14:50 Ejem üçin bogdum goşgudan çemen | |
![]() “Ejem üçin bogdum goşgudan çemen” I Dertleriň ulusyn goý ertire-de, Goý ýüregiň aram tapsyn birsalym. Eje, össem-de men ulalmak nirde?! Bilýäň, balaň kiçikä-de bir “alym” Ulaldym göwnüm meň henizem çaga, Belkem, öz-özümi oňararyn men. Şeyle görünýärdi ümmülmez baga, Şol bagdan bogýaryn ejeme çemen. Ýaňy “eje” diýen ýaly bäbegiň, Indi kesip bilýän men öz göbegim. II Indi kesip bilýän men öz göbegim. Ejem, iki elim bolduň elmydam. Gözlerim açylyp durmuşa sary, Ýanymda bolupdyň basamda gadam Höwürtgeden uçdy bilbiljagazlaň Belki özlerine dür tapynandyr... ...Gül ysy deý atyr saçýar ýatlamda Seni uzaklardan tanaýan tamdyr. Otyryn uzakdan saňa serede A sen bolsa oturansyň “Nirede...” III “Sen bolsa şol oturansyň nirede? Ýaňy aýak bitip bolupdy yörjen “Käte gelip gitse, em bolar derde…”, Gözleňden syzylýar ýalpyldap merjen. Her kakylan gapa umytly garap, Perdeleri syryp bakaňda daşa, Görmek isleýänsiň ýüregňi sarap, Ýaýnap ýören çagaň dönenin ýaşa. “Indi ösendir-le, degendir degim, Nämeler edýärkä meniň bäbegim?!” IV “Nämeler edýärkä meniň bäbegim?!” Bu ses ejeleriň kalbynyň sesi. Olar ýüzden aňýar balaň ýüregin, Emler dowam edýär ýene ertesi Dertsiz bolarmy heý çagaly ene? Emma çagaňky deý päkdir ýüregi. Her zady berer ol ak bäbegine Bala enäň, ene balaň diregi. Göwünde galsa-da geçenden arman, Günler derýa kimin akyp dur durman. V Günler derýa kimin akyp dur durman, Emedekläp başlan ak çaga deýin. Göýä ene üçin çykarlan perman: “Men balamy goyup nirä gideýin!” Gün ýagtylýar, göwün ýene-de diri Ene her demini biz üçin alýar. Her alýan demiňi meň ýaly biri, Baryny bir günde ödäýjek bolýar. Ene ýylgyrşyny edende taýýar, Äkidip durmuşyň deňzine guyýar. VI Äkidip durmuşyň deňzine guyýar, Öz jiger bendiniň süýji jepasyn. Mahal-mahal balaň oynuna uyýar, Görmek üçin belki ogul wepasyn. Şonda meniň dilime-de düşündiň Näme isleýänim bilmedik wagtym. Nazar salanymda saňa umytly, Bolduň eje saýa salýan daragtym. Üýşürse-de oňa dertlerden harman, Bala durup bilýär boýnuny burman. VII Bala durup bilýär boýnuny burman, Diýip bilmän, laýyk dürdäne sözi. Oňa derek ene ýetirýär derman, Olaryň melhemi ýylgyrýan gözi. Pamyk deý elleriň elände uny, Gör nämeler pikir edýärdiň çuňňur. Synla, eje, şonda unyň bolşuny Olar dideleňden alyp durlar nur. Ökünçli balalar, bagryny gyýýar, Ene ötünjiňi ýüzüňden duýýar. VIII Ene ötünjiňi ýüzüňden duýýar, Aňýar her deminden balaň gussasyn. Hijran hanjaryny dürtüp böwrüne, Diňe özi üçin ýazýar kyssasyn. Günler ýagyş boldy, ýyllar hem bulut, Ýöne gözleň asla bulut bolmasyn! Eger ýagdyraýsa tutmagy unut Gün ýagşyndan sabyr käsäň dolmasyn! Bir aýagym mydam ýanyňda ene, Durmuş öwrülüp dur öwrüler ýene. IX Durmuş öwrülüp dur öwrüler ýene, Eneleň söýgüsi artar-da artar. Her kimiň ejesi täkdir özüne, Küýsegler düzülýär hatar-da hatar. Aýlaryň tesbi deý düzüp bir ýüpe, Sanap gaýta-gaýta ýyllar geçirdiň. Indi yza dolanmajak ol günleň, Öz wagtynda şerbetini içirdiň. Sabyr ýorganyna gaýym bürene Durmuşy bagrynda eredýär ene. X Durmuşy bagrynda eredýär ene, Enem güneşden öň oýandy eyýäm. Mahriňe suwsaýan gujak ger ýene Seň bilen gülleýär meň gamly dünýäm. Seni razy etmek çetinden çetin, Eklemänem bilip boljak gadyryň. Enäniň söýgüsi kalpda ahwetin Gitmez hakydamdan nurly suduryň. Çagaň sallançagyn rahat üwre-de, Dertleriň ulusyn goý ertire-de! Jemleýji kelam Dertleriň ulusyn goý ertire-de, Indi kesip bilýän men öz göbegim. A sen bolsa oturansyň: “Nirede, nämeler edýärkä meniň bäbegim?!” Günler derýa kimin akyp dur durman, Äkidip durmuşyň deňzine guyýar. Bala durup bilýär boynuny burman, Ene ötünjiňi ýüzüňden duyýar. Durmuş öwrülüp dur, öwrüler ýene. Durmuşy bagrynda eredýär ene. 01.2010 Goýberilmedik hat Ejem saňa gizlin-gizlin hat ýazýan, Ýöne hatym saňa gowuşman galar... Seni ýatlan çagym her gije-gündiz Tukat gözlerime birden ýaş dolar. Men hat bilen gül goýberjek bolamok, Güle hat goýberjek bolýan aslynda. Ol jennet güli däl, ol ondan eziz, Çünki jennet aýagynyň astynda. Hemmeler diýýärler ene mähriban, Emma men olara goşulmaýaryn. Bir sözde kesgitläp bolmaz enäni, Müň sözde-de ony başarmaýaryn. Biz bilen agladyň, güldüň biz bilen, Hemme şaýat sabyr käsäň dolmady. Kalbyňy parçalap bize paýladyň, Şeýdip saňa ýüregiň hem galmady. Ejem saňa seni söýýän diýmedim, Diýmedim söýsem-de men seni çensiz Çensiz dilegleňde ýaşaýaryn men, Men seňki bolsam-da ýene-de sensiz. Bu aýralyk däldir, bu hasrat hem däl, Artmagydyr saňa bolan söýgümiň. Eje, hatym saňa gowuşmaz ahmal, Kemelmegin islemeýän duýgumyň. 2008 © Seýran OTUZOW | |
|
Всего комментариев: 1 | |
| |