MENU

19:16
Arkadagyň şäheri

ARKADAGYŇ ŞÄHERI

Bu şäher şeýle bir şäher bor, onda
guşlar nagma kakar, mydam ýaz bolar.
Ýürekden syzdyryp kän söz aýdarsyň,
Tarypyna şol sözleňem az bolar,
Ýöne olar aýdym bolar, saz bolar.

Bu şäher şeýle bir şäher bor, onda
ömrüň gülläp, göwnüň mydam baý bolar.
Tylla başyň Arş-u-münbere ýeter,
Asmanynda guşlar uçar, Aý bolar,
Ol iň gözel şäherlere taý bolar.

Bu şäher şeýle bir şäher bor, onda
Toprak gülläp, gyzyl güller çog bolar.
Edil guşlar deýin, göwünem uçar,
Ol göwün diýýänim juda çag bolar,
Degresinde hatar-hatar bag bolar.
Arkasynda belent Köpetdag bolar.

Bu şäher şeýle bir şäher bor, onda
Şeýle bir şatlyk kän, gussa ýok bolar.
Edil ak binalar, ak garlar ýaly,
Adamlaryň ýüreklerem ak bolar,
Göterýäni üçin Arkadag adyn,
Ol şäher dünýäde ýeke-täk bolar.

© Ogultäç ORAZTAGANOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 125 | Добавил: Medicall | Теги: Ogultäç Oraztaganowa | Рейтинг: 2.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 BayramberdiGeldimyradov • 21:07, 20.03.2023
Ýalñysmasam suratdaky säher Asgabat citiniñ taslamasynyñ sekili bolmaly
avatar
0
2 Medicall • 21:17, 20.03.2023
birinji goýan suratymam gool daýy Arkadag şäheri diýip berip dur.
avatar
0
3 BayramberdiGeldimyradov • 21:18, 20.03.2023
Ynha, bu surat welin, hakyky ajaýyp Arkadag saherimiz. Biz-ýerli ýasaýjylaryñ merkezi paýtagty
avatar

uCoz