23:38 Görogly / goşguda ýazylan roman -1 | |
Exclusive 1-nji roman ![]() GÖROLYNYŇ DÖREÝŞI Öňüsyrasynda Oguz-türkmen ýoly asly — merdanalyk ýoly eken, Şonuň üçin onuň ýoly rowaýatdan doly eken. Gerek ýerinde ýolbars-şir, gerek bolsa, gurt ýaly eken, Aýdyşlarna görä, bir wagt Çandybil diýip ýurt bar eken. Ähli ýurtda bolşy ýaly, bar eken Çandybil hany, Ýöne nämüçindir, onuň ýaýramandyr şöhrat-şany. Belki, ýyllar ýitirendir, elbet, sebäbi bolandyr, Ýöne perzendi ýok eken. Belki, söweşde ölendir. Şonuň üçin söweşleri halamaýan eken soltan, Il gözünde şatlanyp ýa nalamaýan eken soltan. Halkyň halyndanam kän bir habar alyp ýörmez eken, Emma welin, aýny wagty, il derdinem görmez eken. Iliň derdini çekişmän, han bolarmy, heý, ýata beg, Ýöne ussady bar eken — jygaly seýis — atabeg. Hanyň ýeg görýänleri — beg. Has ýeg-de barmyş ýeglerden, Sellesi jygaly eken, hormatly özge beglerden. Tagta nesil ýetişdirýän beg. Hormatlap, söýüpdirler, Azan adyn tutmandyrlar. Jygalybeg diýipdirler. Perzentsiz han ähli derdin, belki, içine salypdyr, Başga sebäp ýok, şoň üçin, bir gün ýaňky han ölüpdir. Il nätsin, ömri dert saýan o bendäň gara bagtyna, Hatda gyz perzendem ýokmuş mündürer ýaly tagtyna. «Çandybiliň şu hanynam terbiýeläp ýetişdiren, Seýis-atabeg — Jygalybeg bar, şolam utuş bize.» diýip millet geňeşipdir hem maslahat gurupdyrlar, Ýedi ölçäp, ýeke kesip, şol pikirde durupdyrlar. Ula-kiçä ýakynmyşyn ol uşbu gylygy bilen, Özün köpe aldyranmyş paýhas-düşbüligi bilen. Bedewdir ynsan balasyn terbiýeläp bilýän ynsan, Ussatlyga gol berende — egsilmez bir dünýä, ynsan. Garaz, Jygalybeg iliň dilin tapyp bilýan eken, Il hem darygan pursady oňa sala salýan eken. Jygalybeg babatynda iliň bagty getiripdir, Şonuň üçin Jygalybeg han tagtyna göterlipdir. Han bolan Jygalybegiň barmyş üç sany perzendi, Iň ulusynyň adyna il diýer ekeni — Genjim. Ortanjynyň ady — Mömin, garry atasynyň ady, Özi bilen özümiş ol, ýok söýýän, ýigrenýän zady. Jygalybegiň iň körpe oglunyň azan ady — Beg, Tüýs adyna mynasypmyş, süňňi, zandy, bar zady beg. Kömek küýsän ejizleriň kalbynyň alaw-ody beg, Hut şonuň üçin il ony atlandyrypdyr — Adybeg. Uly ogly ýigit çykansoň, ýaşlyk ony dillendirdi, Jygalybeg uly ogluny öýlendirdi-illendirdi. Bir gylly kelle getirlip, öý-işik bolanlar bilýä, Şondan soňra kän kişiniň bar talaby — dünýä, dünýä... Genjim ýolbars, gurt bolmaýa, bolmaýa şagal ýa tilki, Harsydünýä ýigit bolup, ýygnaberýä maly-mülki. Mömin ֿ«begem» ýaşaberýä, özi bilen özi bolup, Nebis oýanyp, mülk diýmeýä, ýa bakmaýä gyza gülüp. Gylyçmydyr galkan tutup, bilegine daýanmanmyş, Bu dünýäniň hiç zadyna yhlas-höwes oýanmanmyş. Onda ile-güne meňzeş haý-höwesem görmeýär il, Gudaçylga barlanda oňa gyzam bermeýär il. Bu wakany munda goýup, başga pikre gelmeli biz, Habary kimden almaly — Adybegden almaly biz. Adybeg bir sahyphuruş, akylly hemem edermen, Il-halka peýdaly gerçek. Tüýs dowam boljak pederne. Başy dag deý belent ýigdiň kalby umman çuňlugydy, Ertirini gaýgy etmezdi, eger tapsa bu günlügni. Bir işde kynçylyk görse, eger-de Çandybil ýurdy, Kyn işi asan etmegiň başynda Adybeg durdy. Kyn güne uçran ejizler — Adybegli düýşi görýä, Şonuň üçin töweregne nöker boljak üýşüberýä. Tälim-terbiýe güýçlenip, gylyç-galkan şarka-şarka, Şeýde-şeýde nökerlerniň sany ýetýär bir gün kyrka. Adybegiň soltanlygy Kyrk ýigit Jygalybeg ogly Adybege nöker boldy, Azyp-tozup gelen ýagyň tumşugyna kakar boldy. Göwnündäki ajap günleň gelenine begendi han, Bagt bakyp, döwletiniň gülenine begendi han. «Oglum, indi garrapdyryn, senem ýigit çykyp barýaň, Tüweleme, ulus-iliň keşiginem çekip barýaň. Bu meniň hem ulus-iliň arzuwydy ahyr, diňe, Indi özüň han bol, oglum, ýurdy tabşyraýyn saňa». Il-halkyny ýygnady-da tagty geçirdi ogluna, «Bil baglaýan — diýdi — munuň, gaýrat-u-paýhas-dogmuna.» Atasynyň sözün aldy. Adybeg ýurda han boldy, Il Adybeg, Adybegem il bilen bir ten-jan boldy. Güldürjegem, galdyrjagam siz ahyryn, ilim, diýdi, Siziň bagtly günlerňizde, bolmaz meniň müýnüm diýdi. Akyl, gaýrat ýaşda däl-de boljakda başdan bolarmyş, «Dagdan arkasy bolanyň, ýüregi da:şdan bolarmyş». Ine, şeýdip, Çandybile bagtam ýylgyryp bakypdyr. Adybeg kyrk ýigdi bilen bir gün şikara çykypdyr, Emma awy oňlamandyr. Käte aw bolýa kejeňek. Ýöne garagörnüm ýerden göze ilenmiş kejebe, «Alla» diýip at goýupdyr, ganynda gurt gany bar deý, Kejebäň başyny çekýan boz atlyda ary bar deý. Aç böri deý gerçekleriň birbada görüp munçasyn, Şyrlaň boz atly gorkupmyş. Basypmyş ata gamçysyn. Özem halys ýapyrlypdyr, peýläp, belent ýeriň pesin, Kyrk ýigit eşidip galypdyr, diňe at aýagnyň sesin. Gamçy yzyna gamçy urup, elleri-de dek durmandyr, Kyrk ýigit jan etse-de ol şyrlaň atly ýetdirmändir. Ýel deý ýüwrük bedewdigin aňlapdyrlar, bilipdirler, Onsoň kyrk ýigit öwrülip, şol kejebä gelipdirler. Gelip görseler, içinde bir päkize gyz barmyşyn, Gam-gussaly, gözi ýaşly, sahypjemal uz barmyşyn. Eýesi taşlap gaçan şol gyzdan habar alypdyrlar, Şirwan şa gyzy Gülendam ekenligin bilipdirler. Reýhanarap diýlen zalym Gülendama aşykmyşyn, Öz yşky üçin kän kişiň jesedinden aşypmyşyn. Birnäçe günäsiz pahyr onuň elinden ölüpdir, Betpygyl bir nejismişin. «Aljak» diýipdir, alypdyr. «Aljak diýdimmi, almaly, diňlemän hiç kimiň ahyn,» Ata-enesini öldürip, alyp gaýdanmyşyn zalym. Reýhanarapdan şepagat ýokmuşyn ejiz adama, Hälem, Adybeg ýetipdir Gülendam gyzyň dadyna. Eýe çykyp, ykbalynyň sowgat beren bu gyzyna, Adybeg han ýol arçaýar, öýlenmek üçin özüne. Beg ýigit adyllyk bilen özün ýene beglendirýär, Gülendama nika gyýyp, Mömin «begi» öýlendirýär. Şeýdip, Jygalybegiňem ýeňleýä ýene bir derdi, Gülendamy Mömin «bege» nikalap, toý tutup berdi. At çapdyrylyp, altyn gabak atdyryldy şowhun bilen, Babyr bilekli pälwanlar göreş atdy owsun bilen. Jygalybeg — gamly göwün, göterlip, arşda gezm etdi. Mömin «begem» Gülendama öýlendi-de hezil etdi. Dowamy bar... © Aşyrmät GARLY | |
|
Всего комментариев: 9 | |
| |