MENU

10:26
Bu şäherde
Bu şäherde üýtgeşik bir bagt bar,
Penjiresi yşyk saçýar her öýüň.
…Halys öwrenşemok men beýle bagta,
Meni şu şäherden çykaryp kowuň.

Köçelerde gatnaw-gatnaw adamlar,
Nirden gelýär,
Nira barýar –
Bilen ýok.
Menem biri taşlap gitdi şu ýere,
Kimdigini, nirdeligni bilemok.

Sowuldy jebirli günleriň ýasy,
Gopup gitdi ýaralaryň kesmegi.
Tenha köçeleriň diwarlaryna
Siňipdir sergezdan itleň sesleri.

Sany-sajagy ýok jogapsyz jaňlaň,
Islemeýän ýakyn dostdan haraýam
(Meni çyn ýürekden söýen adamlar,
Siziň ähliňizden ötünç soraýan).

Birmeňzeş günleriň sagady durdy,
Ähli otaglardan öz sesim gelýär.
Ýüregimde bir hassalyk bar, dogan:
Kimi söýsem, şondan gidesim gelýär.

© Begençgeldi ORAZOW

Çeşme:biz.islenen.ru
Просмотров: 138 | Добавил: Aksary | Теги: Begençgeldi Orazow | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Pero • 13:54, 17.12.2023
Ýüregimde bir hassalyk bar, dogan:
Kimi söýsem, şondan gidesim gelýär." Bee,buýa gorkunç hassalyk eken. Ýa-da şo wagta çenli çyn söýgüsine sataşmansoñ şeýle bolaýdymyka?!
avatar
0
2 Medicall • 13:58, 17.12.2023
şeýledir aýaldogan, kimi "söýsem(ler)" bolmany diňe gyzyklanma bar bolaýmasa, hakykysy gidesini getirmeýänçi(miş) söýgiň:))
avatar
0
3 Pero • 14:08, 17.12.2023
Hawa-la çynyna bir sataşsyn bakaly,asla gidesi geläýmez. :))
avatar

uCoz