MENU

02:10
10 belgili gök depder

10 BELGILI GÖK DEPDER

Bir çypar adam bardy, onuň ne gözi ne-de gulagy bardy. Onuň saçy hem ýokdy, çypar diýibem şeýlekin diýäýýädiler. Gepläbem bilenokdy, sebäbi onuň agzy ýokdy. Onuň burnam ýokdy. Hat-da onuň eli-aýagam ýokdy. Garnam ýokdy, arkasam ýokdy, oňurgasam ýokdy, onuň hiç hili iç-goşam ýokdy. Hiç zady ýokdy! Şonuň üçin, gürrüňiň kim hakdadygam düşnüksiz. Gowusy, biz gaýdyp onuň gürrüňini etmäliň.

© Daniil HARMS

Terjime: © MANGO


Daniil HARMS kim?

Daniil Iwanowiç Harms (çyn familiýasy Ýuwaçýow) 1905-nji ýylda Sankt-Peterburgda dogulýar. Ol rus we sowet ýazyjysy, şahyr we dramaturg. 1941-nji ýylyň awgustynda tussag edilip repressirlenýär. 1942-nji ýylyň fewralynda 36 ýaşynda Leningradda türme hassahanasynda ýogalýar. 1960-njy ýylda reabilitirlenýär (aklanýar).
Onuň ýazyjylyk ugurlary: modernizm, zaum, manysyzlyk, alogizm, grotesk, gara ýumor, absurd.
Goşgy, proza, drama, traktat eserleri bar. Eserlerini rusça ýazypdyr.
Категория: Terjime eserler | Просмотров: 181 | Добавил: Мango | Теги: Daniil Harms | Рейтинг: 4.2/4
Всего комментариев: 9
avatar
1
1 Мango • 03:59, 11.01.2023
Голубая тетрадь № 10
Был один рыжий человек, у которого не было глаз и ушей. У него не было и волос, так что рыжим его называли условно. Говорить он не мог, так как у него не было рта. Носа тоже у него не было. У него не было даже рук и ног. И живота у него не было, и спины у него не было, и хребта у него не было, и никаких внутренностей у него не было. Ничего не было! Так что не понятно, о ком идет речь. Уж лучше мы о нем не будем больше говорить.

Даниил Хармс
avatar
0
2 Kyyas • 10:39, 11.01.2023
Gybat edýänlere degişli hekaýa.:))
avatar
0
3 Мango • 12:31, 11.01.2023
ýok zadyň gürrüňini etjek bolup dur-aý Daniil kaka...
avatar
0
4 Medicall • 13:52, 11.01.2023
Suratdaky Daniil kakañ özümi?!
avatar
0
5 Мango • 15:51, 11.01.2023
hawa. ikisem özi. birhili gözleri ýiti eken...
avatar
0
6 Bagabat • 16:04, 11.01.2023
Tebigy ýitilikden däl-laý. Şo döwrüň fotografiýa senedinde ulanylan magniý ýalpyldysy ýakyndan göze düşende, suratlarda şuň ýaly "paranoik göz effekti" emele gelýär. Üns berseňiz Maýakowskiýniňem, aktrisa Wera Holodnaýaňam, ýazyjy Bulgakowyňam başga-da birtopar şo döwürleň adamlarynyň fotografiýalarynda şunuň ýaly içiňden geçip gelýän näsag lowurdyly garaýyş bardyr. Bu birinjiden.
Ikinjidenem şo döwürler morfiý derman serişdesi hökmünde dermanhanalarda satylypdyr. Bahasam belli bir derejede elýeterli. M.Bulgakowyň ýaş oba lukmany hakyndaky eserini okasaňyz we şo boýunça düşürilen kinofilmi görseňiz şo döwürdäki bu ýagdaý hasam düşnükli bolar. Munuň bilen aýtjak bolýanym, uzak wagtlap agyr neşe serişdeleri ulanylanda adamyň gözünde şonuň ýaly keselbent ýitilik emele gelýär.
Balabanowyň düşüren filminiň we Bulgakowyň hekaýasynyň ady "Morfiý".
avatar
0
7 Medicall • 16:34, 19.06.2024
Şahyr Oguljemal Çaryýewa:

Bu çypar adamy okap otyrkam:,,Türmedäki adam öydýan" diýdim. Soñ awtoryñ terjimehalyny okap, şeýledigine göz ýetirdim. Ol şol döwrüñ pidalarynyñ biri eken. Çypar adam şol döwürdäki ýagdaýlaryñ keşbi bolup ör-boýuna galýar. Taryhda şeýle ,,çyparlar" milionlarça bolandygyny adamzat hakydada saklaýar. О.Ç.
avatar
0
8 Мango • 14:30, 20.06.2024
7-ä. Oguljemal genjä salam bolsun we onuň saýty okaýanyna begendim. Harms daýydan başga-da terjime bardyr, okasalar...
minnetdar.
avatar
0
9 Medicall • 00:26, 22.06.2024
Şahyr Oguljemal Çaryýewadan teswir 8-e:

Özüne-de köp Salam!
Nesip bolsa, okaryn! Adaty däl zatlary okamagy gowy görýän. Alla ýalkasyn ýetirenine!
avatar

uCoz