MENU

17:30
Mes gelin
MES GELIN

Ilki ärin aýlap urdy başyndan,
Aýlap urdy maşgalasyn, mesgenin.
— Men şahyr bolmaly!
Ajaýyp şahyr!
Aýgytly karara geldi mes gelin!

Aýlap urdy şerim bilen haýany,
Aýlap urdy namys bile messebin.
Tammanyndan tug edinip,
paýtagta,
Poeziýa ýöriş kyldy mes gelin!

A poeziýa pukaraja metjitdi,
Ýaşaýardy hikmetinden Allanyň.
...Metjide girilýär köwşüň çykaryp,
Keýgim, alyp geleweri tammanyň!..
Категория: Goşgular | Просмотров: 97 | Добавил: Bagabat | Теги: Nobatguly Rejepow | Рейтинг: 5.0/4
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 Bagabat • 17:33, 17.02.2023
Surat azerbeýjan nakgaşy Intigam Akperowyňky.
avatar
1
2 Мango • 19:28, 17.02.2023
- Bu goşgynyň ýazylmagyna birileri sebäp bolandyr.
- Hökmanmy şony bilmek?
- Ýok, hökman däl.
avatar
1
3 Мango • 19:35, 17.02.2023
Surat barada:
Biriniň-ä kellesi kesilipdir - aşakda sag burçda.
O kesilen kelle podnosda - ýokarky sag burçda.
Aýalyň boýnuna düzülen monjuklarynyň üçüsem ony bogýan ýaly, özlerem soňsuzlyk simwolynyň (8) şeklinde - üçüsem.
avatar

uCoz