MENU

10:56
Iblis

IBLIS

Öwünýän, öwünýäs
O gün ýas, sögünýän
Garaşýar öwlüýä
Barymyz gömülýäs

Barymyz ölýäs, ölýäs
Ýanýas sönýäs
Soňumyz görünýär
Soňumyz gowy däl

Öwünýän, ökünýän
Öwünýän, sögünýän
Gurulman döwülýäs
Ýalňyşyp öwrenýäs

Pany bu dünýä, dünýä
Gülläp solýas
Üstümden gülýär
Ýadadym gürläp

Akyl satma körpe, ýok töleýänler
"Mugallymy" boldum wagtynda
Şu wagtky "bilýänleň"
Dogrymy aýtsam ýalňyşdym birje sapar
Olam tötänleýin
Olam ýörite: "Ýalňyşman dünýeden ötäýmäýin" diýip
Gömüleňde, atsyz gidäýmegin ýigit!
Dakaweri hemişe gymmatja äýnegiňi
(Näme üçin?)
Diýsinler: "Bu oglan betdi"
Diýsinler: "Edenini etdi"
Ýorgany özüňe çekde, hiçkimiň gepini çekme!
Seň ýeke arzuwyň şol dälmidi näme?
Ýykyp ýumur hemme zady
Goý tanasyn bilmeýänem
Bolanok diýseler: "Boljak"
Geýeňde geýmeli Paul Shark
Özüňe diýdirme gowşak
Deňizde ýansaň, ýakmaza dowzah?

Öwünýän, öwünýäs
O gün ýas, sögünýän
Garaşýar öwlüýä
Barymyz gömülýäs

Barymyz ölýäs, ölýäs
Ýanýas sönýäs
Soňumyz görünýär
Soňumyz gowy däl

Öwünýän, ökünýän
Öwünýän, sögünýän
Gurulman döwülýäs
Ýalňyşyp öwrenýäs

Pany bu dünýä, dünýä
Gülläp solýas
Üstümden gülýär
Ýadadym gürläp

Ýaşamaga öýüm bar, "Ýene ikisini al
Maşynam soňky bolaýmaly, onda ikisi bar
Sen uly adama agamjan, bularyňam içi dar
"Uly adam bolarsyň" diýen kändirle kiçikäň?"
Yeah Yeah
Bolmak gerek däl dile eýe
Pul ýasamaşak - "Döwür şeýle"
Kim çalasyn, kim çeýe?
Kimiň dişi ýok, şony çeýne
Kelle boş bar zat kellä geýilen
Soňkyňy jemle
Yzyňdan gelmänkä "Eýe"
Yzyňdan gelmänkä seýil et!

Seň ýeke arzuwyň şol dälmidi näme?
Eliňde zat galmady indi, seni ýok indeýänem
Gelýärmi seň bilen goşlaň?
Arzyňy aýt içiň boşat
Durmuşyňy ýakdyň ola düşnükli
Indi, ýakýarmy dowzah?

Öwünýän, öwünýäs
O gün ýas, sögünýän
Garaşýar öwlüýä
Barymyz gömülýäs

Barymyz ölýäs, ölýäs
Ýanýas sönýäs
Soňumyz görünýär
Soňumyz gowy däl

Öwünýän, ökünýän
Öwünýän, sögünýän
Gurulman döwülýäs
Ýalňyşyp öwrenýäs

Pany bu dünýä, dünýä
Gülläp solýas
Üstümden gülýär
Ýadadym gürläp

© Däli Däde

Çeşme: Däli Däde
Категория: Aýdym-saz sungaty | Просмотров: 71 | Добавил: Мango | Теги: Däli Däde | Рейтинг: 4.0/1
Всего комментариев: 2
avatar
0
1 Мango • 10:59, 09.04.2025
türkmen repi bilenem tanyş boluş gerek.
diňlärligi bar şu Däli Dädäni.
avatar
0
2 Nurdаn • 10:43, 11.04.2025
Jübi doly, kelle boş diyyaremmi Dali Dade,.
Gowy!

"Olam ýörite: "Ýalňyşman dünýeden ötäýmäýin" diýip"
avatar

uCoz