MENU

20:35
Yşkyñ yhsany
YŞKYÑ YHSANY

Meň janymyň jany iki, biri-sen,
Beren bagtyň iki dünýäme ýeter.
Sen dünýäde maňlaýymdan dirediň,
Söýdüm men ruhyňy teniňden beter.

Men gapjyksyz galstukly galandar,
Müýnli men, Röwşeniň sygryn iýen deý.
Göz öňümde boş durmasyn galamdan,
Aýna bulgur boş durmasyn, guý-eý meý!

Owurtlaýyn, ogurlaýyn hoşuňdan,
Ýyly hem öl posaň dady bikenar.
Aşyk aklym uçup hüýli başymdan,
Ahmal, bolup ýörendirin bikemal.

Güldir öýdüp, oda-köze örtenip,
Kebelekdir, çökmesin her teneçir.
Sypap, sermäp, guçup gezjek el tenip,
Ýyllar ýygryp, çekmesin ter ten ejir.

Goýalansoň söýgi ötýär ekeni,
Ilik ýaly derman-melhem atardan.
Goý, ol onsoň yşka aýak sekeni,
Gije örtemesin, kem-kem atar daň.

Bedenmiziň tarypyny goýaly,
Söýgi görk-görmegi däldir her mesiň.
Teni däl-de, ruhumyzy söýeli,
Hiç zat söýgimize päsgel bermesin!

Seýitmyrat GELDIÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 127 | Добавил: Aksary | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 3
avatar
0
1 lirika • 22:05, 25.04.2023
Bäh, tüweleme.
avatar
0
2 lirika • 22:55, 25.04.2023
Gönimden gelsem, birmahal Seýitmyrat Geldiýewiñ 160-dan gowrak gosgularyny ýat tutupdym. Ýat tutanyña degýän setirleri bar...
avatar
0
3 Pero • 10:12, 26.04.2023
Seýitmyrat bu goşgusynda ruhuñy söýdüm diýipdir-de,tenden dolduraýypdyrda
avatar

uCoz