MENU

22:07
Galam

GALAM

Kim oýlap tapanam bolsa,
Iň ilkinji gezek seni.
Bilýärmikän, bilýärmikän,
Dürli reňkde boljagyňy.
Hemem has kämilleşjegiň...

Başda-başda harpy harpa,
Birikdiren bolaňda-da.
Başda-başda kalby-kalba
Höwrükdiren bolaňda-da...
Bu zatlar geçmişde galdy.
Galdy seniň gök syýaňda
Ýazylan ähli kitaplar,
Şygyrlar,
Şygarlar...

Dil dymyp, ýazan sen ahyr,
Söz dömüp, çogan sen ahyr,
Şahyryň şygryn kagyza,
Sazandaň notasyn kagyza,
Pýesaň sözün kagyza,
Geçiren sen,
Göçüren sen...

Indi bu gün, näme dymýaň,
Çykdy diýip ruçka bary,
Çykdy diýip kompýuter,
Çykdy diýip klawiatura.

Hawa, bu şeýle-le welin,
Bar zat çalt özgerýär welin,
Ýitäýýä-dä tehnologiýa,
Gidäýýä-dä tehnika-da...

Ýöne, ine, sen ýazaýsaň,
Sen çyzaýsaň,
Sen syzaýsaň...
Ne gider,
Ne ýiter,
Ne biter...

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Категория: Goşgular | Просмотров: 159 | Добавил: Saryýew | Теги: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 4.7/3
Всего комментариев: 8
avatar
0
1 Mergenowna • 09:03, 08.05.2023
Galamyñ ýazanyn pozmak añsat, ruçka bn ýazylan pozulmaýar dälmi?!
avatar
0
2 Mergenowna • 09:04, 08.05.2023
Syýa suratdaky galam däldira???
avatar
0
3 Mergenowna • 09:10, 08.05.2023
Jemlemede aýdasy gelen pikirini açyk aýdyp bilmändir Saryýew!!! Jemleme gowuşgynsyz, ysgynsyz.
Täzelik etjek bolşuny halaýan welin,
Bir zatlar ýetenok ýalak, ýazanlammy göwnüñe alman üstünde işleseñ gowy şahyr çykar Saryýewden
avatar
0
4 Saryýew • 11:54, 08.05.2023
Salam. Kyn görmän bellik edip, öz pikiriňizi gysganmaýandygyňyz üçin örän hoşaldyryn! Ýazan goşgym birje adamy seslendirip bilse, bu ýagdaý özüm-dä oňat duýgy döredýär.
avatar
0
5 Saryýew • 11:55, 08.05.2023
Gizlin bolmasa siziň kimdigiňizi bilip bolarmy?!
avatar
0
6 @Baýram_Bejidow • 12:36, 08.05.2023
Goşgy ,,Galam" hakynda gidýär dogrydälmi? Galam haýsy döwürde gök syýa bilen ýazdyka? Bilesim geldi Saryýew!
avatar
0
7 Мango • 13:01, 08.05.2023
pikirimçe üýtgeşik bir goşgy däl.
awtoryň bu ýerdäki "galam" diýýäni syýa batyrylyp ýazgy ýazmak üçin ujy ýiteldilen gamyşa diýýän bolmaly (Baýram kakaň soragyna jogap).
ýöne, "Kim oýlap tapanam bolsa ...bilýärmikän, Dürli reňkde boljagyňy" diýmesinden çen tutsaň içi grafitli, reňkli grafitli häzirki zaman galamyna diýýän ýalam...
bilmedik-dä.

"Çykdy diýip kompýuter, Çykdy diýip klawiatura" diýende-de bir hili... komp bilen klaiýe ikisi bir topluma degişli... diýjegim "çykdy klawiatura" geň eşdilýär.
avatar
0
8 Aygul • 13:48, 08.05.2023
Bu goşgy Gurbanmyradyň Galam hakda ýazjak gowy goşgusynyň signaly...
avatar

uCoz