Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:23
Ýyl täzelenýär
Ÿyl täzelenÿär

Aÿlanyp dur dynman pelegiñ çarhy,
Ÿyl täzelenÿär, dolanÿar aÿlar.

Zemin dowam edÿär öñki ÿoluny,
Günem üytgetmeÿär köne salyny.

Ÿapraklar tänÿär
siñÿär topraga
Adamlar ölÿär
çümÿär ÿapraga.

Seń aladań däl-ä ölüm barlygy,
Dirilik agramyn göterÿäñ neneñ?
Jogap, soraga!

Ölÿär adamlar,
dostlaryñ ölÿär.
Topraga öwrülÿär ašyk tenimiz.
Sen säginÿäñ,
sen dymÿañ!

Hormatyna dostlugyñ,
hormatyna ynsanyñ,
hormatyna zeminiñ
hormatyna asmanyñ
dym,
dym bir salym!

Dymÿañ hormatyna barlygyñ,
hatyrasyna ölmüń.
Onsoñ oÿlanÿañ:
„Aÿlanÿp dur sagat
Akyp dur zaman
gaÿtalanÿar ynsan,
Dogulÿar,
ölÿär,
dogul,
öl

Tekrar, tekrar
Galÿar müñ ykrar.”

Ÿene ÿüz tutÿañ …
„Eÿ ygrarsyz asman, ykballar çüÿrük,
Bu dogulmak, ölmek, ÿene dogulmak
nämäñe gerek!?”
Ÿyllar täzelenÿär,
Gojalÿar ÿürek.

Ybrahym B. 2022
Bölümler: Goşgular | Görülen: 54 | Mowzugy paýlaşan: ibrahimbadakhshan | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 08:40, 01.01.2023
Goý, onda 2023-iň birinji teswiri meniňki bolsun. :-)
Asmana ýüz tutulýan ýeri: „Eÿ ygrarsyz asman, ykballar çüÿrük,
Bu dogulmak, ölmek, ÿene dogulmak
nämäñe gerek!?” - şo ýerde “nämäňe gerek” diýilse asman dogulýan-ölýän ýaly dälmi? Belki “nämäge gerek?” (nämä gerek) bolmalydyr.
Gowy goşgy, başga-da kellä gellenler bar, onam ýazaryn, nesip bolsa.
Näme-de bolsa, gelen ýylyňyz gowy ýyl bolsun.
avatar
0
2 Мango • 10:12, 01.01.2023
Akyp dur zaman
gaÿtalanÿar ynsan,
Dogulÿar,
ölÿär,
dogul,
öl

Tekrar, tekrar

Aslynda bu dogum-ölüm tekrary biziň her demimizde bolup geçýär.
Öýkene dem sorýas -ýaşaýas, demimizi daşyna çykarýas -ölýäs.
Derrew dem alýas - direlýäs…
Her dem ölüm bilen dirilik arasyndaky bir aksiýa.
Ýöne, öwrenişmeklik köp zady perdeleýär.
avatar
0
3 Medicall • 23:45, 01.01.2023
Soñky bölegi Çary Ýegenmyradowyñ "Mynajat" goşgusyny ýatlatdy. Onda;"Eý Hudaý.." diyip başlanýamydy, anyk ýadyma düşenok şu mahal.

Hasap soramagy dogry hasaplamok.

Ýyllar tãzelenip dursa gowy, Bizem oña şaýat bolup ýörãn bolsak diymek, ýaşaýyş dowam edip durandyr.

Hezreti Magtymguly: "Bu ölmek, aýrylmak galypdyr öñden" diýýar, diymek muny biz ynsanlar düzedip, dogrylap bilmejek zadymyz...

Gurbannazar Ezizow diýýär: "Zemin aýlanyp dur,
Oñatlyk örãn.
Hiç bir güýje oñ ýoluny tutma ýok.."
avatar

Старая форма входа
Total users: 203