MENU

14:43
Saña duşurmady magistrallar...
Saña duşurmady magistrallar,
Nirde jelegaýyñ, bilmen haýsy künç?
Sadygyñ men, sadygyñdan al habar,
Ýogsa ýoýup dynjak gussa hem ökünç.

Öýlänler ölüksi agşamlar tukat,
Gijeler bigamsyz,sagat sarsanok!
Men seni gözlärin al asmandanam,
Bilýäñ,diri jana ýog-a arşa ýol.

Ýañkydüýp agaçlar bürendi güle,
Ýañkydüýp agaçlar sargardy birçak.
Birgün geleriñe berseñ täk umyt,
Bäbeneklerimden akdyryp abym,
Seniñ geleriñe garaşyp durjak.

Baýgeldi BAÝGELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 111 | Добавил: Aksary | Теги: Baýgeldi Baýgeldiýew | Рейтинг: 4.0/3
Всего комментариев: 7
avatar
2
1 Medicall • 14:54, 08.04.2023
Sadygyñ men, sadygyñdan al habar

Şu setirde sadyk sözi iki gaýtalanmasy gelişmedik ýalymy?! Ikinji sadygy başgarak sözde alynsa gou boljak ýaly.

Ölüksi - ölügsi diýiljek boldumyka öçüksi?! Haýsy bolanda-da bir harp üýtgemelimika diýýän.
avatar
2
2 Medicall • 14:57, 08.04.2023
*Ýañkydüýp täze sözmi bu söz, şiwe dilimi ýa-da. Añrybaś gowa gelşip durmadyk ýaly, agyrrak okalýarmy nämemi. Diñe maña şeýle bolmagam ahmal.
avatar
2
3 Medicall • 14:59, 08.04.2023
"Bigamsyz"? Şu sözde öñden gelýän bi soñky siz goşulmany añladýar, onsoñ ol bigamsyz näme sözdigi düşüniksiz bolup dur. Gijeler bigam, gamsyz diýiljek bolundymyka?!

Erbet dãlje, gowyja goşgy! Üstünlikler!
avatar
3
4 Мango • 15:07, 08.04.2023
aglak goşgulary halap bilemok.

Birgün geleriñe berseñ täk umyt,
Bäbeneklerimden akdyryp abym,
Seniñ geleriñe garaşyp durjak.

geljegiňe umyt berseňem bolýar, men bäbenegimden ýaş akdyryp (aglak diýýän-ä goşga) ýaş akdyryp garaşyp durjak.

aglaklygyň üstüne-de passiw aglak...
aglamakdan başga zat elinden gelmeýän ýaly.
avatar
3
5 Мango • 15:09, 08.04.2023
"bigamsyz" barada.
bitarap diýmegiň ýerine bitarapsyz diýen ýalymy? :-)
avatar
2
6 Medicall • 15:12, 08.04.2023
((:
avatar
2
7 Kyyas • 08:39, 09.04.2023
Erbet däl tüweleme! Bigamsyz-gamly,
avatar

uCoz