MENU

01:25
Ýaz saña
ÝAZ SAŇA

Jennete düşdüm-de,
Uçdum ýaşyl barlyga,
Iň hoşwagt günlermiň
Birin-birin adyn ýazdym
Ýaşyl gülli ýaglyga,
Ylgap özüm oklamyşam
Äpet ýaşyl ýazlaga,
Dogduk depäm,
Sowgat etjek
Milliard desse ýaz saňa!

Otlaryňdan-çöpleriňden
Ysy gelýär uçmahyň,
Ellermi ganat eýlediň
Uçjak diýip uçmadym,
Topragyňa bagrym berip,
Asmanyň gulaçladym,
Dogduk obam,
Sowgat berjek
Million torba ýaz saňa!

Seň demiňden ganan şatut
Saýa gerdi jöwzada,
Täjirleri utmuşamdyr
Senli uly söwdada,
Jan bermeklik ýegdir sende
Nesiplä ýa begzada,
Dogduk sähram,
Sowgat etjek
Bir müň gujak ýaz saňa!

Saçlarymy çözlänimde
Çözlenipdi duýgulam,
Howaň gaýtadan jan berdi,
Ýogsa ýüz ýyl köýdümem,
Meý-mest bolup,
Serden aşyp
Saňa bolan söýgüden,
Dogduk ýaýlam,
Az göräýme,
Sowgat berjek
Bir pyýala ýaz saňa!

© Suraý BABANYÝAZOWA
Категория: Goşgular | Просмотров: 95 | Добавил: Medicall | Теги: Suraý Babanyýazowa | Рейтинг: 5.0/3
Всего комментариев: 0
avatar

uCoz