Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:40
Zinaida Gippiusdan

ЗИНАИДА ГИППИУС

Смотрю на море жадными очами,
К земле прикованный, на берегу...
Стою над пропастью – над небесами,–
И улететь к лазури не могу.

Не ведаю, восстать иль покориться,
Нет смелости ни умереть, ни жить...
Мне близок Бог – но не могу молиться,
Хочу любви – и не могу любить.

Я к солнцу, к солнцу руки простираю
И вижу полог бледных облаков...
Мне кажется, что истину я знаю –
И только для нее не знаю слов.

***

Aç gözlerim bilen deňize bakyp,
Ýere çüýlenen dek kenarda durun.
Asmanyň üstüne − uçuda çykyp,
Uçup gitmegiňem tapamok ugrun.

Baş götermelimi ýa boýun bolup...
Ölmäge-de, galmaga-da dogum ýok.
Hudaý golaýymda, bilemok sygnyp,
Isleýärin, emma söýüp bilemok.

Çogly Güne ellerimi ýuwýaryn,
Synlap ak bulutlaň perdelerini.
Göwnüme, men hakykatam bilýärin,
Aýdyp başaramok söz bilen ony.

© Зинаида ГИППИУС

Terjime: © Aýgül GARAÝEWA
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 109 | Mowzugy paýlaşan: aygull | Teg: Зинаида Гиппиус | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 16
avatar
0
1 Мango • 17:26, 13.12.2023
gowy terjime Aýgül hanym.
birinji kupletiň dagy ussatlarça bolup durupdyr.
(originaly bilen şaplaşyp dur).
avatar
0
2 Ýaran_Ýagmyr_99 • 19:47, 13.12.2023
Zinaida hanynyň adamsy Merežkowskiniň romanlary gowy. Bularyň ikisi hem birhili guduz dindar.

Bu awtoryň iň gowy goşgularyndan-a däl bolsa gerek. Ýöne üçünji bent rus şygyrýetiniň "kümüş" asyrynyň manysyny gowy berýär.

Gahrymanymyz haýsydyr bir dünýäden daşardaky hakykatyň, söýginiň, eşretiň... garaz, dünýäde ýok reallyklaryň çeşmesi bolan Hudaýa ymtylýar.

Güneşe ellerini uzadýar. Özem Güneşe, Güneşe diýip gaýtalanýar, sebäbi bu Hudaýy aňladýar. Emma güneş ýuka bulut gatlaklaryň aňyrsynda, onuň öňi gabsalan.

Şahyr şu ekstazly pursat bilen jemleýär: men Hudaýa, Hakykata akyl ýetirdim, emma bu dünýäde muny beýan edip bolanok diýýär. Ýagny dünýäde, musulman sopularynyň aýdyşy ýaly, beýle HALy aňlatmaga KAL ýok, söz ýok.

Şeýlelikde, üçünji bent, iň ähmiýetli bölek ýeterlik takyk terjime edilmändir öýdýän. "Ellerimi ýuwýan" asla bolmasa gerek. Ol nurana hakykata gözüň tokunmagy - iň beýik pursat, beýle pursaty beýan etmäge söz ýok. Oňa eliňi ýuwmak küpür bolaýmasa.

Şygyrda iň soňunda aýdylýan - ýeke sekuntlyk deňsiz-taýsyz pursat: "Men şu wagt özümi Hakykata ulaşan ýaly duýýaryn, arman beýanyna söz ýok".

Zinaida hanym goşgyny doga hasaplapdyr. Onuň şygrynyň ylaýta-da, iň soňy aýratyn heýjanly, takwalyga ýugrulan, Hudaýa senaly setirler bolmaly ýaly.

Belki, soňky bendiniň terjimeçiniň menem bir wariantyňy bererin, hany, bir käse çaý içeýin.
avatar
0
3 Ak-sary • 20:05, 13.12.2023
Daýymyz aýtmyşlaý..goşguda ses bar...
avatar
1
4 Ýaran_Ýagmyr_99 • 20:11, 13.12.2023
Men güneşe gol uzadýan, güneşe,
Ol bolsa duwlanan ak bulutlara;
Göýä häzir hakykata ulaşdym,
Emma söz tapamok beýan etmäge.
avatar
0
5 aygull • 21:28, 13.12.2023
Men Güne, Güne golumy gerýärin,
Synlap, ak bulutlañ perdelerini.
Göwnüme men hakykatam bilýärin,
Ah. aýdyp bilemok söz bilen ony.
avatar
0
6 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:40, 13.12.2023
Şu ýerde üns bermeli simwolikalar:

Gün - Hudaý, Hak, Hakykat;

Günüň öňüne böwet bolýan, onuň öňüne perde tutýan bulut - sözler, ýagny adamzadyň ulanýan dili.

Şahyr Güne goluny uzadyp, oňa mynajat edýär (el ýuwmak - esgafrulla!).

Emma biziň dilimiz, düşünjelerimizi, pikirimiz (mahlasy, leksika, kelam, kal) Hakykata ulaşmaga-da, ony beýan etmäge-de diňe päsgel berýär, böwet bolýar. "Kümüş döwrüň" şahyrlary şeýle hasaplapdyrlar.

Diýmek, bu ýerde awtoryň сто лет görmejegi şol bulutlar. Olar - Günüň öňündäki perde, päsgelçilik. Siz bolsa ýene "bulutlara SEREDÝÄRIN" diýdirdýäňiz. Seretmejegi, görmejegi şol! Emma görmeli bolýar, aýrylanoklar. "Men hakykaty görmäge teşne, emma gatlak-gatlak söz görýärin" diýýär.

Soňky setirinde hem "Hakykaty beýan etmäge-de şol sözler ukypsyz, peýdasyz, biderek" diýýär.

Aslynda "ak bulutlar" diýmeli hem däl. Men ilki "çal bulutlar" diýdim, sebäbi bu manysy boýunça has laýyk. "Серые слова, серые мысли" diýen ýaly. Ýöne "çaL buLutlar" diýende iki L çaknyşyp, labyza zyýan ýetirdi. Ýogsam "ak, akja bulutlar" diýmek bu ýerde ýerlikli däl, olar hakykata böwet bolýan tutular manysynda bu ýerde. "Bulutlaryň perdesi" däl, "Günüň perdesi" özem.

Hem-de türkmen dilinde gün-den (день) tapawutlandyrmak üçin Gün (солнце) mydam uly bilen ýazylýar.

Ýene bir zat: "men ony" diýen söz tirkeşigi türkmen şygryýetinde setiriň yzynda gelse mydam ysgynsyz, gözgyny, göni aýtsam, emelsizligiň alamaty bolup görner, goşgynyň soňunda bolsa hasam gözgyny görner. Goşgynyň soňy biraz zarňyldyly, gujurly, janly ýaňlanmaly.

"...men ony" bolar, eger garaz manysyny bereýin diýip terjime etseň. Emma hakyky çeper terjime, sungat eseri boljak bolsa beýle, bagyşlaň, "myňňyldy" bilen gutarmasa gowy.
avatar
0
7 aygull • 22:42, 13.12.2023
Menem şony "myňňyldatmajak" bolýan welin...
avatar
0
8 aygull • 22:43, 13.12.2023
Onda täzedenmi?
avatar
0
9 Ýaran_Ýagmyr_99 • 23:05, 13.12.2023
Ony men aýdyp bilmerin. Seçim sizde. Ýöne originaly okanyňyzda täsirlenip, terjime etmäge höwes dörän bolsa, türkmençe okajaklara-da şol täsiri ýaşatmak işlän bolsaňyz gerek. Onda asylky goşgynyň ruhuny, motiwini, pafosyny, duýgy dünýäsini terjimede janlandyrmaga çalyşmak gerek.

Ýöne "türkmen okyjylary şeýle şahyr bilen tanyşsynlar, bardygyny bilsinler, gyzyklanýanlar, soň doly düşünmek üçin rusçasynda okaýsynlar" diýseňiz başga gep. Bu-da haýyr-sogap iş, emma asyl nusgasyna ikinji ömür berip duran goşgy ýaly bolmaz.

Rus dili türkmençä garanda gysby, iňlis has gysby.

Bu kynçylykdan çykalga hökmünde on dört bogunly, uzyn setirli edip düzseňiz manysyny arkaýyn berip bilerdiňiz. Ýöne öňki ölçegini saklasaňyz has şowlulyk bolar.

Umuman, bular ýaly dini-pelsepewi temalarda türkmen dili entek ýeterlik baý. Başga temalarda kynrak bolýar.
avatar
0
10 aygull • 23:30, 13.12.2023
Üstünden wagt geçirip üç-dört gezek jora bolmaga bardym Gippiusyň ýanyna. Göwni ýetenok maňa. Ýöne menem-ä...leňňeçdirin, göreli hany
avatar
0
11 Ýaran_Ýagmyr_99 • 23:34, 13.12.2023
"Ah, aýdyp bilemok" diýen ýeriňiz formal taýdan originaldan daşlaşsa-da, aslynda onuň ruhuna has laýyk gelýän şowlulyk bolsa gerek.

Şygyrýetde çeper terjime, ine, şeýle hem bolmaly: düýbünden başga sözler ýaly, emma originala başga dilde "dil bitirýär", çünki türkmen okyjysynyň ýüregine ýakyn bolýar, ýüregine ýol açýar.
avatar
0
12 aygull • 23:36, 13.12.2023
Menem ruhy ücin azara galýan terjime-de. Iň lezzet, iñ ezýet berýän tarapam şol. Ýogsa, ne gerek terjime?
avatar
0
13 aygull • 23:39, 13.12.2023
"Ah, aýdyp bilemogy" "Ahhhhhhhh, aýdyp bilemok" diýip okamaly, beýdip ýazyp bolanok-da ýöne.
avatar
0
14 Ýaran_Ýagmyr_99 • 23:52, 13.12.2023
Patyşa Russiýasynyň aristokratiýasynyň içinde-de ruhy aristokratiýa bolan ol elita gatlak şahyrlaryň döredijiligini türkmen okyjysyna elýeter etmek kyn bolaýmasa Ýaşan, döreden atmosferalary, gyzyklanan tematikasy, dünýäni kabul edişleri düýbünden başgadyr. Ýewropa medeniýetli, 5-20 dil bilenler. Olardan köpri çekmek kyn. Soňky kommunistik döwrüňkiler ýönekeýräk. Esasan syýasat. Bularyňky bolsa inçe-nepis materiýalar. Garaz, "Gaýrat et" diýäýmek galýar.
avatar
0
15 aygull • 00:13, 14.12.2023
Tanalmaýanlary tanadasyñ gelip dur-da. Ýogsa, diñe Swetaýewa bn Ahmatowa...Hamy, güýjümiz ýetse?!
avatar
0
16 Seýrаn • 09:04, 14.12.2023
Terjime erbedem däl. Ýaran jikme-jikläp beripdir. Güýçli bolmasa-da, täsirli şygyr.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202