ýadapdyr. Kiçi ýadapdyr.
Uly diýipdir: jaý ussasy kyn, gel, maşyn ussasy bolaly.
Kiçem diýipdir: hawa, jaý ussasy kyn, gel, maşyn ussasy bolaly.
Maşyn ussasy bolupdyrlar. Ýürekleri gysyp ýene-de gidiberipdirler, gidiberipdir. Öňlerimden ullakan dükan çykypdyr. Dükançy bolupdyrlar.
Soň Kiçi Ula “dawaý mal bakaly” diýipdir.
Uly ýaltanypdyr. Kiçi ýaltanmandyr.
Kiçi mal saklapdyr. Uly saklamandyr.
Kiçiň puly köpelipdir, Ulyňky köpelmändir.
Aý-günler geçiberipdir, geçiberipdir.
Uly bir gün öýkeläpdir, Kiçi gynanypdyr.
Erbet bolupdyr. Gowy bolmandyr.
Kiçi gynanyp melleginde ýer depipdir.
Melleginde erik agajyny görüpdir.
Ýadyna düşüberipdir ýadyna düşüberipdir Uly bilen erik ogurlamaga gidişleri.
Soň Kiçi kümede köne kürsä gözi düşüpdir.
Kyn günleri ýada düşüpdir. Kakasynyň ýogalan güni aglaýşyny ýatlapdyr, Ulyň göwünlik berişini ýatlapdyr.
Soň ýüzüni-başyny ýuwupdyr. Birden ýeňsesiniň şramyna eli degipdir.
Ýene ýadyna düşüberdi, ýadyna düşüberdi.
Meýdanda Uly bilen urşuşy. Uruş erbet boldy. Gowy bolmady.
Öýkelediler. Gynandylar.
Kiçi ýallaklamaga ýa-da ýaraşmaga Ulylara gitdi.
Barsa Uly ýok eken.
Uly hem ýallaklamaga ýa-da ýaraşmaga Kiçilere gitdi.
Barsa Kiçi ýok eken.
Kiçi yzyna gaýtdy.
Uly hem yzyna gaýtdy.
Ýolda olar duşuşdylar.
Ýaraşdylar.
Gowy boldy.

——
Kyn boldy, bu ertekini ýazmak.
Powesti ýazmak dagy nähili kyndyr.
Zähmetiňe, yhlasyňa berekella.
Okamazça däl. Gowy.
avatar
0
2 Bagabat • 10:22, 02.12.2022
Bejerdiň...
Kesesinden synlamak ýaman kyn zat.
Nähili görünýär (görünýäň)?
Nähili eşidilýär (eşidilýäň)?
"Nähili okalýar?" hasam kyn...
Ençeme wagt siňdiren zähmetiň iň soňunda-da şuň ýaly samrama bolup kesesinden görünýän (okalýan, eşidilýän) bolsa, onda oň bahasy gara şaýy...
"Ýazanyňdan ýazmanyň gowy" diýilýäni...
Sag bol.
Dogry sözüňe.
avatar
1
3 Мango • 10:33, 02.12.2022
Gulgeldi ýetim barada. Başda ilki agzalýan ýerinde ol özleriniň deň-duşy ýaly görünýär.

“…iýenimiz-ä iýeris, iýmedigimizem eltip, ho Gulgeldi ýetimleriň gädigine guýup gaýdaly. Olaň kakasam ýok, erigem.

Gulgeldiň kakasy ýok. Ol ýetim. Gulgeldem onuň ady. Şeýle dälmi?

“Handurdy bolsa, ýene-de eli çaga pişigiň kellesi ýaly turply, Gulgeldi ýetimiň oglunyň horja arkasyny maýajyna alýardy.
Gulgeldi ýetim bu ýerde indi onuň (deň-duşunyň) kakasy ýaly görünýär.
Bulaşyklyk barmy? Ýa men ters düşünýänmi?
avatar
1
4 Мango • 10:40, 02.12.2022
Öýkeletdim.
Bu ýaman erbet boldy.
Bagyşla.
Ýöne, öýkeläniňe-de ynanamok.
Öýkäň ýok bolsa, bu ýaman gowy bolar.
—-
çagalykdaky başdan geçirmeli ýerleri, meýdandaky uruş… 
şo ýerler ynandyryjydan ussatlyk bilen gyzykly ýazylan. Hezil edip okadym.
başky bölümde, telekeçilik, dükan açmak, maldarçylyk, kredit… ýaly ýerlerinde propogandaň ysy gelip gitse-de kän suwy çykarylmandyr. Şolam gowy.

aý, Serdar kaka… sen-ä meni ünjä goýduň.
bagyşla, üç gezek bagyşla.
avatar
0
5 Bagabat • 11:02, 02.12.2022
Alada etme, ünjä-de galma.
Öýkeläre, gaty görere zat ýok.
Bir dostum bar. Rus dilini bilşi ýabygorlyrak. Bir gün baýramçylygyň öň ýany nobatçylykda otyrka rus kärdeşlerimiziň biri: "С наступающим" diýipdir welin, olam: "Заступил?" (Ýagny: "Nobatçylygy ýaňyja kabul etdiňmi?" diýen manyda) eşidip: "Не-е-лай, Пеланы Пеланыевна, давно сижу!" diýip jogap beripdir ("Nobatçylykda köpden bäri otyryn" diýen manyda). Menem şoňa meňzeşlikde, oň ýaly muň ýaly belliklere ("не-е-лай, давно сижу" diýen manyda) öwrenişerçe boldum (...mykam diýip hasap edýän). 
Diňe erbet täsir edýän zady, öz duýgyň, öz ynamyň özüňi aldaýanlygynda.
Başarmaýan işiňe baş goşmak - bu gözgynylyk...
avatar

Старая форма входа
Total users: 203