MENU

09:54
Biz
Senem, menem ỳalñyz munda
ikimizem dertli, dertdeş,
bolmasamda golaỳyñda
Bolmalydyñ golaỳymda.
Dälmidik biz juda meñzeş?

Gussaly şygrymyz bilen,
Geçmejek çygrymyz bilen.
Bir-birekden habarsyz,
ỳöreỳän ugrumyz bilen
Meňzeşdik.

Öỳkäñe tapman tesseli
Gussañy goşga baglaỳañ.
Duỳgymyz ỳatyr keselli,
Meñem ỳazanlam aglaỳar.
Juda golaỳka aramyz
Bu daşlyk kalbym daglaỳar.

Ỳorgan edip gijelerne
ỳalñyzlygy ỳapyp ỳörüs.
Şygyrlaryñ inçelerne,
Pikirlermiz sapyp ỳörüs.
Batyp ỳörüs soñam ine
aýralygyñ girdabyna!
Nämä derkar munça gaỳgy
Bilbilim bol! Gir bagyma!

Saña söỳgim umman ýaly
Tolkun atỳar gursagymda.
Gel, bile geçeli ỳoly
Senem, menem ỳalñyz munda!
Awtor:Nurekowa Gülnäz
Просмотров: 28 | Добавил: Nurekowa | Рейтинг: 0.0/0

uCoz